Wah, ýürejik ...


Oglan: Seni gözläp çekendirin çoh derdi.
Ahyr maňa ýagşyzada sataşdy.
Seň salgyňy, seň saýtyň şol berdi,
Meniň hasam labyrdadyp ataşmy.
Indi mende takat-da ýok, gurbat-da,
Haýyş, soňsuz sowallaryň eňterme.
Men-ä seniň hak aşygyň- şazadaň,
Ýagşyzadaň ismi bolsa-Internet.
Dälireýän, jogabyňa garaşýan ,
Ýakma meni ... „

Gyz : „Aý goý-a „
Oglan: „Göwünli- göwünsiz örän gysga hat,
Nädip gezýäň meni göresiň gelmän.
Suratyňy ýollasana, perizat,
Men öz söýgülimi göresim gelýär.
Gyz: „Gözeldigmi nä bilýärsiň diýsene.
Tapdyň söýgüliňi, sypatyň gurasyn!
Nädäýerkäň, „Bu- men“ diýip ýazypjyk.
Gönderäýsem Sahydursunyň suratyn.
Hah – hah – haý !
Ýolmalasa ýolmaýandyr saçlaryn,
Kim görüp dur o neressäň halyny,
Geregem şol,
suwjuk,
yeňil ýerçeken !
Hih, ýogsada alaýmasyn aryny.

Ah-h –e- eý !
Ýok bolsun—la,
samsyg – a ol,
oýnatgy,
Zor ýigit boldugy, käşgä sazlaýsa ...
A ol birden ...
ýowuz ýoly saýlaýsa,
Birdennnikgä maňa jogap ýazmaýsa.
Ýazman geçsin !
Ýazmanda nä ?
Ýazmasyn !
(hüňürdäp, hüňürdäp çömmelýär dodak )
Hat gelýär :
Oglan: „Sežd etjek ! Sogap edipdir !
Nirde şol suratyň düşüren Kodak !

Ýylgyrşyň sypaýy, näziň gyssaýar.
Menikli maşgala, gözel eken Sen.
Gözleriňde bir enaýy gussa bar.
Men seni haladym, ine bu – da – Men!

Gyz: „Hih, görsene çekgeleri ... häki, wiý
...Dişleri, saçlary beleňli ýigit.
Ol haýsydyr müçenekmi, päkimi-Mahabatlandyrýan pereňli ýigit.
... Ah, sen dur bakaly, dur entek, ýigit !

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
7 лайков 284 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 24 май 2022, 22:42
S SS – e
Ýakdyň Süleýmany ... Aýdymdan.

Seniň adyň tesbi deýin sanaýan.
Süleýman, Süleýman, Süleýman, Süleý... Manysy-da üýtgäp gitdi sanamaň,
Man- Süleý – man, Süleý – manysy uly – eý...

Otuz milliard jümle ýitirdi güýjün,
Otuz milliard goşgyň täsiri gaçdy.
Bary – ýogy ýekeje söz – Süleýman,
Otuz milliard älem bilen deňleşdi.

Bu ne hikmet, ýekeje söz galdyryp,
Galan ähli sözi Hudaý garban deý,
Şeýle bolýarmyka ýalkanda Hudaý,
Şeýle bolýarmyka Hudaý garganda – eý?!

Süleýman, Süleýman, Süleýman, Süleý...
Şu söz bilen her gün oýarýar guşlar.
Şu söz bilen salam berýär agaçlar
Bary – ýogy birje sözden ybarat.
Indi ýaňyltmaçlar – sanalawaçlar.

Süleýman, Süleýman, Süleýman, Süleý…Başga hiç bir söze ýetenok güýjüm,
Başga hiç bir söze ýetenok aklym,
Didämden akdyryp diýjek sözlerim
Ýakdyň ...
Ýakdyň ...
Ýakdyň ...
Telwas
Автор 24 май 2022, 22:46
Wah , ýürejik ...

Wah , ýürejik ,
bilýän,
seň diýýäniň däl,
Arzuwlanyňam däl, küýsäniňem däl,
Men nädeýin, nädeýin- dä, geýim däl, Biçäreýem, ýowuz meniň akylym.

Dogry,
dogry, saňa salynman sala.
Dönüklik ...
Karamlyk ...
Köşeşäý, janym!
Bolýar, akyl- zalym,
Bo:r, menem- zalym.
Sen ýöne mert bol, gaýrat et wara...
Men bar-a, ýanyňda hemişe men bar.
Telwas
Автор 24 май 2022, 22:51
Ýaşlyk – sarçlyk

Ýene joram tasap gitdi,
Aňtap gitdi müýnüm yzyn,
Bu gün ejem tilpun etdi.
Azgyryldym: „ Ölmez gyzyň“

Baý, ýüregme düşýäler- ä,
Mollumlaram iňňildeşip.
Maňa akyl beren bolýar.
Öýe gelip düýn bir „Meşik „
Ýasatsaňda talyp hakdan,
Kä adamlaň rezin gäbin.

Urup- urup içiň sowat,
Ýazdyr äňin.

Şeýleräkdi hutja hälem,
Durmuşymyň kartinasy,
Üç gündir öýden çykamok.
Düşýär öýe ýarty Ýagty.

Garaňky çüňke duwlanyp,
Dyzlarym gujaklap mäkäm.
Göreslem gelenok özüm !!!
Ah, bu zatlar nämedenkän?!

Ýagty ýagşy golaý gelip,
Saçlarym sypap başlady.
Kirpiklerme gar düşen deý,
Düýpleri çyglap başlady.

Hem beýnim işläp başlady.
Işläp ýadan ýürek gowzap,
Soň ýürek dyzap başlady.
Syzan borly salym gowrak.

Harsaň- harsaň soraglara,
Harsal- harsal jogap berdiň.
Hatda seni goraglana,
Ynanmadyň hiç bir derdiň.

Hemmesine özüň sebäp
Özüň günäkär barsyna,
Indem hut häziriň özi,
Aýlan tanyşlaň barsyna,
Munda hemmeler tanyşdyr.
Hemmeler ýakyndyr saňa,
Seret, yzdan dertli gelýär.
Kem- kemden ýakynlap saňa..

Göwnün göter, göwünlik ber.
Hemmä hoş söz aýt ,sen hasam,
– Sen o diýen betnyşan däl,
Saçlary dökülen adam !
... Wah, men ýene-de ýalňyşdym,
Intizar
24 май 2022, 23:52
Şükür, pikir tapdym göwün yrmaga.
Kä bahana tapdym çyn ýylgyrmaga.
Il –gün üçin bolsa goşgy aýtdyrmaga. Ahyr Laçyn Pürje- dälini* tapdym .

Däli-watançy manysynda.

Laçyn Pürjäýewa
senagul
25 май 2022, 21:04
Salam Nirwana :)