Süleýman Pygamberiň dawa çözüşi

Iki aýal bir çaganyň üstünde
dawalaşyp,barýar şanyň arzyna.
Pygamber hem haýal etmän,dessine
çykanmyşyn dergähiniň agzyna.

Soranmyşyn: - Ýeri,näme dawaňyz,
Jedeliňiz näme?Aýdyň siz derrew...
Bir aýal ýüzüne bakyp çaganyň,
Diýýär: - Men dogurdym,hiç kime bermen...

Soň beýleki aýal sözleýär assa:
- Bu çagajyk meniň eziz balamdyr.
Ol menden aýrylyp,başga ýurt tutsa,
dünýäni göçürjek ahy-nalamdyr...

Şeýdip,iki aýal deň dawagärmiş.
Süleýman Pygamber ähli dawany
Örän adyl,örän dogry çözýärmiş.
Ýeri,kime bermeli bu balany?

Pygamber oýlanyp durýar ep-esli,
Iki aýalyň haýsy hakyky ene?
Soňra bolsa çykarmazdan sesini
Öz almaz gylyjyn alýar ol ele.

Diýýär: - Häzir ikä böljek çagany,
Her haýsyňa onuň deň ýary ýeter. -
Hem gülüp,hem aglap birinji aýal,
Öz-özi hoş bolup,ýylgyrýar ýeser.

Başyn aşak salyp,ikinji aýal,
Diýýär: - Şahym,öldürmäň siz çagany.
Ony siz dawagär aýala beriň,
Menem göge götermäýin nalamy.

Çagam diri galsa,şol hem bes maňa,
Kimde bolsa bolsun,ýöne ölmesin.
Goý,ulalsyn özgäň öýünde,belki,
Ýigit çykyp,tanar garyp enesin...

Şonda göz ýetirýär adyl şa olaň
Haýsynyň çagany dograndygna.
Bu waka bolupdyr on müň ýyl ozal,
Çyn ene gowşupdyr oglanjygyna.

Atamyrat Atabaýew
3 лайков 283 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Senyorita
Автор 02 май 2022, 10:51
Öň "Miras"-dan Pygamberli kinolar köp berýädi.Şol wagty kiçi bolanym üçin adyny bilsemem olary tanamaýadym. Ýöne gaty gowy görüp görýädim kinolaryny.
Beýleki türkmen kanallaryndanam multfilmleri berýädi.
Näme üçin häzir olary görkezmeýälerkä?!
Hiayress
02 май 2022, 11:34
Ýalňyşmasam: ene süýdi diňe çaga doguran zenanda bolýar. Çaganyň enesiniň kimligini çözmegiň has effektiwni ýoly çagany emdirip görmek bolmazmy?!))
Senyorita
Автор 02 май 2022, 11:51
Belki,beýleki aýal çagasy bolup, ýogalansoň biriniň çagasyny almak isländir...bilmedim...
Süleýman Pygamber has anyk hereket edipdir,meň pikrimçe.Hakyky ene çagasynyň öldürilmegine gürlemän seredip durup bilmezdi.
Hiayress
02 май 2022, 12:22
Hiç bir ene gözüniň öňünde çaganyň öldürilmegine göz ýumup bilmez.
Senyorita
Автор 02 май 2022, 13:13
Kinolardaky ýaly "doňýürekler" edip biler...Kellesi ýerinde däller.
Dowsypat
02 май 2022, 14:09
Bu hekayatynam yalnyshmasam birnace wariyantlary bolmaly.
Senyorita
Автор 02 май 2022, 14:11
Dowsypat.,
Kinosynda-ha waka şeýleräkdi. Galanyny bilmedim.
Dowsypat
02 май 2022, 14:16
Şahruhanyň 2 meňzeş bolup oýnaýan kinosy bolmaly.Biri erbet biri gowy.Şonda ejesi elinden çekdirýän sahnasy bolmaly.Hakyky ogly ejesine ýüregi awap,onun elinden gaty çekip bilmän göýberýär.
Dowsypat
02 май 2022, 14:17
Buda şoňa meňzeş ýagdaý.
Гость
02 май 2022, 14:38
Hersine ýaryny beräýmeli eken. Beýleki görgüli närza bolandyr
Senyorita
Автор 02 май 2022, 17:38
Гость,
Siz şeýle ederdiňizmi?