Şahruhan, menem bir diňle onda...
Hemmä salam we hemişekiler ýaly göni blog. Sen aşakda bir ýerde Sahydursyn Garajayewa Maysa Myradowa yaly kone halk aydymlary aydyan aydymchylaryn aydymlary bar. men rep diyilyan zat dinlemeyan. ne onda many bar nede mazmun diýip belläp geçipsiň. Aslynda rep hem öz başyna bir sungat, öz başyna bir akym. Seň many ýok diýýän repleriňden 3 keleme aýdar boldum diňleseň:)
Başladyk onda:
1. La blaze.
Bilseňiz bu repçiler bir zat aýtmak isleýär,
Kimler baýamak däl, çörek üçin işleýär.
Kimler teňňejigini million etmek isleýär,
Men hemme ýere giderin, ýöne gepe gitmeýän!
Ömrüňe badak berer, adamyň zaýasy,
Başdan ýalňyş ýugrulan oň hamyrmaýasy.
Menden gitmek islänler saklamok gitsinler,
Etimi iýenler gözümi suşi etsinler.
Agyr sözlerime notalar ýemşerdi,
Akmaklaram indi öz sözüni gelşirdi.
Bolýa diýmeli indi, özüňçe ýoklara,
Her kim daýanyp ýör arkadaky toklara.
Aýtsaňam çynyňy, diýýäler «çynyňmy?»
Içimdäki galmagal, oýnaýa jynymy.
Çalaja ýalňyşaýsaň, owadan gülýärler,
Bärde adamlar itdenem beter üýrýärler...
2. Syke däli.
Goşjak bolup sogaby terezä,
Jübidäki şaýlary çöpläp berip neressä,
Galan pulumam beremok, diýip "Ol berer"
Jenneti satyn aljak bolýas iň ownuk pul bilen.
Biri diýse, esasy päk niýetli ýol,
Beýleki diýýär bu zatlaryň ähmiýeti ýok.
Adamzadyň oýlap tapan zady — aslyýeti ýok,
Menä görüp bilmeýän zadyma ynanamok...
Seni görmän söýenleň arasyna al,
Ýüregimiň ýarysy iman, ýarysy gahar.
3. S beater.
Seni söýýänimi gygyraýyn tutuş halka,
Gulagyňa dakaýyn gulak halka.
Rugsat ber oturdaýyn seni tagta,
Eliňi ber, alyp gideýin bagta.
Meniň keýpsiz wagtym, seniň ýok wagtyň,
Sen hemme zadym, sen bagtym.
Senden bolsa-da, ogul-gyzym, agtygym,
Men seň kemiň, sen meň artygym
Seň gözelligiň gözel ähli gözellikden,
Owadan eliň dolduraýyn bilezikden.
Seň näziň näzik iň näzikden,
Näziňi çekjek, ýöne gowsy, näz etme!
Haçan öýdäkileri ugradaýyn öýňüze?
Haçan dostlarymy çagyraýyn toýmuza?
Ir görseň häzir aýtma, goý gizle,
Biz bilekäk, her gün toý bize...
4. Bezzat.
Men öňkim dälmişim, üýtgänmişim,
Az ýa-da känmişim, gowy dälmişim.
Içimdäkiler depderime döküler,
Bizi kör edenlerem bir gün öküner.
Dertler geçdi öýkenimi deşip,
Özüm bilen gepleşip, otyryn dertleşip,
Özümden başga gepleşigimi kim biler?! Içimdäkileri diňe galamym biler.
Jüwimde manatym, dostlarym ganatym,
Pulum gutardy hemmesini tanadym,
Gaýgy alada, düşünýän saňada,
Belki bir gün düşünersiň dost maňada...
Senden peýda görmeseler gysanoklar eliňi,
Bir-iki dostuň çykarmyka?! Sanasaň demiňi?
Arzuw edişim ýaly bolup bilmedim PAP,
Muňa-da günäli, MEN we HIP HOP!
Tm rep sungaty...
Başladyk onda:
1. La blaze.
Bilseňiz bu repçiler bir zat aýtmak isleýär,
Kimler baýamak däl, çörek üçin işleýär.
Kimler teňňejigini million etmek isleýär,
Men hemme ýere giderin, ýöne gepe gitmeýän!
Ömrüňe badak berer, adamyň zaýasy,
Başdan ýalňyş ýugrulan oň hamyrmaýasy.
Menden gitmek islänler saklamok gitsinler,
Etimi iýenler gözümi suşi etsinler.
Agyr sözlerime notalar ýemşerdi,
Akmaklaram indi öz sözüni gelşirdi.
Bolýa diýmeli indi, özüňçe ýoklara,
Her kim daýanyp ýör arkadaky toklara.
Aýtsaňam çynyňy, diýýäler «çynyňmy?»
Içimdäki galmagal, oýnaýa jynymy.
Çalaja ýalňyşaýsaň, owadan gülýärler,
Bärde adamlar itdenem beter üýrýärler...
2. Syke däli.
Goşjak bolup sogaby terezä,
Jübidäki şaýlary çöpläp berip neressä,
Galan pulumam beremok, diýip "Ol berer"
Jenneti satyn aljak bolýas iň ownuk pul bilen.
Biri diýse, esasy päk niýetli ýol,
Beýleki diýýär bu zatlaryň ähmiýeti ýok.
Adamzadyň oýlap tapan zady — aslyýeti ýok,
Menä görüp bilmeýän zadyma ynanamok...
Seni görmän söýenleň arasyna al,
Ýüregimiň ýarysy iman, ýarysy gahar.
3. S beater.
Seni söýýänimi gygyraýyn tutuş halka,
Gulagyňa dakaýyn gulak halka.
Rugsat ber oturdaýyn seni tagta,
Eliňi ber, alyp gideýin bagta.
Meniň keýpsiz wagtym, seniň ýok wagtyň,
Sen hemme zadym, sen bagtym.
Senden bolsa-da, ogul-gyzym, agtygym,
Men seň kemiň, sen meň artygym
Seň gözelligiň gözel ähli gözellikden,
Owadan eliň dolduraýyn bilezikden.
Seň näziň näzik iň näzikden,
Näziňi çekjek, ýöne gowsy, näz etme!
Haçan öýdäkileri ugradaýyn öýňüze?
Haçan dostlarymy çagyraýyn toýmuza?
Ir görseň häzir aýtma, goý gizle,
Biz bilekäk, her gün toý bize...
4. Bezzat.
Men öňkim dälmişim, üýtgänmişim,
Az ýa-da känmişim, gowy dälmişim.
Içimdäkiler depderime döküler,
Bizi kör edenlerem bir gün öküner.
Dertler geçdi öýkenimi deşip,
Özüm bilen gepleşip, otyryn dertleşip,
Özümden başga gepleşigimi kim biler?! Içimdäkileri diňe galamym biler.
Jüwimde manatym, dostlarym ganatym,
Pulum gutardy hemmesini tanadym,
Gaýgy alada, düşünýän saňada,
Belki bir gün düşünersiň dost maňada...
Senden peýda görmeseler gysanoklar eliňi,
Bir-iki dostuň çykarmyka?! Sanasaň demiňi?
Arzuw edişim ýaly bolup bilmedim PAP,
Muňa-da günäli, MEN we HIP HOP!
Tm rep sungaty...
90комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.