Şahruhan, menem bir diňle onda...

Hemmä salam we hemişekiler ýaly göni blog. Sen aşakda bir ýerde Sahydursyn Garajayewa Maysa Myradowa yaly kone halk aydymlary aydyan aydymchylaryn aydymlary bar. men rep diyilyan zat dinlemeyan. ne onda many bar nede mazmun diýip belläp geçipsiň. Aslynda rep hem öz başyna bir sungat, öz başyna bir akym. Seň many ýok diýýän repleriňden 3 keleme aýdar boldum diňleseň:)
Başladyk onda:
1. La blaze.
Bilseňiz bu repçiler bir zat aýtmak isleýär,
Kimler baýamak däl, çörek üçin işleýär.
Kimler teňňejigini million etmek isleýär,
Men hemme ýere giderin, ýöne gepe gitmeýän!

Ömrüňe badak berer, adamyň zaýasy,
Başdan ýalňyş ýugrulan oň hamyrmaýasy.
Menden gitmek islänler saklamok gitsinler,
Etimi iýenler gözümi suşi etsinler.

Agyr sözlerime notalar ýemşerdi,
Akmaklaram indi öz sözüni gelşirdi.
Bolýa diýmeli indi, özüňçe ýoklara,
Her kim daýanyp ýör arkadaky toklara.

Aýtsaňam çynyňy, diýýäler «çynyňmy?»
Içimdäki galmagal, oýnaýa jynymy.
Çalaja ýalňyşaýsaň, owadan gülýärler,
Bärde adamlar itdenem beter üýrýärler...

2. Syke däli.
Goşjak bolup sogaby terezä,
Jübidäki şaýlary çöpläp berip neressä,
Galan pulumam beremok, diýip "Ol berer"
Jenneti satyn aljak bolýas iň ownuk pul bilen.

Biri diýse, esasy päk niýetli ýol,
Beýleki diýýär bu zatlaryň ähmiýeti ýok.
Adamzadyň oýlap tapan zady — aslyýeti ýok,
Menä görüp bilmeýän zadyma ynanamok...

Seni görmän söýenleň arasyna al,
Ýüregimiň ýarysy iman, ýarysy gahar.

3. S beater.
Seni söýýänimi gygyraýyn tutuş halka,
Gulagyňa dakaýyn gulak halka.
Rugsat ber oturdaýyn seni tagta,
Eliňi ber, alyp gideýin bagta.

Meniň keýpsiz wagtym, seniň ýok wagtyň,
Sen hemme zadym, sen bagtym.
Senden bolsa-da, ogul-gyzym, agtygym,
Men seň kemiň, sen meň artygym

Seň gözelligiň gözel ähli gözellikden,
Owadan eliň dolduraýyn bilezikden.
Seň näziň näzik iň näzikden,
Näziňi çekjek, ýöne gowsy, näz etme!

Haçan öýdäkileri ugradaýyn öýňüze?
Haçan dostlarymy çagyraýyn toýmuza?
Ir görseň häzir aýtma, goý gizle,
Biz bilekäk, her gün toý bize...

4. Bezzat.
Men öňkim dälmişim, üýtgänmişim,
Az ýa-da känmişim, gowy dälmişim.
Içimdäkiler depderime döküler,
Bizi kör edenlerem bir gün öküner.

Dertler geçdi öýkenimi deşip,
Özüm bilen gepleşip, otyryn dertleşip,
Özümden başga gepleşigimi kim biler?! Içimdäkileri diňe galamym biler.

Jüwimde manatym, dostlarym ganatym,
Pulum gutardy hemmesini tanadym,
Gaýgy alada, düşünýän saňada,
Belki bir gün düşünersiň dost maňada...

Senden peýda görmeseler gysanoklar eliňi,
Bir-iki dostuň çykarmyka?! Sanasaň demiňi?
Arzuw edişim ýaly bolup bilmedim PAP,
Muňa-da günäli, MEN we HIP HOP!

Tm rep sungaty...
11 лайков 891 просмотров
90комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ladybug
13 янв 2022, 11:15
Цитата: SmartLider
Men gaýtalaýan şony sorag barmy drug?

Be yaman gaharjan oglan ekeninle. Gaytalamada taze mysallar bilen dusundir,ha suna su barada dusunjesi bar eken ozbasdak pikirlenmani basaryan eken,su aytya diymek hemme aydyanlary dogrydyr diyen dusunje doret adamlarda. Basga kisilen gepini, pikirini on aydylan zatlary barik pylcap otyrmada. Su hereketlen bilen senem Kerim Hallydan tapawutly yerin yok.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:16
Bayker, agam, ýalňyş zat aýdýanmy ýa maňa ýalňyş düşünýärlermi?
Ladybug
13 янв 2022, 11:19
Цитата: SmartLider
Onsaňam «seň temaň başda rep baradady, soňy aýdyma geçip gitdi» ýaly bolgusyz sözleriňizi ýazjak bolup azara galmaň. Teswirlere hem jogap ýazylýandyra ýa siz tarapda diňe mowzuga jogap ýazylýarmy?

Eger bolgusyz soz yazdyrmajak bolsan bolgusyz okamany basar. Men aydyma gecdi diyemok,klibe diydim.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:20
Ladybug on № 31Şu gün, 11:15
SmartLider
Men gaýtalaýan şony sorag barmy drug?
Be yaman gaharjan oglan ekeninle. Gaytalamada taze mysallar bilen dusundir,ha suna su barada dusunjesi bar eken ozbasdak pikirlenmani basaryan eken,su aytya diymek hemme aydyanlary dogrydyr diyen dusunje doret adamlarda. Basga kisilen gepini, pikirini on aydylan zatlary barik pylcap otyrmada. Su hereketlen bilen senem Kerim Hallydan tapawutly yerin yok.

Hany, haçan, nirede, kim açdy şeýle blogy?! Pylça şu ýere. Hemişe hemme ýerde men açýan şular ýaly blogy. Men iliň gepini, başgalaryň pikirini pylçamok, öz pikirlerim, öz delillerim şular hemme ýerde-de.
Ladybug
13 янв 2022, 11:22
Tazeden gabat gelen wagtym pylcaryn so teswirlere.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:24
Aýdym boldy, klip boldy, tapawudy näme?! Ikisem bir ugurdaş many dämi?! Aý bor klip ekendä, munyň bilenem ylalaşýan, hawa, başy rep bilen başlady, soňunam klip bilen tamamlaýan. Ýene-de gaýtalaýyn teswirlere-de jogap ýazylýandyra ýa siz tarapda diňe bloglara jogap ýazylýarmy?
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:28
Ladybug on № 35Şu gün, 11:22
Tazeden gabat gelen wagtym pylcaryn so teswirlere
bolýar, garaşýan. Şu türkmen repiň arkasynda menden başga durýan kän ýog-am bolaýmasa. Olar bular ýaly ýerde görünmeýärlerem, siz ýalylar üçin kelle-de agyrtmaýar. Men ýöne , saçymy agardyp size gep düşündirýän. Aslynda etmelisi eliňize çupa-çupsjyk alyp berip bar çupa çupsyňy sorup geziberiň diýmeli...
Ladybug
13 янв 2022, 11:33
Dogry aytyanSmartLider,
Bar cupy cupsyny sorda geziber.
Ladybug
13 янв 2022, 11:33
Dogry aytyanSmartLider,
Bar cupy cupsyny sorda geziber.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:38
Ladybug on № 39Şu gün, 11:33
Dogry aytyanSmartLider,
Bar cupy cupsyny sorda geziber
siz ýaly agsaklaryň bolmagy meň üçin geň däl, könelerimiz aýdypdyra süri agsaksyz bolmaz diýip. Bu zatlar maňa öňden tanyş.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:43
Türkmen repi goramakda edil ýöne Gara dag bolup duraryn, pikir etmäň, myllyjakdyr öýdüp...
Ladybug
13 янв 2022, 11:43
No comment
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 11:45
Ladybug on № 42Şu gün, 11:43
No comment
şeý diý, gowusy meň işlerime burnuňy sokma!
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 11:53
Men repa aşyk cilimkesh
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 11:54
Цитата: SmartLider
Türkmeniň aýdymlarynda many ýok diýýänler, daşary ýurt aýdymlarynda replerinde many barmy? Aý bar, many bar ekenem-dä, düşürilişi barada pikiriňi aýdaý. Meselem, meşhur Bizzey. Türkmenlerem şuň klipleri ýaly edip düşürseler gowy bolar diýjek bolýaňyzmy? Aý bor, geldik zenan bagşylara. Köpiňiz bilýänsiňiz rus bagşylary Maksim, Býanka, Ýuliana Karaulowa. Nähili gowy aýdýarlar hem, gowy kaçestwenni (ýokary hilli) klipleri işläp çykarýarlar. Şeýlemi?! Amalia, Züleýha K., Mähri, Selbi T., Firýuza, Jeren H. dagylaram şolar ýaly ýarym ýalaňaç klip çykarsynlarmy?! Bolduňyz meň başyma pähimli kişiler.

Menä garşy däl dalii
Ladybug
13 янв 2022, 11:55
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?
Liwerpul_fc
13 янв 2022, 12:00
Цитата: Ladybug
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?

Gyzykly ýerinde swedi öçürýäňizda şeýdip cilimkesh
Maksat
13 янв 2022, 12:02
Цитата: SmartLider
Bayker, agam, ýalňyş zat aýdýanmy ýa maňa ýalňyş düşünýärlermi?

Her käriň öz tankytçysy bar sen çopan bolsaňam tankyt bolar. Sen türkmen repini goraryn diýipsiň men reprleri tanamok ýöne okanlarymdan Harasat diýibem repir bar ýenede köpdür tankytlap taplamalylary.
Maksat
13 янв 2022, 12:08
Shahruh han öz wkusyny aýdypdyr rep aýdymy halaýan däldir belki. Ine men özümden mysal alaýyn Ürgenjiň aýdymlary ýa balkanly Hojageldiň halk aýdymlarny üns bn diňleýän, manyly meň üçin şolaň aýdymlary.
Ladybug
13 янв 2022, 12:10
Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Ladybug
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?

Gyzykly ýerinde swedi öçürýäňizda şeýdip cilimkesh

Цитата: Liwerpul_fc
Цитата: Ladybug
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?

Gyzykly ýerinde swedi öçürýäňizda şeýdip cilimkesh

Wah dowam etjekle welin,rap dinlemamson basym cykanok. Men doga hasyetim birzady anyk bilmesem so hakda dawalasyp bilemok. Kabirleri yaly bilsem bilmesem gygyryp otyramok. Men bu yedaki baslan meselamem rap barada dalde getirilen mysallar baradady
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:29
Bayker off № 49Şu gün, 12:08
Shahruh han öz wkusyny aýdypdyr rep aýdymy halaýan däldir belki. Ine men özümden mysal alaýyn Ürgenjiň aýdymlary ýa balkanly Hojageldiň halk aýdymlarny üns bn diňleýän, manyly meň üçin şolaň aýdymlary
Bayker, agam, Şahruhan öz wkusyny aýtmandyr,
men rep diyilyan zat dinlemeyan. ne onda many bar nede mazmun
diýmek bilen, türkmen repe at dakypdyr. Daže (hat-da tm rep abraýyny pese gaçyrypdyr. Ýokarda birnäçe sany repi mysal getirdim. Şolaryň haýsysy manysyz we haýsysy mazmunsyz? Diňe wkusyny aýdan bolsa men oňa hiç zadam diýjek däldim, ýöne şeýdip hakykaty, adalaty basgylap ýalan maglumatlar bilen üstüni örtseler meňki bolanokda...
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:33
Ladybug off № 46Şu gün, 11:55
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?
sen şular ýaly ýerde gaýrat edip saklanmada içiňdäkileri daşyňa çykaraý! Dişiňde et galmasyn, aýt pikirleriňi. Abaddon pikir erkinligini berendir diýip pikir edýän menä. Hany aýt, näme pikirleriň bar?
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:35
Liwerpul_fc off № 44Şu gün, 11:53
Men repa aşyk cilimkesh
edil mençe dälsiň dost.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:36
Liwerpul_fc off № 47Şu gün, 12:00
Ladybug
Gurlemayin gurlemayin diyyan welin, saklanmak gaty kynda.... onnada gayrat edeyin?
Gyzykly ýerinde swedi öçürýäňizda şeýdip cilimkesh
öçürmese alajy galmada...
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:37
Liwerpul_fc off № 45Şu gün, 11:54
SmartLider
Türkmeniň aýdymlarynda many ýok diýýänler, daşary ýurt aýdymlarynda replerinde many barmy? Aý bar, many bar ekenem-dä, düşürilişi barada pikiriňi aýdaý. Meselem, meşhur Bizzey. Türkmenlerem şuň klipleri ýaly edip düşürseler gowy bolar diýjek bolýaňyzmy? Aý bor, geldik zenan bagşylara. Köpiňiz bilýänsiňiz rus bagşylary Maksim, Býanka, Ýuliana Karaulowa. Nähili gowy aýdýarlar hem, gowy kaçestwenni (ýokary hilli) klipleri işläp çykarýarlar. Şeýlemi?! Amalia, Züleýha K., Mähri, Selbi T., Firýuza, Jeren H. dagylaram şolar ýaly ýarym ýalaňaç klip çykarsynlarmy?! Bolduňyz meň başyma pähimli kişiler.
Menä garşy däl dalii
bildirýär hihi
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 12:40
Bayker off № 48Şu gün, 12:02
SmartLider
Bayker, agam, ýalňyş zat aýdýanmy ýa maňa ýalňyş düşünýärlermi?
Her käriň öz tankytçysy bar sen çopan bolsaňam tankyt bolar. Sen türkmen repini goraryn diýipsiň men reprleri tanamok ýöne okanlarymdan Harasat diýibem repir bar ýenede köpdür tankytlap taplamalylary.
bular ýalylary menem diňlämok, manyly, bit beriji, owadan repleri diňleýän. Hakykaty, adalaty açyp görkezýän repleri diňleýä. Çyraçylary bar, bularam diňleýän. Näme, amerikada, russiýada çyraçy bolanda bizde bolmaly dälmi?!
Maksat
13 янв 2022, 12:53
Haýsy dilde bolsa bolsun haýsy döwletiň repçisi bolsada adam halaman bilerä mysal üçin rep sungatyny, şol sungatdan many tapýan däldir.
Maksat
13 янв 2022, 13:00
Ýokarda agzaýan repçilerňden diňe Sbeater diňläp görüpdim. Tanymal bolan bolsalar öz sungatyna ussatlyk görkezen ýeri bardyr. Men rep sungatyny bilemok şoň üçinem köp gürlesem artykmaç bolar))
Shahrukh khan
13 янв 2022, 13:04
name diysenizem men ucin manysyz. ina mysal ucin men futboly 15 yyl boldy goryanime. kopusi manysy yok 11 bolup 1 topyn yzynda diyyaler. diyibersinler her diyeni sheydip ulaltsan yokardaky Ladybugyn aydyshy yaly seninem Kerim Hallydan kem yerin yok.
SmartLider
Автор 13 янв 2022, 13:20
Shahrukh khan on № 59Şu gün, 13:04
name diysenizem men ucin manysyz. ina mysal ucin men futboly 15 yyl boldy goryanime. kopusi manysy yok 11 bolup 1 topyn yzynda diyyaler. diyibersinler her diyeni sheydip ulaltsan yokardaky Ladybugyn aydyshy yaly seninem Kerim Hallydan kem yerin yok.
onda bagyşla welin, ilki szleriň manysyny öwren. Many bilen wkus sözleriniň manylary barada düşünjäňi giňelt. Many bilen wkus sözüniň tapawudyny bilmeýän repe hiç haçanam düşünmez...