Garaşýan gyzyň haty

Berilen ygrarda wepaňda durup,
Geljek ýollaryňa boýnuňy burup,
Ýalňyzlykda arzuw hyýallar gurup,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Maňa garap dursa ajaýyp bakyş,
Onsoň hiç bir zady görmerin ýokuş,
Az müddetem däl ol iki bahar gyş,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Jaň ederňe şol garaşyp intizar,
Bir özüm oturyp çekerin azar,
Ýekelikden belki Hudaýam bizar,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Sessiz halaýan bar habar gatýan bar,
Ondan mundan agyz urup ötýän bar,
Sözünde durmany taşlap gitýän bar,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Ýekelikde geçmek kyndyr bu ýoly,
Iňňe bilen guýy gazanyň ýaly,
Ine şeýleräjik magşugyň haly,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Arkaýyn bol men gitmerin özgerip,
Garaşaryn saňa gujagym gerip,
Hatda halym sora delalat berip,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýigit!

Ýigitleň içinde ýokdur senden zor,
Bakaryn ýoluňa mydam intizar,
Şeýle päk söýgümi harlamasaň bor,
Iki ýyl garaşmak ýeňil däl ýarym

Süleýman Tekäýew
1 лайков 143 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
14 сен 2023, 20:55
Gaty gowy goşgy eken sag bolun ýetireninize men sizin hemme goşgularynyzy halaýan size dine üstünlik
Süleýman
Автор 14 сен 2023, 20:58
Genial,
Wagt tapyp okaýanňyza sagboluň
hhGenial
14 сен 2023, 21:02
Sizin goşgularynyzy okaman bolarmy siz ýazan goşgy bolsa hokman wagt tapyp okaýanaa
Sagatjyk
14 сен 2023, 23:41
https://drive.google.com/drive/folders/1t8GoFrbxhNyxj8PjQ3WGzfZeH1VTWFdç
Sagatjyk
14 сен 2023, 23:42
Moderator @Telwas (öňki Nirvana) barada faktlar
Oglan
15 сен 2023, 01:06
Süleýman aga gaty görmeseňiz goşgyň gurluş taýdan gowy. Ýöne erkek oglanyň ýazany bildirýä. Ýagny gyzyň duýgulary has inçe bolýar. Şoň üçinem gyzyň hakyky özini görüp bilmedim menä goşguda. Egerde dogry düşünseňiz
Süleýman
Автор 15 сен 2023, 09:23
Yonekey,
arkaýyn bol dostjan dogry düşünýän gatam göremok men kemçiligimi görüp aýtman dymyp geçýänleri halamok sagbol hökman pikirleriňi göz öňüne tutaryn
Oglan
15 сен 2023, 09:57
Sabyrly,
?
Oglan
15 сен 2023, 09:57
Sabyrly,
?