"Meni bagyşlama!" (dowamy)

Merdan dünýäme girişi kimin duýdansyz gitdi mesgenimden öz mesgenine tarap. Özi üçin urýan ýüregiñ dad-u-perýatlaryny eşitmedimi? Ýa eşitse-de biperwaý garadymy? Sowallar...Sowallar. Olardan halas bolmagy umyt edip, süýji ýatlamalaryñ gaçybatalgasyna siñip gidýärdim. Merdan bilen geçen günlerimiziñ lezzetini ýañadan duýmak üçin hyýalda şol günlere dolanýardym. Meniñ otuz alty ýaşymda, onuñ kyrk bir ýaşyndadygyna garamazdan duşuşyklarymyzda on sekiz ýaşly jahyllardan parhymyz ýokdy. Saçlarymy gyzgyn elleri bilen sypaýan söýgülimiñ ýürek urgularynyñ neneñsi batlydygyny duýardym döşüne başymy goýup. Ikimizem birek-biregi görenimizde şeýle tolgunardyk. Başgaça bolmagy boljak zat däl ýalydy. Asylam, söýginiñ ynsany juwanlaşdyrmak jadysy bar eken. Söýgä duşmazymdan owal ruhum garrap, tapdan düşen eken. Ýok, hasam aýylganç. Ruhym ölen ekeni.
Mahal-mahal oýlanýan. Belki, senem oýlansyñ. Beýle güýçli yşka mynasyp bolar ýaly Merdanyñ senden üýtgeşik boý-syratam ýokdy. Adaty, erkek kişidi. Onda näme üçin seniñ nazaryñda ol beýle naýbaşy diýýäñmi? Ol naýbaşy. Mydama-da naýbaşy bolmagyna galar. Çünki, senem, senden owal söz aýdyp, ugrumda sergezdan bolanlaram maña özümi şeýle söýülýän zenan hökmünde duýduryp bilmändiler.
Ol özünden öñ hiç kimiñ görmedik närsesini - ruhumy gördi. Zenan ruhuny görmegi diñe köñül gözi açyk erkek kişiler başarýan bolsa gerek. Galanlary üçin bolsa zenan diñe bedenden ybarat. Erkegiñ ähli ätiýaçlaryny kanagatlandyrýan beden.
Merdan gideninden soñ ruhym ýene görünmezlik donuna bürendi. Dogry, telefonda sesini eşderdim käwagtlar. Ýöne bar bolany şol. Dynuwsyz edýän jañlaryma-da iş başagaýlygy sebäpli birde jogap berse, birde berip bilmezdi. Gepleşeninde welin şo-ol mähribanlygy. Mähriban sesiniñ, datly sözleriniñ tagamyny hasam oñat duýmak üçin gözümi ýumup ony ýanymda göz öñüne getirerdim.
- Küýsediñmi meni? - diýip, jogabyny bilýän sowalyny sorardy.
- Küýsedim diýsem gelermiñ? - diýip, özüne sorag bererdim.
Şonda näler gelesiniñ gelýändigini, emma, gün-güzeranyny dolamak üçin işleýändiginiñ päsgel berýändigini aýdypdy.
- Seni dünýädäki ähli zatdan beter söýýän -diýibem üstüne goşupdy.
Gatnaşygymyz hemişe şeýle gülala-güllük dowam eder öýdýärdim. Ýalñyşan ekenim. Gözden yrak bolan göwündenem yrak bolarmyş. Ilkibadalar diñe söýgi sözlerinden ybarat bolan gepleşiklerimiz soñlugy bilen dawa-jenjellere syrykdy. Merdan her gezek bu aradaşlykdan ýadandygyny ýañzydyp, meniñ öz ýanyna gelmegimi hatda goş birikdirmegimizi haýyş edýärdi. "Menem dünýäden maşgalasyz, perzentsiz ötmeli däldirin-ä " diýip janykýardy. Onuñ ýagdaýyna añryýany bilen düşünsemem, edere alajym ýokdy. Gyzlarymy senden aýryp bilmejegim çürt-kesik. Aramyzdaky uzaga çeken dawalardan soñ gözüm gan çanagyna dönýänçä aglaýardym. Ýadyña düşýän bolsa, bir gezek işden geleniñde ahwalymy añyp: "Näme boldy? Kim göwnüñe degdi?" diýip sorapdyñ. Şonda şeýle bir begenipdim, Garýagdy. Ilkinji gezek ruhumy görüpdiñ. Men naçaryñam göwnüniñ bardygyna düşünipdiñ. Emma indi boljak iş bolupdy. Ýüregimiñ üstünde özgäñ aýak yzlary bardy.
Merdandan üç-dört gün kineli gezdim. Şonda-da sesini eşdesim gelip ölüp barýardym. Barybir özi habar tutmasa habar tutjak däldim. Şeýle günleriñ birinde joram Dursun geldi myhmançylyga. Bilýänsiñ, şol wagtlar adamsy bilen goşuny aýranyna bir ýyl-a bolan bolmaly. Merdan ikimiziñ aramyzdaky söýgiden diñe onuñ habary bardy. Käteler müýnürgäp, käte-de joşup-joşup gürrüñ bererdim oña Merdan hakda. Aýtmanam bilerdim. Ýöne meniñem kimdir birine içimi dökesim, kimdir biri bilen dertleşesim gelýärdi. Şol günem Merdan bilen dawalaşanlygymyz hakda gürrüñ berdim aglaýjak-aglaýjak halda. Ilki sesini çykarmady. Esli salym oýa batanyndan soñ "Wah-eý ol-a bolmandyr" diýdi. Göwnüme, ahwalyma begenip, ýüzündäki ýylgyrşy gizlejek bolýan ýalydy. Ýüregimde şübhe döredi. Daşa çykaryna mähetdel el telefonyny dörjelemäge durdum. Saña ýalan, maña çyn, hut öñ ýanynda gije gepleşilen belgileriñ arasynda Merdanyñ belgisi durdy. Bir sagat gowrak gepleşipdirler.
Ondanam beteri birgiden sms-ler bardy tanyş belgi bilen Dursun tarapyndan ýazyşylan. Maña ugradylýan sms-lerden känbir parhlam däldi olar. Küýseýändigi, söýýändigi hakda ýazypdyr Merdan.
Ynan, Garýagdy, endamyma müñlerçe iññe sünçselerem şol pursatky yzamdan asgyn gelerdi yzasy. Gözüm garañkyrap, ýykylaryn öýdüpdim. Tä Dursun hoşlaşyp gidýänçä şol halda otyrdym.
Dursun gidip, özümi mazaly dürsänimden soñ hasap soramak üçin Merdana jañ etdim.
- Mensiz oñup bilmejegiñi bilýärdim - diýdi oñly salamlaşyp salamlaşmankak.
- Howwa, seniñ Dursunsyz oñup bilmeýşiñ ýaly - diýdim. Sesimiñ sandyramagyny saklap bilemokdym. Merdanyñam allaniçigsi bolandygyny sesinden añmak bolýardy.
- Nireden eşitdiñ muny? Dursun aýtdy gerek? Oña ynanýan dälsiñ-ä. Ikimize göriplik edýär.
Ikisiniñ arasyndaky ýazyşmalary okandygymy aýtdym. Dymdy. Sähel salymdan naýynjar görnüşe geçdi.
- Bagyşla, ýöne meniñ señ bilen hiç hili geljegim bolmazdy bu bolşuña. Sen adamyñdan geçip bileñok. Dursun bilen welin...
Dyñzap gelen gaharym sözüni dowam etmegine ýol bermedi.
- Dursunyñ başy boş-da, şoñ üçinem isleseñ oña öýlenibem bilersiñ, şeýlemi?
- Bagyşla...
Merdanyñ gepini mundan artyk diñlemäge bognum ysmady. Bu gezekki gözýaşlarym öñküleriñ çaky-da däldi. Böwedi böwsülen derýa dek çykýardy göz owalarymdan.
Görsene, bu pelegiñ oýnuny, Garýagdy. Men saña ikilik etdim, ol maña. Özüñe ikilik edilenini bilmän bagtly ýaşap ýörmek gowumyka ýa ikilik edilenini bilip, ataşlar içinde örtenmek? Sen-ä ikilik edilenini bilmän dünýäden bihabar gezip ýördüñ, menem ikilik edilenini bilip örtenip.
Meni mukaddes ojagymdan, nikaly ýanýoldaşymdan geçiren duýgularymyz ýalanmydy? Ýalan bolmasa neneñ ikilik edip bilerdi maña? Dursuna o sözleri ýazan elleri, aýdan dilleri titremeli ahyry. Titremek nire asyl, eli, dili barmaly däl-ä menden özgä söýgi sözlerini aýtmaga.
Aklymyñ - meni iñ başyndan bäri öz hökmürowanlygyna eýertjek bolup başarmadyk aklymyñ sesi häzir şeýle bir ötgür çykýardy welin, ony dymdyrmak ýa sesini peseltmek mümkin däldi. "Sen barypýatan akmak! Haýsy iki sany owadan söz aýdan üçin adamyñdan geçjek? Ana, geçdiñem-dä, gördüñ dälmi günüñi?!" diýip, tutaşan ody has-da gorsaýardy.
Geleninde ýüregimdäki boşlugy dolduran ynsanyñ gideninde şondan has uly boşluk goýup gidişi neneñsi adalatsyzlyk! Bu adalatsyzlyk ahyry, Garýagdy. Men indi nädip oñmaly onsuz? Has dogrusy, yşksyz, söýülýänimi duýman ýaşamaly. Merdan durmuşyma girmezden owal ýaşapdym, çünki söýülmegiñ neneñsi duýgydygyny bilemokdym. Indi welin, söýülmegi duýupdym. Bilmeýän, tanamaýan duýgusyny başdan geçirmän oñup biler ynsan. Emma bilip, tanandan soñ şol duýgusyz oñmak ýokuş deger.
Merdansyz oñmagam çendenaşa agyr düşdi. Telefonymda gizläp goýan bile düşen suratlarymyza serederdim ony küýsän wagtlarym. Ilkibadalar her sagatda gaýtalanan bu hereketim, ýuwaş-ýuwaşdan günde bir gezege çenli seýrekledi. Suratlara seredip, gepleşerdim onuñ bilen. Ahwallaryny sorardym. Aglap bilmezdim ýöne. Aglamakdan ýaña gözümde ýaş galmandy.
Ahwallarymyñ ýaramazlaşmagynyñ ýeke sebäbi olam däldi. Başym aýlanýardy birnäçe gün bäri. Käte hiç hili duýdansyz käte-de dartgynly, gamgyn pursatlarymda şeýle bolardy. Ysgynsyzlyk günler geçdigiçe ýadaw bedenimi hasam ýadadýardy. Şeýle günleriñ birinde agyraýakdygymy bilip galdym. Lukmanyñ muny aýdan pursaty dek düýnki bolan deý ýadymda. Hamala, aýdan sözleri ýüzünde-de ýazylgy duran ýaly, ýüzüne soragly gözlerim bilen seredip durupdym. Geñirgenendigimi añan bolsa gerek, "Garaşañyzokmydyñyz?" diýip sorady. Jogap bermäge ne-hä dilim bardy, ne-de oña berjek jogabym bardy. "Ýok, men ol çagañ kimdendigini bilemok" diýeýinmi dagy?
Öýe barýan ýolda münen ulagymyñ penjiresinden daşaryny biparh nazarym bilen synlap oturşyma oýlandym. Ölüm hem ýaşaýyş biri-birine sepleşip gidýär. Meniñ ruhum öldi, yzysüre-de bedenimde täze bedeniñ - täze ýaşaýyşyñ döräp ugrandygyny bildim. O barmaşa-da serimde özümden biygtyýar bir pursat janlandy.
Joram Laçynyñ "Alar ýalysam ýok, zyñar ýalysam" diýdirýän gerekmejek odur-budur goşlaryny salýan kiçijik kümesi. Jorama bäş-üç manat sowalga puly berip, pynhan duşuşyklarymyzy şol ýerde gurnaýardyk. Merdanyñ jaý gurmakdan ýaña gabarçak-gabarçak bolan gyzgyn, dogumly eli uzyn saçlarymy mymyk şemal deý assa sypalaýar. Beýleki eli bolsa meniñ elime mäkäm baglanan. Gözlerimi süzüp, pursatdan lezzet alyp oturşyma,
- Ýoldaşym maña ogul berip bilenok. Senden oglum bolaýsa - diýenimi duýman galýaryn.
Agzymdan çykan söz kelläme ýeteninden soñ dilimi dişleýärin. Merdan dylym-dylym edip ýylgyrýar-da,
- Oglumyz. Ikimiziñ oglumyz - diýip gaýtalaýar.
Ýakymsyz ýatlamadan soñ seniñ keşbiñ göz öñümde janlanýar. Ýene bir perzendimiziñ dünýä injekdigini bilseñ begenjiñden guş bolup uçsañ gerek. Ýadyña düşýärmi, ýañy durmuş guraýan günlerimiz geljekki ykbalymyz barada kän arzuwlar ederdik.
- Näçe çagamyz bolsun isleýäñ? - diýipdiñ şonda.
Menem aýtmaga utanyp:
- Hudaýyñ bereni bolar - diýipdim.
- Bäş sany çaga bersin Hudaý - diýip, ýylgyrypdyñ.
Seniñ şol arzuwyña perişdeler "Omyn" eden bolmaly. Ilkinji gyzymyzyñ dünýä inen güni men goja dünýädäki iñ bagtly zenan bolupdym. Ol kiçijek, enaýyja, ellerini-aýaklaryny ikiýana yrgyldadyp gözjagazlaryny ýumup ýatyşyna ikimize neneñ uly bagty bagyş edendigini añanam däldir. Onuñ eljagazlaryny gysymyña gysymlap,
- Gyzymyz biziñ hazynamyz. Adyna Altyn dakaly - diýipdiñ.
Altyn dünýä ineninden soñ tutuş durmuşymy onuñ gün tertibine görä üýtgedipdim. Uklan pursatlary ses-selemsiz perişde dek päk görünişini synlap oturardym. Az salymdanam öýüñ işleri ýadyma düşüp, iki aýagym bir gonja salynan ýaly bolardy. Işlerimi haýdap-haýdap dynanymdan soñ bolsa onuñ uklap ýatyşyny synlap uklap galardym.
Altynyñ bäbekhanadan çykanyndan soñ çyrçygy ýetipdi. Häli-şindi dümewlärdi, gyzgyny galardy. Ählisinde-de "Sen eje. Çagaña özüñ seret" diýmän, meniñ bilen deñ "nobatçylyk çekip" süýji ukyñdan galardyñ.
Bu zatlary ýatlap oturşyma seniñ oñat atadygyñ baradaky hakykaty ýene bir gezek boýnuma aldym.
Agşam adatdaky wagtyñda işden geldiñ. Öñüñde çaý-naharyñy goýup, ýanyña çökdüm. Işdämenlik bilen garbanyşyñy synladym.
- Şu gün sende bir zad-a bar - diýip soragly nazarlaryñy okladyñ.
Ýüzümde ýylgyryş bilen müýnürgemäniñ goşulyşmagyndan dörän garaýyş bardy. Ýene bir perzendimiziñ boljakdygyny buşladym.
- Aý ýog-a. Çynyñmy?
Oýun bolmagyny isleýärdim. Göwrämdäki perzendiñ Merdandan bolmak ahmallygy-da ýüregimi hopukdyrmaga ýetikdi. Baş atdym. Agzyñ gulaklaryña ýetenini görüp, özümi hasam ýazykly saýdym.
- Gyzmy, oglanmy? Wiý, entek belli bolýan däldir-ow.
Özüñ sorag berip, özüñ jogap berip oturşyñdanam neneñsi tolgunýandygyñy añýardym. Garýagdy, käşgä menem sençe begenip bilsedim bu täzelige. Käşgä, bedenimde kemala gelýän täze beden maña iñ uly ýalñyşlygymy ýatlatmasa.
Ertesi öýe geleniñde eliñde bir topar çaga geýimleri bardy. Kiçijik köwüşjagazlar almagam ýadyñdan çykarmansyñ. Heniz gapynyñ agzynda köwşüñi çykaryp durkañ "Lälezar, görsene alan zatlarymy" diýip, ýyrş-ýyrş etdiñ. Olary torbalaryndan çykaryp, edil garşyñda geýmeli çagajyk duran ýaly howada saklap gördüñ.
- Gyza boljaklaram bar, oglana boljaklaram. Aý, soñ sowgat-powgat diýip berersiñ-dä geýdirmejekleriñi.
Saña hiç zady bildirmezlik üçin eşikleri üns bilen synlan boldum.
Ogul boljakdygyny buşlan günümdäki begenjiñ welin öñküleriñ çeni-çaky däldi.
- Lälezar, men durmuş guranymyzdan bäri şu habary berjek günüñe garaşypdym - diýip ýüregiñden syzdyrdyñ. Soñam boýnuñy burup, göz owalaryñdaky çyglygy süpüreniñi gördüm. Saña beýle duýguçyldyr öýdemokdym. Ikimiziñ aramyzda hiç haçan ogul perzent, gyz perzent gürrüñleri bolmandy. Asyl görüp otursam, sen ogluñ bolmagy baradaky arzuwyñy şunça ýyllap gursagyñda göterip gezen ekeniñ.
Gadam dünýä ineninde gelnalyjy bezeden ýaly maşyn bezedipdiñ. Eliñdäki ter çemenleri maña uzadyp, gujagymdaky oglumy öz gujagyña alypdyñ.


Mahym Nurgeldiýewa.

Dowamy bar.
6 лайков 236 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
14 сен 2023, 20:59
SAGBOLUN kop kop ýetireniniz üçinnnn
Süleýman
15 сен 2023, 10:23
Gowy bolupdyr men beýle burluşa garaşmandym meniň pikirimçe hekaýany okaýan adamlaryň garaýyşlaram roly başga ýana burmagňyza iterdi öýtýän üstünlik
Azasan.?
15 сен 2023, 11:11
Yzynam tiz arada yetirewerin gaty gyzykdymla. Merdanyn taslap gitjegini onki sanynda pikir edipdim ozumce.
Belki
Автор 15 сен 2023, 14:50
Sabyrly, ýok öñden bäri meýilleşdirişim şonuñ ýalydy. Sebäbi hakykatda-da ussa ol gelni terk edipdi...
Yusup
15 сен 2023, 17:40
ussanyn yeke yalnyshy bashga nomer bn janlashyp sms yazyshmaly eken jorasy bn. Bir okda iki towshan awlatmaz. Awlatsada hezil bermez. Azyrak barden gaydyan yeri bar eken ussanyn