Aýal diýilýän zat...

Aýal diýilýän zat – dünýäň diregi. 
Aýal diýilýän zat – ömrüň şahyry. 
Şondan ozal ýokmuş Ýeriň ýüregi, 
Ol – dünýäň ozaly 
Hem-de ahyry. 

Aýal diýilýän zat – howanyň bugy. 
Ýagyş diýilýän zat ýagmandyr bugsuz 
Aýal diýilýän zat – gözleriň ýagy, 
Göreç diýilýän zat 
Görmezmiş ýagsyz. 

Aýal diýilýän zat – Ýerdäki taňry. 
«Aňry otur!» diýip aýdylmaz taňra 
Aýal diýilýän zat – bir ene gumry, 
Ýanyndan ýer bermez 
Üçünji gumra. 

Aýal diýilýän zat – seniň kemalyň, 
Aýala görädir erkegiň reňki. 
Aýal diýilýän zat – Seniň Aýalyň, 
Ol diňe seňki! 
Ol diňe seňki! 

Aýal diýilýän zat – owadan ene. 
Döreder bagrynyň görküne görä. 
Gyzyny meňzeder öz enesine. 
Ogluny döreder 
Erkege görä. 

Aýal diýilýän zat – şu günki gyzlar. 
Ertirki eneler. Ýylgyrjak dişler. 
Ýylgyrmajak dişler «Jäk-jäkli» bazar. 

Aýal diýilýän zat – meň-de ykbalym. 
Ol – çüýrän toraňňym. Ilkinji söýgim, 
Aýal diýilýän zat – enem, aýalym: 
Agym, gülkim, ünjim, 
Ömürlik bergim...


Kerim Gurbannepesow
5 лайков 159 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
aika
12 янв 2022, 22:25
brawo .... Like.
Liwerpul_fc
12 янв 2022, 22:28
Kerim aga ýa jalaý bolan ýa-da aýalyndan gaty gorkýan eken hihi
Liwerpul_fc
12 янв 2022, 22:37
Bagul_Atayeva,
Gorkýan bolaýmasa ). Munça'da bir sylaşyk bormy.
Leyli Amanowa
12 янв 2022, 22:42
Yerdäki Taňry diyipdir göräydä
EYPIO
13 янв 2022, 03:06
Ka wagty gyzdan gowy zat ýok alkash
Ka wagty beýnä düşen gurt yaly gaharly