Hatyraly Halyl

Aşgabadyň iň gözel ýeri bolan botanika bagyndaky dürli daragtlaryň goýy,salkyn saýasynda oturmak tüp yssyda diýseň hoş ýakýardy.Biz bu bagda giriş synaglaryna taýýarlyk görerdik.Günleriň birinde on-onbäş ädim garşymda otuň üstünde oturan ýigit kitap okamasyny hem goýup, maňa tiňkesini dikdi durdy.Ol çepiksije göwresini özüne çekiji görkezýän uly gulaklaryny herreldip,maňa ýüzlenmäge maý gözledi.Onuň edep-ekramlygy daş keşbinden duýdurýardy.Men kitabymy bir tarapda goýup:"Bäri geläý!" diýdim.Ol gelen dessine:"Halyl!" diýip,elini uzatdy:"A sen bolsa Öwlüýäguly".Ara dymyşlyk düşdi. Onuň meni tanaýandygyna haýran galdym. Ol mylaýym ýylgyryp,birhaýukdan soň arasy kesilen sözüni dowam etdi:"Sen Rehmet Seýidowyň ýegeni bolmaly".Meniň bilesigelijiligim goşalandy:"Ony nädip bilýäň?"."Senem,menem umumy ýaşaýyş jaýynda bolýarys.Meşhur şahyryň ýegeniligiňi bilýän bar ekeni"."Daýyly oglan dartyk" diýlenini etmän,"Aý,bolamda näme?! diýdim."Kösenmezden okuwa girersiň" diýdi. Men öz güýjümi synap görjegimi duýdurdym-da:"Kişiniň abraýy bilen okuwa girmek birhili-le" diýdim.Hamala,Halyl hut şol söze garaşan ýaly,jogabymdan diýseň hoşal boldy.Ýitirip tapan arzyly dostuna sataşan deý,sahawatly nazaryny hoşnut halda dikdi-de,ýylgyrdy.
Uniwersitete girmek üçin alty-ýedi synag tabşyrmaly.Bir orun üçin üç adam arza beripdir.Halyl giriş synaglaryndan çalaja-da heder etmeýän halda: - Men-ä eýýäm okuwa girmäge gelen oglanlaryň agzyny ysgap gördüm.Hiç birem bizden ýiti däl. Nesip bolsa,abraý bilen okuwa gireris.
Halyl özüniň gowy niýeti bilen meniňem kalbymda ynam uçgunlaryny döretdi. "Göwni açygyň ýoly açyk" diýleni boldy. Halylam,menem Maksim Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň talybydyk.Uly arakesme wagtydy.Bir görsem,Halyl ýyljyraklap maňa tarap gelýär. "Aýtdym-a gyzlaryň ýanynda ýüpsüz daňylgy durandyr" diýip,henek görnüşinde ýüzlendi.
- Bularyň ýany ýaman däl-ä.Sözüm ýalan bolsa aýt!
Soňra Halyl üm bilen yzyna düşürdi-de,adam seýrek ýerde aýak çekdi.Ol ýüz-gözüme ünsli seretdi-de:"Näme olaryň birine aşyk bolaýdyňmy?" diýip,sorady."Biler bolsaň,men gülleriň bagbany".
- Birden gülleriň hoşboý ysyna bihuş bolaýma - diýip,heziller edip güldi-de, çynlakaý görnüşe geçdi - Meniň gülüm Çärjew ( häzirki Türkmenabat - Ö.M.) şäherindäki pedinstitutda okap ýör.Ady Meretgül.
Uly arakesmäniň gutarmagyna on minut dagy bardy.Halyl garaşylmadyk gyzykly gürrüňe başlady:"Men haýsydyr bir sözi aýdarynam welin,sen ara kän salym salman şol sözüň kapiýa-sazlaşygyny tap.Onda häzir bol - "Gözel". "Azal". "Bezel". " Ezel".
- Beýle söz barmy! - diýip,Halyl sazlaşykly aýdylyp duran sözleriň arasyny kesdi.
-Bolmaly.Bu sözi nusgawy şahyrlar ulanypdyrlar.
Halyl ol sözüň manysy bilen gyzyklandy. Men "Iň gadym zaman" diýlen manyny berýändigini aýdamda,Halyl bu söze peşgeş alan deý begendi.Haýsydyr bir sözüň rifma-sazlaşygyny agtarmak,tapmak goşgy ýazmaga görülýän synanyşyga meňzeş bir zatdy,üstesine-de,ol isleseň-islemeseň söz baýlygyňy artdyrýardy.Okuw bilen bagly aladalardan sypynsak,endik eden edähedimizi zol-zol gaýtalap,şondan lezzet alardyk.Sazlaşykly sözleriň sanyny köpeltjek bolup,käte türkmen dilinde ulanylmaýan özbek ýa-da gazak sözlerinden aýdybam,gülmek üçin sebäp dörederdik.
Haý-haýly talyplyk ýyllary juda çalt geçdi. Men uniwersiteti tamamlap," Türkmen döwlet neşirýatynda" redaktor boldum.
Halyl sözüniň bir ýanyny degişmä salyp: "Goşgularymy aýratyn kitap edip çykartmak miýesser etse,redaktirlärsiň gerek,ýoldaş redaktor!" diýip,maňa ýüzlenerdi.Men bolsa: "Aý,bu seýrek ýazyşyň bilen haçan bir kitaplyk goşgyň toplanarka" diýip,onuň köpräk döretmegini dostlarça isleýärdim.Ol tankydy ýaňzytma bada-bat düşünip:"Az bolsun,uz bolsun" diýipdirler.Men-ä şo pähime ynanan bolup ýörün - diýip, harpykdan gyzyly saýlaýan goşgular ýazýandygyny magtamazdan-mazalamazdan aýdardy.
Halyl 1960-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy boldy.Ol daş keşbi boýunça talyplardan saýlanmazdy. Çepiksizçe göwresine seredip,edebiýat teoriýasyndan sapak berýän kişidir öýtmersiň.Muny onuň özem gowy duýýardy. Ol:
-Gudraty güýçli Biribaram maňa äpet göwre beräýmändir.Onuň ýalňyşlyk goýberişi näme diýsene - diýip,heziller edip gülerdi. - Düýn bir geň waka boldy.Täze sapak geçmek üçin auditoriýa üçje minut gijä galyp geläýmenmi.Sapagymy diňlejek talyplar bilen men tanyş däldim.Içeri giren dessime olaryň gadyrly garşylamagyna hantamadym.Tamam çykmady.Kimdir biri: "Göle gazygy ýaly sömelip durma-da,meniň ýanyma gel.Ýer bar" diýdi.Men mugallymdygymy duýdurdym.Talyplar berdi pakyrda.Bir daýaw ýigit dessalymda ýanymda peýda boldy-da:"Oýun etme-de, öňüme düş!" diýdi.Men beter aljyrdym.Şol bir haladyň özünde gülkimem tutýardy. Ýanymda mugallymdygymy tassyklaýan hat-petegimem ýokdy.Kimdigimi häzir bilersiňiz diýýän terzde daş çykdym-da, dekanly dolanyp geldim.Dil we edebiýat fakultetiniň dekany Gumman Saryýew: "Ýoldaşlar,ýaňy men kabinetimde ýokdum. Şonuň üçin ýoldaş Halyl Kulyýewy siziň bilen tanyşdyryp bilmedim" diýip,uzur ötünýän ýagdaýda aýtdy.Kimdir biri:"Şahyr Halyl Kulyýewmi?!" diýdi."Hut şonuň özi.Siziň bagtyňyz getirdi".Talyplar geň galmakdan ýaňa diňe dymdylar.Hälki daýaw ýigit şugundyr ýaly gyzardy.Gumman Saryýew bolsa sapak bermäge ezberdigimi magtap başlady- diýip,Halyl Kulyýew sözüni soňlady.
Halylyň halanan mugallymdygyny köp kişiden eşitdim.Nämedendir,gözüň bilen görüp,diýýän sözlerini gulagym bilen eşitmegi küýsedim ýördüm."Tokmak" žurnalynda işleýärkäm,Halyl bilen juda çalt duşuşardyk.Şeýle günleriň birinde sapak berşine tomaşa edesimiň gelýändigini aýtdym."Käşgä" diýip,ol gaty çalt ylalaşdy. "Saňa gep gelmezmi?". " Tokmagyň" adyl işgärleriniň beýle-beýle zatlara haky bar bolsa gerek" diýipdi.Şol günüň ertesi men Halylyň sapak bermeli giň otagyna bardym. Iň yzda oturdym.Halyl içeri giren dessine talyplaryň ählisi ör turdy.Menem zöwwe turanymy duýman galdym.Halyl münbere çykyp,papkasyny açdy-da,içinden bir desse kagyzy çykaryp,ony gyrada goýdy.Soňra ol kagyzlaryna seretmezden gürläp başlady. Özem dura-bara münberden daşlaşyp,iki ýana gezmeläp başlady.Talyplar bolsa onuň agzyndan çykýan maňyzly-manyly sözleri ýetişibildiginden depdere ýazýardylar.Ana,şondan soň mugallym Halylyň şahyr Halyldan birjigem kem däldigini görüp buýsandym.
Bir gezek Halyl şahyr kursdaşymyz Annaberdi Agabaýew üçimiz dostumyz Gurbannazar Ezizowlara bardyk.Şahyr ol wagt gullukdady.Bizi howlynyň iç ýüzünde dostumyzyň kakasy Eziz aga garşy aldy: "Gözüm çekýärdi.Asyl kürrämiň dostlaryny görjek ekenim". Eziz aga janyndan eý görýän ýalňyzyna mahal-mahal şeýle diýerdi.Biz içeri girdik.Biraz oturamyzsoň, Annaberdi başyndaky gara beretkasyny bir ýana gyşartdy-da: - Adamlar,aňyma şu wagt ajaýyp pikir aralaşdy - diýdi. - Indiki bazar güni,ýagny ýekşenbede Gurbannazaryň yzyndan gitsek,sogap iş etdigimiz bolardy.
Eziz aganyň şatlyk-guwanjy dünýä sygmady.Men-ä ikelläp goldadym.Halyl gitjekdigini duýdurdy.Ýene birtopar gürrüňiň başyny agyrdyp,Eziz aga bilen hoşlaşyp gaýtdyk.Ugramazdan iki sagat öň wokzalda jemlenmelidik.
Gowy görýän dostuň depin bolansoň gahba pelekde ýaşamak adama ýeňil düşmez ekeni.Ondan-da hemişelik hemdemiňe öwrülen halalhon Halyl ýaly adamlar älemden ötende.

Öwlüýäguly Möwlamow,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
"Zenan kalby" žurnaly 2009-njy ýyl.
2 лайков 91 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.