Jeki Çanmy ýa Brýus Li...

Arada bir toýda myhman bolmak miýesser etdi. Dostumyň agasy öýlendi. Dostumyň uly gyzy ikinji klas, agasy indi öýlenýär. Hudaý islände, nika gyssanda, toý mesele däl Türkmenistanda diýlişi ýaly nikasy gyssamaýanlar hiç hili alada galmaly däl, hökman bir nesibeli gün bar eken. Ýogsam şol oglanam men gyz gözleýän, aýfon ýaly owadanjasyny, samsung ýaly çydamlysyny, nokia ýaly prostoýyny, redmi ýaly elýeterlisini (elýeterli sözüni çekip, süýräp, tigirläp, derýadan geçirip Kerki taraplara äkidip ýörmäň, bärde galyň (mähir) manysynda ylalaşyk diýip düşüniberiň) diýip näçe ýyl gezdi. Sabyrly gul (bärde tire manysynda däl, düşünensiňiz) dura-bara diýlişi ýaly aý ýaly maşgala bilen goş birikdiripdir. Bäherdende bagt kän, Nebitdagda nebit kän, Gyz berseň Görogla ber, Simpatiçnyý ýigit kän diýip görümsizlenip oturmaýyn gowusy, yzyny diňle.
Suw akar daş galar, toý gutarar alkaş galar diýlişi ýaly menem toýdan soň dostum alyp galdy. Toýa gelen myhmanlaryň içinde Atabaý bilen Bally Hajyň ýolundan aýdýan bagşylar bar eken. Ýaşulyrak adamlar. Özümä Atabaýyňam, Bally Hajyňam muşdagy däldim. Ýöne ýaňky ikisi tüweleme, talant eken. Žiwoý şeýle bir aýdýarlar (Ulalsam aýdymçy bolaryn diýipdim, bulary görüp pälimden gaýtdym). Gezekleşip biri Atabaýyň, biri Bally halypaň aýdymlaryny aýtdylar. Sagat daňdan üç töwerekleri öýdýän ne gidip ýatýan bar, ne gözüni gyrpýan bar. Endam janymyz gulak bolup diňläp otyrys. Öwülen oglan öňüňe diýlişi ýaly Ballyň fanady şeýle diýdi:
-Ine şul aýdymy ilki Bally aýtdy, soň Atabaý özüçe üýtgedip aýtdy, aýdymyň şiresini gaçyrdy.
Eýlekem ýeň bererli däl.
-Atabaý hiç aýdymyň şiresini gaçyran däldir. Bul aýdymy Bally aýdyp oňarmansoň Atabaý täzeden ýerine düşürip aýtdy.
Item gitdi, ýüpem gitdi diýlişi ýaly turdy bir dawa. Bagşylaryň ikisem elli ýyllyk gadyrdan dost eken. Ýakalaşmaň bäri ýany. Biri Bally Hajyny öwüp Atabaýy ýere sokýar, eýleki tersine.
Soň dostumyň kakasy (kaka-edebi söz, däde, papa, äke, ates, pahan şiwe sözleri) maňa:
-Hany myhman özüň bir zat diý, haýsynyňky dogry şulaň, onsoň dawany goýalyňda aýdym diňläliň diýdi.
Dymyşlyk. Hemmeler maňa seredýär. Atabaý bilen Bally Hajyň hakyky janköýerlerem gözleri bilen meni iýjek. Häzir haýsyny saýlasam, beýleki bilen ýaka tutuşmaly boljak. Ähä, Bally Hajyň fanady eginlek, daýaw pyýada, Atabaýyňky hor ýaşuly, aý şuna bir zat ederin, gowusy Bally Hajy gowy aýdýar diýäýeýinle.
-Ikiside biri-birinden beýik,
-Beýikleň boýuny ölçemek aýyp,
-Her haýsy bir dagyň örküji diýip,
-Goşa daga des-deň buýsanşym besdir.
diýdim. Bolsada Kerim aga dadyma ýetişäýdi.
Hemmeler berekellada-berekella. Hany indi meni saklap bolsa. Mikrofony hiç kime beremok.
-Günde gapymda toý bolsa çydaryn,
Gora meni ýas belasyndan,
Duşman gelse gözüni çykaryn,
Gora meni dost belasyndan.
Dostlar hakyky bolsun, dostlar ömürlük bolsun, dost ynjamasyn diýdim welin ýaňky iki dost biri-birini gujaklap aglaşdylar. Ýaraşdylar öýdýän. Indi men goýamok ýöne.
-Bally halypa bilen Atabaý halypanyň hersiniň öz ýoly bar. Bulary biri-biri bilen deňeşdirip bolmaz. Ikisiniň mirasam biz nesiller üçin...
dostum çalaja dürtdi, goýaý indi diýen manyda.
-Hany indi gezegi bagşylara bereliň diýdim.
Arada rus saýtlarynyň birinde Jeki Çan bilen Brýus Lini deňeşdiripdirler. Göýä ikisi söweşende haýsy ýeňerdi. Awtor her hilijek detallar bilen ikisini deňeşdiripdir. Emma bu aslynda mümkin däl zat. Başa-baş söweşde ýeňäýendede ol oň beýlekiden güýçlidigini aňlatmaýar. Şoň üçin döwrebap söweşlerde rewanş boýlar, trilogiýalar gurnalýar. Hatda şolaram haýsynyň güýçlidigini anyk kesgitläp bilmeýän halatlary bolýar.
Ýöne bu göwün açmak üçin erbet ideýa däl.
Mysal üçin: Azat Dönmezmi ýa Hemra Rejepow, S.Beatermi ýa Aýdaýözün, Sahydursun Garajaýewamy ýa Züleýha Kakaýewa, Ýagşy Goşunowmy ýa Myrat Mollaýew, Sapa Hommadowmy ýa Mahym Nurgeldiýewa, Nirwanamy ýa Aýsapar Emelowa, Gostmy ýa Soho, Ahmedikmi ýa Perhadik, Hanturemi ýa Proliga, Kelleagyrykmy ýa svabes, Baýkermi ýa Kwadrat kelle, Rigelmi ýa Nairobi....
Siz bu barada nähili pikirde?
14 лайков 406 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
MILALIKA
28 авг 2023, 11:54
Ay joşupsyň-ow peyan bolupsyň öýdýän
MILALIKA
28 авг 2023, 11:55
Hawalaý her kimiň öz ýeri bardyr
Гость
28 авг 2023, 12:22
Gyz berseň Görogla ber, Simpatiçnyý ýigit kän

- )). Göroglyň gyzlary has simpatiçny )
Гость
28 авг 2023, 12:23
Gostmy ýa Soho,

- Gost )
Dowsypat
28 авг 2023, 12:44
"Pylanyñ ogullarynyñ haýsysy gowy?"diyip soranlarynda,"haysyny gormesen sol gowy" diyip jogap beripdirler.
Гость
28 авг 2023, 12:52
Dowsypat.
"Pylanyñ ogullarynyñ haýsysy gowy?"diyip soranlarynda,"haysyny gormesen sol gowy" diyip jogap beripdirler.

"Gaty görerler" dagy diýeňagaý. Hany gumanizmiň
Dowsypat
28 авг 2023, 13:55
"Gaty görerler" dagy diýeňagaý. Hany gumanizmiň

Adamlar gaty gòrmage bahana tapmayandyklary ucinem gaty gorup bilyarlerda.Olara gaty gormage bir sebapjik tapyp bermeli.
Гость
28 авг 2023, 14:08
Dowsypat.,
))
Dowsypat
28 авг 2023, 14:39
Jeki Çanmy ýa Brýus Li.

Mas Oyama
ssaparay
28 авг 2023, 15:22
Elbetde, Bruce Lee :)
DonMaxx
28 авг 2023, 16:18
Gelnimmi ya soygilim)))
Massimus
Автор 28 авг 2023, 16:59
MILALIKA,
Hawalaý her kimiň öz ýeri bardyr

Milalikamy ýa Juma şahyr?
Massimus
Автор 28 авг 2023, 17:01
Гость,
Gyz berseň Görogla ber, Simpatiçnyý ýigit kän

- )). Göroglyň gyzlary has simpatiçny )

Gyzlaň gelşiksizi ýok bolaýmasa. Esasysy oňa dogry rakursdan seretmegi başarmaly
Massimus
Автор 28 авг 2023, 17:02
Гость,
Gostmy ýa Soho,

- Gost )

:)))))
Massimus
Автор 28 авг 2023, 17:05
ssaparay,

Elbetde, Bruce Lee :)

Elbetde Ssaparaý diýermikäň öýtdüm:)))
Massimus
Автор 28 авг 2023, 17:07
Dowsypat.,
Jeki Çanmy ýa Brýus Li.

Mas Oyama

Azat Dönmezmi ýa Hemra Rejepow?

Amalia diýen ýaly boldy bi:)
ssaparay
28 авг 2023, 17:15
Massimus
ssaparay,

Elbetde, Bruce Lee :)

Elbetde Ssaparaý diýermikäň öýtdüm:)))

ony aýtmak hökmanmy näme?! ??
ssaparay
28 авг 2023, 17:16
Massimus
ssaparay,

Elbetde, Bruce Lee :)

Elbetde Ssaparaý diýermikäň öýtdüm:)))

ony aýtmak hökmanmy näme?! ??
Perman Izakow
28 авг 2023, 22:03
Tüweleme fantaziýaňyza söz.Ýazylýanlary okanyňda göz öňiňde janlandyrýa.Ýetirip duryň. Khanturemi ýa Proliga?
Khanture.
MILALIKA
28 авг 2023, 22:16
Massimus,
Sen diýsem bolemi/ Jumanam menem öçürjek ýaly sen
Gauzen
28 авг 2023, 22:19
Oguz hanmy ýa Benjamin Franklin?))
Massimus
Автор 28 авг 2023, 22:24
MILALIKA,
Sen diýsem bolemi/ Jumanam menem öçürjek ýaly sen

Toba diý gyz, Juma ikiňizi öçürip bolmaz:)))
Massimus
Автор 28 авг 2023, 22:26
Gauzen,
Oguz hanmy ýa Benjamin Franklin?))

Geçmişiň möhümmi ýa geljegiň diýýäňmi:)
Massimus
Автор 28 авг 2023, 22:27
PROLIGA,
Tüweleme fantaziýaňyza söz.Ýazylýanlary okanyňda göz öňiňde janlandyrýa.Ýetirip duryň. Khanturemi ýa Proliga?
Khanture.

Pespäl, kiçigöwünliligiňize berekella!
Nazar
29 авг 2023, 00:30
Bayba
Nazar
29 авг 2023, 00:43
Massimusmy ya MCM (ertircom)
Perhat Sabirovv
29 авг 2023, 02:59
Ahmedikmi ýa Perhadik,
Gauzen
31 авг 2023, 07:50
Massimus
Gauzen,
Oguz hanmy ýa Benjamin Franklin?))

Geçmişiň möhümmi ýa geljegiň diýýäňmi:)

Edil özi :)
Gauzen
31 авг 2023, 07:52
Massimus
Gauzen,
Oguz hanmy ýa Benjamin Franklin?))

Geçmişiň möhümmi ýa geljegiň diýýäňmi:)

Edil özi :)