Ýeñiş/Kerim Gurbannepesow

Ýanwardamy,
Apreldemi,
Maýdamy,
Ýa başga aýdamy – gelerkäň haçan?
Çözülýänçä bu sowalyň jogaby,
Milýon ömürleri äkitdi ajal.
Garaşdyk biz Saňa gözümiz ýolda...
Emma weli
Saňa garaşmak diýmek
Söýgüli bir gyza garaşýan ýaly
Erik saýasynda ah çekmek, köýmek
Däldi. Oňa görä has uly zatdy,
Garaşypdyk Saňa göreşler bilen.
Ol göreşleň niçik göreşdigini
Diňe garaşan däl,
Göreşen biler.
Garaşmak, göreşmek – bu iki dogan
Biri arzuw berdi, birisi ynam.
Şol iki doganyň bolan ýerinde
Mydam bola-bola gelýänsiň
Senem.
Ahyry biziňki bolmalydyň
Sen. Şeýle boljakdygam anykdy juda.
1 лайков 142 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
DonMaxx
16 сен 2022, 04:28
yetirip dur biwepa yarym