Suwjuk ýigit, suwjuk gyz...

Baryp ýatan kilçikdir,
Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.
Bogazdaky gylçykdyr,
Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.

Tiz ösüpdir periňiz,
Çöl däl duran ýeriňiz.
Hany haýa-şerimňiz?
Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.

Buzdan sowuk söýgiňiz,
Suwdan suýuk söýgiňiz.
Öpüşmek bar gaýgyňyz,
Suwjuk ýigit suwjuk gyz.

Tanyşmagam açyp däl,
Öpüşmegem aýyp däl.
Olar açyk keýip däl,
Suwjuk ýigit , suwjuk gyz.

Ilki ynsan bolmaly,
Yşga suwsan bolmaly.
Söýgi pynhan bolmaly,
Suwjuk ýigit, suwjuk gyz.

Gyz gülýär jikir-jikir,
Ýigidim hikir-hikir.
Sizi gurşan boş pikir,
Suwjuk ýigit suwjuk gyz.

Oňalmaly ulalyp,
Siz dursuňyz bulanyp,
Geçýäs sizden uýalyp
Suwjuk ýigit suwjuk gyz.

Sözüňiziň duzy ýok
Yssysy ýok buzy ýok
Onda yşgyň közi ýok
Ýok, ýok yşgyň özi ýok
Suwjuk ýigit suwjuk gyz.

Gaç suwjugyň sözünden
Geç suwjugyň ýüzünden
Düşsün iliň gözünden
Suwjuk ýigit suwjuk gyz.

Sapar Öre
1 лайков 125 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
16 сен 2023, 17:35
haladym gowygoşgy ýetirenňize sagboluň.
Sapar gyzlaň şahyry,
Gelinleňki Kerimem.
Bekä kempirler bolsa,
Göze ilmez periňem.
diýip bir degişme goşgama bardy
Garlawaç
Автор 17 сен 2023, 15:07
Sabyrly,
Howwa, üns berip okanyňyz üçin minnetdar)