Gaýgysyz Atabaýewiň ýadygärligine
GAÝGYSYZ ATABAÝEWIŇ ÝADYGÄRLIGINE
Iliň aladasy, il üçin dörän
Goç ýigidi rahat ýatyryp bilmez.
Olar bakylyga gidenden soňam
Topragy arkaýyn ýapynyp bilmez.
Aram-aram il oglunyň täzeden
Gaýtalanyp gelmesi bar zemine.
Aýry-aýry ýaman adamlar üçin,
Olar kine edip ýörenok ile.
Çünki il özüni has ulaltmagy,
Beýgeltmegi çyn ogluna ynanýar.
Şol ogullaň başy beýgeldik saýy,
Il öň beýik,
Ýöne hasam beýgelýär.
Ilki ogul öz iline eýgerýär,
Soň bütin il öz ogluna eýgerýär,
Il ogluny,
Ogul ilin eý görýär.
...Agşam ýagan salkyn ýagyşdan soňra
Säher görünenok dumandan ýaňa.
Dumana dolanyp görnenok şäher.
Daglar howalanyp görnenok daşdan
Serpip ak hasa dek argyn dumany
Oň içinden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan:
Atabaýew
Gaýgysyz
Serdarowiç!
Köçeler ýagtylýar,
Ýagtylýar şäher.
Ýyrtylýar dumanyň symgylt perdesi.
Lowurdaýar ak säheriň ýaňagy,
Ahmal ak bulutlaň gökde ýanary.
Daglaryň ýalazy çal gaýalary,
Juda howalanyp görünýär daşdan.
Gün zeminden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Ýaran bolup ýagşylyga, şatlyga,
Basyp depesinden baky şumlugyň,
Her säherde Gün täzeden dogulýar,
Galkýar syryp perdesini tümlügiň!
Bu hadysa Ýer döräli bäri bar.
Beýikleriň gaýtalanmak däbi bar!
Atamyrat ATABAÝEW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý.
Iliň aladasy, il üçin dörän
Goç ýigidi rahat ýatyryp bilmez.
Olar bakylyga gidenden soňam
Topragy arkaýyn ýapynyp bilmez.
Aram-aram il oglunyň täzeden
Gaýtalanyp gelmesi bar zemine.
Aýry-aýry ýaman adamlar üçin,
Olar kine edip ýörenok ile.
Çünki il özüni has ulaltmagy,
Beýgeltmegi çyn ogluna ynanýar.
Şol ogullaň başy beýgeldik saýy,
Il öň beýik,
Ýöne hasam beýgelýär.
Ilki ogul öz iline eýgerýär,
Soň bütin il öz ogluna eýgerýär,
Il ogluny,
Ogul ilin eý görýär.
...Agşam ýagan salkyn ýagyşdan soňra
Säher görünenok dumandan ýaňa.
Dumana dolanyp görnenok şäher.
Daglar howalanyp görnenok daşdan
Serpip ak hasa dek argyn dumany
Oň içinden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan:
Atabaýew
Gaýgysyz
Serdarowiç!
Köçeler ýagtylýar,
Ýagtylýar şäher.
Ýyrtylýar dumanyň symgylt perdesi.
Lowurdaýar ak säheriň ýaňagy,
Ahmal ak bulutlaň gökde ýanary.
Daglaryň ýalazy çal gaýalary,
Juda howalanyp görünýär daşdan.
Gün zeminden çykýar ýuwaş-ýuwaşdan.
Ýaran bolup ýagşylyga, şatlyga,
Basyp depesinden baky şumlugyň,
Her säherde Gün täzeden dogulýar,
Galkýar syryp perdesini tümlügiň!
Bu hadysa Ýer döräli bäri bar.
Beýikleriň gaýtalanmak däbi bar!
Atamyrat ATABAÝEW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.