Siz nähili garaýarsyñyz?

Salam. Gowmy ýagdaýlaryñyz?
Meñ ýagdaýymy sorasañyz-a Hudaýa şükür! Şol ýere agram berip, ýaşap ýörün öz dünýäm bilen. Şahyr aýtmyşlaý, daşarda dekabr bolsa-da gursagymda ma:ýy göterip...
Ine, sanaýmaly gündenem Täze ýyly garşylamaly. Täze ýyl gelenligi üçin hiç hili tolgunma duýamok. Tersine, ömrümizden ýene bir ýyl gidýäniniñ gynanjy bar. Öñler her ýylyñ ahyrynda şol ýylyñ mende galdyran täsiri hakda oýlanardym. Indi olam ýok. Ýyllar barha biri-birine meñzäp, gelip geçip dur. Ýaşymyz ulaldygyça kä zatlar ähmiýetini ýitirýär, kä zatlar ähmiýet gazanýar...
Mende-hä şeýleräk. Siziñ Täze ýyla garaýşyñyz nähili? Täze ýyly nähili belleýärsiñiz? Täze ýyla degişli gyzykly başdan geçirmäñiz barmy?
1 лайков 315 просмотров
39комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 11:58
Sagbol! Täze ýylyň gitly bolsun, sadikde işleýän bolsaň işleriňde üstünlik!!!
Täze ýyl başdan geçirmelerini: kiçijik çagalardan, ýaş ýeleňlerden, söýüp söýüşýänlerden we soňam alkşlardan soraýmaşak, biz ýaly tihiý adamlarda näme priklýuçeniýa bolsun!? ;)
Dowsypat
23 дек 2023, 12:23
Aýazbaba hat:
Salam garry töňňe.Men saňa her täze ýyl baýramynda garaşypdym.Ynha şu ýyl hem garaşdym,emma sen gelmediň.Indi saňa hiç wagtam ynanmaryn.Hormatlamak bilen Berdimät akga 74 ýaş.
#B.S
23 дек 2023, 13:27
Haçanda hristiýanlar Remezan bellese, haçan ýewreýler Leýlet ul Kadrda gije ýatman dileg doga etse, Haçan Buddistler gurban baýramynda goýun soýsa, şonda bellejek menem täze ýyly....
Belki
Автор 23 дек 2023, 13:36
Uly hojaýyn, çagalar bilen gaty başga-la Täze ýyl. Dogrusy, öýümi-hä bezemedim, topar bezeme höwesimem ýokdy welin, gapdal toparyñ bezänini görüp, çagalar kemsinmesin diýip bezedim. Arçany getirip gözleriniñ alnynda jäjek dakdym welin begenişip, "Mollum bizem bezeýäs" , "Bizde-de jäjek bar" diýip jedirdeşlerini görsediñiz.
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 13:36
Khanture,
Onda hiçhaçanam täze ýyl bellemeýäň!
Belki
Автор 23 дек 2023, 13:38
Uly hojaýyn, belki arañyzda söýüşýän ýaş-ýeleñ ýa-da çaga bardyr diýip soran bolaýmaýyn ))
Belki
Автор 23 дек 2023, 13:40
Meñ bir joram bar her ýyl ullakan arçasyny öýde bezäp goýýan eken. Yrym edip ýörite iki jäjegem alar eken öñküleriñ üstüne. Ýogsam öýlerinde çaga-da ýok. Şoñ Täze ýyl tolgunmasyna gözüm gitdi.
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 13:40
Belki
Uly hojaýyn, belki arañyzda söýüşýän ýaş-ýeleñ ýa-da çaga bardyr diýip soran bolaýmaýyn ))

Buda bir mümkin wariantlaryň biri...
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 13:49
Belki
Meñ bir joram bar her ýyl ullakan arçasyny öýde bezäp goýýan eken. Yrym edip ýörite iki jäjegem alar eken öñküleriñ üstüne. Ýogsam öýlerinde çaga-da ýok. Şoñ Täze ýyl tolgunmasyna gözüm gitdi.

Joraňam ýaş eken!
Belki
Автор 23 дек 2023, 13:51
Uly hojaýyn, ruhuñy ýaş saklamak möhüm faktor!
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 13:54
Belki
Uly hojaýyn, ruhuñy ýaş saklamak möhüm faktor!

Ruh faktorynyň peýdasy ýok joraň özi garry bolsa
Belki
Автор 23 дек 2023, 14:05
Uly hojaýyn, şeýle baýramçylyklara höwesli bolmagynda peýdasy bar.
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 14:12
Belki,
Berekella!
Belki
Автор 23 дек 2023, 14:13
Uly hojaýyn, höwesliliginemi? )
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 14:21
Belki,
Howwa, edil özi!
Uly Hojaýyn
23 дек 2023, 14:23
Belki,
Goý Täze ýyl baýramçylygyň şatlyk şowhun getirsin, yzy bilen saňa Ak atly şazadaň bilen Bagt getirsin! Bagt gormonlaryň gaýnap joşsun!
Belki
Автор 23 дек 2023, 14:45
Uly hojaýyn, sag boluñ, minnetdar. Sizem ýüregiñizde näme arzuwlar beslän bolsañyz şolara ýetiñ.
Goklors
23 дек 2023, 14:55
Bäää täze ýyla nähili arak alsamkam. Gymmadam bolsa özüm üçin birje orsuň aragyny almaly.
Goklors
23 дек 2023, 15:00
Et näçe ýaşaýan ýeriňizde? Sygyr, goýun. Çişlik üçin taýýar doňyz eti 70 manat eken.

Produkdaň gürrüňini etseňizle. Arzuw-parzuw hiçle.
Belki
Автор 23 дек 2023, 15:14
Göklors, ejem farş aldyranok ) Soñky alan malymyzdanam jylka az çykany üçin üwedip bolmady ) Garaz, et döner, somsa, fitçi ýaly ugrunda ölýän naharlarymy dastawka etdirip iýýän diñe.
Belki
Автор 23 дек 2023, 15:17
Ýöne et döner diýseñ işim gaýdýandyr meñ. Içini dolduryp, agzyñdan moýonezini akdyryp...
Ana ýene agzym suwardy )
Seneca
23 дек 2023, 16:08
Geçen ýyl mende-de boldy hut şu ýagdaý. Höwesim ýokdy, we geň zat däl ýaly gelýärdi, gyzykly geçmedi. Şu ýagdaýyň ady hem bolmaly, köp zatdan (esasanam täze ýyl ýaly baýramçylyklara garamazdan) lezzet alyp bileňok, ýa-da höwes, motiwasoýa bolmaýar, gaýgyly, gamgyn bolýaň.
Meniň pikirimçe, durmuşymyz şol bir disiplinada hereket edip, aýlanyp durandygy üçin bize köp zat ähmiýetsiz gelip ugraýar, sebäbi şol bir zatlar bizi ýadadýar. Şol sebäplem durmuşymyza bir täzelik goşmaly, täze pursatlara rugsat bermeli. Meselem täze bir güýmenje tapmak, täze zat bilen meşgullanmak, täze adamlary tanamak we ş.m. Täze ýylyň şeýle özi gyzykly däl, ony biz şowhunly etmeli. Aýlanmaly, gürleşmeli, gülüşmeli. Täze ýyla degişli näçe köp zat görseň, näçe köp şowhunly hereketlere, adamlara gabat gelseň şonça-da senem şadyýan bolup başlaýaň. Iň azyndan meniň özüm-ä şeýle hasaplaýaryn.
Belki
Автор 23 дек 2023, 16:19
Seneca, soñ höwesi nädip döretdiñ, gürrüñ ber-ä.
Edepli Gödek
23 дек 2023, 17:08
Ozalraklar uly tolgunma bolýady...? indä şol bir gün ýaly?‍♂️
DIYER BI PRODAKSHYN
23 дек 2023, 20:04
Jemläp aýdañda ýaşyñyz gaýdyşýa... şol sebapden gitdigice gyzygy gacya
Goklors
23 дек 2023, 21:25
1-ne iş düşýä. Irden galmak kyn bolar. Rola münüp bolmaz, ýeňiljek aw bolaryn. Ýol ulaglar az bolýa o gün. Ertisi günüň kelle agyrsy. Onam düzetmeli bor. Ine alada
Nazar
23 дек 2023, 22:34
Men 1-2 ýyl gijä galyp ýöreýän. Käwagtlar käbir zatlaryñ ustunden 1-2 ýyl geçenine ynanman oturýan edil düýn ýalydy dp. Kalendarda şol bir adaty gün bolup geçip gidýä. Umuman alanyňda Ýaşyň ulalyp aklyň goýalşdygyça gyzygy ýitýän eken we özüň gyzyklandyrmaly bolyandygyna düşünýäñ. Ýöne gyzyklandyrmak üçin ylham, joşgun, höwes bolmaly. Çagalykda, yetginjeklikde gün tertibiň okuw-öý-gezelenç-joralar dostlar-Oýun, güýmenje we şm
Emma ýetişeñsoñ iş-öý grafikde bolýar. Ýuwaş ýuwaşdan motiwasiýa ýitip ugraýar. Maşgala gurlandan soñ bolsa durmuşyň indiki tapgyryna: bakylýan döwürden bakýan döwrüñe geçip gidýäñ
Nazar
23 дек 2023, 22:38
Eýýäm 25 ýaşanyň saña ýokuş degýär sebäbi beýni kabul edip ýetişenok. Entek öňde 30,35,40,50 ýaşlaryň bardygyny pikir edeniňde ol ýaşlardaky halyñy göz öňüňede getirip bilmeýäň. Ýöne wagtyň geçip durşy welin seni ýuwaşjadan şol ýaşlara äkidip ýuwaşjadan öwrenişdirýär
Belki
Автор 23 дек 2023, 22:42
Fan B, gussa batyrjak bolmaý-da öñem ýagdaý öwerlik däl )
Käşgä adam ýyl geçdigiçe garramagyñ deregine, ýaşarýan bolsady, geljege nähili höwesli bolardyk.
Seneca
23 дек 2023, 23:59
Belki,
Kän zat etmedim, bu ýagdaýy kabul etdim we dostlarym bilen arça diýdi, seýilgähler, marketlar diýdi aýlandyk, täze adamlary gördügiňçe, daşardaky şowhuny gördügiňçe (arça we ş.m ýerlerde adam örän köp bolýar) özüňem islemeseňem şowhuna goşulýaň (iň azyndan motiwasiýa berýär). Bu ýagdaýy yzygiderli edip durdym welin gaýgylar zym-zyýat bolup gitdi.
Mende şeýle-de mydama höwes bar, okamaly zatlarym ýadyma düşende begenip gidýärin, ýa-da öwrenmeli zatlarymyň kändigi, näme üçindir bilemok emma maňa höwes, itergi berýär. Ýöne herkim men däl, içgysma diýdi, sussupeslik diýdi, gaýgy-alada, çekinjeňlik, utanjaňlyk, ynamsyzlyk, dürli gorkular, islegsizlik we ş.m hal-ýagdaýlar gaty köp adamda bar. Bularam biziň şahsy kemçiliklerimiz, we bu şahsy kemçiliklerimiz tejribäniň üsti bilen çözülýär.

Hol gün imo-da sähel motiwasiýa beriji (meniň üçin beýle-de däl, tak göwnüm isledi goýaýdym) iki agyz söz ýazyp lenta goýdum, ýagny "çekinmäň, aýlanyň, öz durmuşyňyza üns beriň" ýaly, gaty köp kişi maňa şu sähelçe iki agyzlyk höweslendiriji söz üçin minnetdarlyk bildirdi, daşaryk çykyp bilmeýändigini aýdýandan, utanýandygyny, höwesiniň ýokdugyny, gorkýandygyny, çekinýändigini aýdýan kişilere çenli ýazdylar. Soň şeýlelik bilen adamlaryň motiwasiýa, höweslendirmäge, ugrukdurmaga we iki agyz ýyly söze hem mätäçdigini gördüm.