Aýal

Allanyň döreden ynsany - aýal,
Durmuşyň bezegi gyzygy - aýal.
Müñ dürli şiweli, näzli ýylgyrsa,
Kalbyñda oýarýar müñ dürli hyýal.

Aýal- munuñ özi üýtgeşik gudrat,
Söýen ýigidine berýär ol bagt.
Söýdürip başarsañ aýala özüñ,
Gaýgy oýuňyza gelmez hiç wagt.

Işleseñ, işlärsiñ ýadawlyk duýma:n,
Aýal mähri bilen çyndan çoýanda.
Birinden ikini döredýär- aýal,
Halal ojagyna sarpa goýanda.

Hañk-hukrajyk ärem, är edýän aýal,
Ysnadyň ysnadyn, zor edýän aýal.
Basan ýerinden o:t çykaryp duran,
Ärleri hem gara ýer edýän - aýal.

Ömrüñi ötürip zowky-sapada,
Ýaşaýşyň gülledip, gül edýän-aýal.
Däli ýaşda gara saçlañ agardyp,
Gül ýaly günüñi kül edýän - aýal.

Bilseñiz ynsabyň ynsaby - aýal,
Dünýäniñ göwherden gaşydyr - aýal,
Durmuşyň gözbaşy, çeşmesi -aýal,
Mähriñ hem söýginiň teşnesi - aýal.

Söýüñ siz erkekler, öýüñ gelşigi,
Bu dünýäñ bezegi, gyzygy - aýal.
Erkiňiz ellerden almaklyk üçin,
Hiç ýüpsiz gurnaýar duzagy- aýal.

Isle sen, isleme, ol señ öz işiñ,
Garrasañ, erkiñi alýandyr- aýal.
Gazap bilen alarlarsyñ ahmyrly,
Islese, juluñy ters salar aýal..

Islese- yok zady bar hem edýändir,
Islän çagy- ak eder ol kömrüñi.
Islese- dünýäñi dar hem edýändir,
Islese- gül-gül eder ol ömrüñi.

Ýamanyňy gizläp, ýagşyňy ýaýyp,
Durmuşyňda seniñ daýanjyñ - aýal.
Nesliň abraýyny mukaddes saýyp,
Tuguny parlatjak buýsanjyň - aýal.
3 лайков 181 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
10 янв 2022, 17:36
Ogul gyzyň ýatça bolmaz, diýýä Magtymguly atamyz, aýalyň ilki ýat maşgalasy bolsada wagtyň geçmegi bn iň ýakyn syrdaşyň bolýan eken. Äri är edýänem aýal, gara ýer edýänem aýal.
Maksat
10 янв 2022, 17:39
Göz etmän gaş etmez, deň etmän duş etmez. Allajan hemme kişä öz göwün söýeni, deňi-taýy bn birikmek nesip etsin.
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 17:47
Özüňkimi?
Liwerpul_fc
10 янв 2022, 17:49
Hañk-hukrajyk ärem, är edýän aýal,
Ysnadyň ysnadyn, zor edýän aýal.
Basan ýerinden o:t çykaryp duran,
Ärleri hem gara ýer edýän - aýal.

Hakyky şu. Äri är edýänem,gara ýer edýänem aýal
Gokhan Durdyyew
10 янв 2022, 18:03
gowy goshgy