Deň-deňi bilen...

Bir ýaş ýigit derýanyň ýakasyna suwa düşmäge barýar, görse bir suw perisi düýäden bihabar suwa düşüp ýörmüş. Ýaş ýigit ýeserlik bilen baryp, donuny atyp, suw perisini tutýar:
-Men seni söýdüm, sen meniň maşgalam bol!
-Ýigit sen söýmezçe ýigit däl ekeniň, emma sen-ä suwuň astynda, men ýeriň üstüde ýaşap bilmerin. Bu söýgi ikimizi hem bedibagt eder, gowusy, men seni köňül maksadyňa ýetireýin. Emma senpaýhas et, akyl et, ozmynasyp ýaryňy saýla!
Suw perisi ýigide derýadan geçip, dagyň etegine baryp ot ýakmagy buýurýar hem saçynyň taryndan ýekeje taryny berip, ony hem oda tütetmelidigini aýdýar. Ýigit aýdylyşy ýaly edýär, birden gara dagyň gerşi
darka ýarylyp, derweze açylýar, ýigit içeri girip gidýär. Seretst, suw periniň aýdyşy ýaly,gapdalda ullakan jadyly aýna duranmyş. Ýigit aýnanyň öňüne baryp özüni kemsiz synlaýar, soňra perdeden aňrykgeçýär. Ýigidiň gözleri gamaşyp gidýär. Bezemen owadan köşgüň içinde iň beýik tagtda bir peri oturanmyş, oňa ýigidiň nazary kaklyşanda edil ýyldyrym uran ýaly süňki-süýekleri saňňyldaýarmyş, onuň sagynda pesräk tagtda bir peri gyz oturanmyş, durşuna göwher, dür-lagyl, altyn-kümüş şaý-seperiň içinde zordan görünýärmiş. Sol taýdaky tagtda ýene bir peri gyz otyranmyş, ýüzünden-gözünden nur, mähir-muhabbet ýagyp durmuş.
Ýigit gyzlary bir zaman synlap, baş tagtda oturan perizadyň golundan tutup alyp çykýar. Derwezeden çykan ýerinde ýanyndaky perizadyn görk-görmegi nurly gün bilen kaklyşyp, gökde Gün tutulýar. Ýigit buýsanç bilen perizadyna bakýar, görse, onuň tutup duran owadan şa gyzy- ýylanmyş. Ýigit allaniçiksi bolup, suw perisine gygyrýar:
-Sen perizat diýip, kimi tutdurdyň?
-Ol ýylan däldir. Nesip bolsa, toýdan soň aždarha bolar!
-Aždarha alyp berer ýaly, men saňa näme ýamanlyk etdim?
-Men saňa giren ýeriňde aýna bardyr, seret diýdimmi?
-Diýdiň. Men sretdim...
-Sen aýna seretseň-de, özüňi görmänsiň, sen özüňi gören bolsaň-da tanamansyň. Sen kümüş halyňa altyn gyzy saýlap aldyň, indi ol bir gün perizat bolsa, iki gün aždarha bolar!... Seniň paýyň ýüzünden-gözünden mähir ýagyp duran nurana gyzdy, sen oňa, ol saňa mynasypdy. Sen indi bu perizadyň ýary bolmarsyň-da hyzmatkäri bolarsyň- diýip, suw perisi deňziň düýbüne çümüp gidipdir...
2 лайков 178 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ishan
28 авг 2023, 16:11
Oz yagdayyna seretman oylensen sholar yaly bolarda. Bu gyz ministrin bu gyz bu hakimin gyzy diyen bolup oylensen ari dalde hyzmatkari bolarsynda. Erteki gownume yarady . Menden like.
Süleýman
28 авг 2023, 16:14
Ýorganyňa görä aýak uzatmaly haladym ýetirenňize sag boluň
Massimus
28 авг 2023, 17:38
Manyly erteki!
Ýöne bizä çaga wagtymyz erkek diýilýän eşekden sähel owadan bolsa owadan, zenan maşgala eşekden sähel akylly bolsa akylly diýip öwredipdirler.
Ministriň gyzyna öýlenmegiňem erbet ýeri ýokmuka diýýän. DJ Beggany gör, allanäme ýaşaşyp ýörler
Гость
28 авг 2023, 17:41
Mukaddes Ruhnama
Ishan
28 авг 2023, 22:27
Allaname yashasharsyn ona sozum yok yone ayalyn ari dalde hyzmatkari bolarsynda
Ishan
28 авг 2023, 22:29
Name diyse ylgar yorersinda
Massimus
28 авг 2023, 22:42
Wah Ishanjan, ministriňkini almaňda-da näme diýse ylgap ýöreýän ekeniň
mekan
28 авг 2023, 23:30
gaty gowy menem likee goyyan bir wagt prakroryn gyzy bn gurlesdim hazrem okap yor sho gyz yone gownum yok onno gep pulla dal esasy bagtly bolmakda osa asylly bolmaly
Massimus
29 авг 2023, 05:32
svabes,
Syr bolmasa prakroryn gyzy bn naman gurlesdinz