Emeli arwah sonky bolum

—Hakyky arwahlaryň taýpalarynyň sany hem şonçady gadyrdan Halyl. Her bir arwahyň taýpasynyň öz döredýän pikirleri bardy. Mysal üçin 69-njy taýpaň arwahlary adamlarda jynsy azgynçylyga degişli pikirleri oýarýardy. Siz şu ýerik gelýän wagtyňyz 69-njy arwahyň işleýşini öz bedeniňizde duýdyňyz. Sizde peýda bolan beçewazlyk pikirleriň barsy şol emeli arwahyň işi. Mundan başga 13-nji taýpaň arwahlary adamlary öz janyna kast etmäge iterýar.

—Adamlaryň pikirlerine goşulyp bilýän enjamy siz nireden aldyňyz? Halyl bir tüýsli gaty gören ýaly bolup sorady.

—O nähili nireden aldyk Halyl, bu enjam siziň 3-nji kursy gutaraňyzda oýlap tapan enjamyňyz. Ýöne bizden öýke kine etmäge howlukmaň, biz ol enjam üçin jomartlyk bilen tölemäge taýýyn.

—Siz nädip ol enjamy menden almagy başardyňyz, men ol enjamy ýekeje gezek köpçülige görkezipdim. —Halyl bir tüýsli gaty gören äheňde sorady.

—Biziň başarýan zatlarymyz diýseň kän Halyl, biz ýalkap hem bilýäs, gargap hem bilýäs. Bar zat biziň elimizde. Dogrymy aýtsam siziň janyňyz hem biziň elimizde. Eger siz birden biziň teklibimizden boýun gaçyrjak bolsaňyz…

—Meni öldürmisiňiz? —Halyl Ägirdiň sözlerini böldi.

—Ýok, edil öldürmeris, siz diýseň gymmat hünärmen, ýöne sizi barybir bize işlemäge mežbur ederis. Şonuň üçin biz bilen meýletin ýagdaýda işleşeniň siz üçin diýseň bähbitli. Siz maňa düşünýäňizmi Halyl? Size pikirlenmäge wagt gerekmi, ýa-da siz göni şu wagt jogap berjekmi? —Ägirt ýylgyryp jogap berdi.

—Men göni jogap berjek, ýöne mende birje sorag bar. Men sorasam bolýarmy?

—Men siziň näme sorajagyňyzy bilýän Halyl, siz ol soragy beren birinji hünärmen däl. Size meň kimdigim gyzyklymy? Siz entek men ýaly adam görmediňizä, şeýle dälmi?

—Ýok, men başga sorag berjekdim, —Halyl jogap berdi. —Maňa siziň kimdigiňiz o diýen gyzykly däl, siziň aňly düşünjelidigiň maňa eýýäm ýeterlik.

Halylyň jogabyndan Ägirdiň ýüzünde geň galma peýda boldy, dogrysy şu gürrüňdeşlik başlany bäri Ägirdiň ýüzünde iň birinji duýgy.

—Biz ýeriň aşagynda ýerleşýäs, şeýle dälmi? Eger şeýle bolsa biz haýsy ýurdyň aşagynda? Eger mümkin bolsa haýsy şäheriň aşagynda? Şony maňa aýdaýyň.

—Siz örän kyn sorag berdiňiz Halyl, men dogrymy aýtsam ol soraga jogap bermäge ýaýdanýan, size ýalan hem sözläsim gelenok. Biz Eýranyň aşagynda ýerleşýäs, has takyk aýdaňda Horasan diýen şäheriň dik aşagynda.

—Biz Eýrandamy? —Halylyň gözleri ýandy. Ýöne nädip, meni bu ýerik getiren lift şeýle çalt herejek edýärmi?

—Şundan şeýläk besdir Halyl, siz bilmeliňizden köp sorap başladyňyz. —Ägirt ýowuz jogap berdi. Bu eýýäm öň ýüzündäki ikinji duýgydy. —Siz belli bir karara geliň, onsoň biz söhbetdeşligi dowam ederis.

—Bolýa, men jogap bermäge taýyn, ýöne haýyşt edýän, maňa täsir edýän Jynlaryňyzyň barsyny öçürüň.

Ägirt Halylyň ýeňsesine bir ýerik seretdi we gözleri bilen yşarat etdi. Şondan soň Halylyň kellesindäki daşky pikirleriň barsy öçdi. Halyl öz özi bilen iki çäk galdy, ýöne şonda-da oňa bir güýç pikir etmäge kömek edýärdi, ýöne ol güýç emeli arwah däldi. —Perişdeler biziň pikirimize goşulup bilýärmikä, —Halyl oýlandy. Kelledä döreýän pikir bolsa, diňe oňa "ýok" diý diýip gygyrýardy. Halyl şeýle diýip hem jogap berdi.

Soňy
0 лайков 150 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
07 сен 2021, 20:59
hekaya.clan.su Saýtdan aldyňmy?
#динара.
Автор 07 сен 2021, 21:01
- Dani,
aha
- Dani
07 сен 2021, 21:07
Miss_minnosh,
wii meme profil[de lb-turkmenabat- seydi diýip ýazylan eken, çyndanam seýdidenmi sen? seýdiniň näçenji mkr? türkmenabadyňam nirsinden? aýratyn bir çatda,ýazyşaýaly,esli možno,menem edil sen ýaly ekenim
- Dani
07 сен 2021, 21:08
Miss_minnosh,
seniň profiliňde*
Şamuhammet
07 сен 2021, 21:15
Minnoş, şu - Dani, daga özüňi tanadaweri, heläk sen diýip ?
- Dani
07 сен 2021, 21:16
bela bir saňaJeksparro,
Ýury
07 сен 2021, 21:21
- Dani,
Dani okwa nirä girdiñ
Şamuhammet
07 сен 2021, 21:22
- Dani,

hemme zat saňa! ?
#динара.
Автор 07 сен 2021, 21:31
- Dani,
tkm-turkmenistan
lb-lebap
seydi 1 mkr 41 dom
#динара.
Автор 07 сен 2021, 21:36
Jeksparro,
kapitan tanatdym