Kamerunly aýal birbada 9 çagany dünýä indirdi

Kamerunyň 45 ýaşly ýaşaýjysy Antoniýa Madu Obianužu birbada dokuz çagany dünýä indirdi diýip, MIR 24 habar berýär.

Antoniýa alty gyzyň we üç oglanjygyň ejesi boldy. Ol ultrases barlagyndan geçenden soň ekizlere garaşandygyny aýtdy. Şonuň üçin dokuz çaganyň dünýä inmegi onuň özi üçin hem garaşylmadyk waka boldy. Antoniýanyň ozal hem iki çagasy bar. Olar 14 ýaşly ekizler – oglan we gyz.
«Mimi Mefo Info» neşiriniň bellemegine görä, Madu dünýäde birbada dokuz çagany dünýä indirmegi başaran ikinji aýal boldy. Ondan öň Maliniň ýaşaýjysy Halima Sisse 2021-nji ýylda birbada 9 çaganyň ejesi bolupdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

TMCars habarlary
1 лайков 229 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
28 авг 2023, 13:09
Haýran galarly bähh
Гость
28 авг 2023, 13:14
Bäh... Bir garynda dokuz jan
Perhat Sabirovv
Автор 28 авг 2023, 13:16
Hemmämize nesip etsin diýerdim welin maliýe ýetmezçiligi zerarly biziň döwletde kösenmeli bolarmyka diýýän menä
hhGenial
28 авг 2023, 13:19
Hmmm
Гость
28 авг 2023, 13:25
Perhat Sabirovv
Hemmämize nesip etsin diýerdim welin maliýe ýetmezçiligi zerarly biziň döwletde kösenmeli bolarmyka diýýän menä

Gaýtam "Gahryman ene" bolýa. Baýragy bar, posobiýasy bar, medaly bar, ýene-ýenesi bar. Iň esasy arzuw, umyt bagyşlaýalar bular ýalakylara. Durmuşda iň esasy zat umytda bolmak. Umyt-arzuwly bolmak ýaşamaga bolan höwesi artdyrýa.
Ýaňky "umyt bagyşlaýa " diýdigimem, "öý berjek" diýip, geljege bolan höwesini artdyrýa-da, bermese-de )
backsp
28 авг 2023, 13:30
bah hemmesi diri galarmyka
205161
28 авг 2023, 13:41
Doňuz bilen ýatyp turdumyka?
Perhat Sabirovv
Автор 28 авг 2023, 14:50
205161,
Sorap göräýmesek üýşüp
Perhat Sabirovv
Автор 28 авг 2023, 14:52
Гость,
Pasobiýasy hem haçana çenli eklär?! Mekdep ýaşyna ýetdide mysal üçin onsoň şuwagtkylar 3çagany deň derejede saklap bilenoklar, ulysynyň geýenini kiçisi, kiçisinkini, ondan kiçisi
Гость
28 авг 2023, 17:36
Perhat Sabirovv,
:)

- o teswire göni manysynda düşünme, goçum
Mährishka
30 авг 2023, 22:10
Nadip indirya onca cagany?Men hayran galdym