Garynja gara günde gurbaga ala-ýazda
-Wagt geçip dur. Wagtyň geçmegi bilen däp-dessurlarymyzyň, kada-kaýymlarymyzyň köpüsi ýitip gidip dur. Käbir däp we kadalar bolsa üýütgewsiz şol durşuna dur. Mysal üçin, türkmen toýlarynda arak içmek däbi biz çaga wagtymyzda hem bardy. Häzir hem bar. Arak berilmeýän toý gaty az.
-Öňler gyzjagazlaryň saçynyň depesi alnyp, aşagynda saç goýylardy. Häzirki döwürde bu däp ýok bolup gitdi. Gowy däpdi. Gyzykly däpdi. Ýörite adam üýşürlip saç goýylan gyzjagazy orta alyp onuň saçyny alardylar. Adamlar bu toýa goýun-geçi getirerdiler. Palaw bişirilip orta nahar goýardylar.
-Bizde jynaza sowmakda ullakan bir kemçilik bar. Bu däbiň öň nähili bolandygyny men bilmeýärin. Emma häzirki döwürde jynaza sowmak kyn. Köp çykdaýjy etmeli. Jynaza bolan öýe kömek berilmeýär. Gaýta tersine jynaza bolan öýde ölen güni bir goýun soýmaly, kyrkynda bir goýun soýmaly we ýylynda hem bir goýyn soýmaly. Kyrkyna çenli günde aýat okatmaly. Her hepde jumalyk sadakasyny bermeli. Soňra köp işan çagyryp hatam çykarmaly. Ýylyna çenli hepdelik okatmaly. Her aýyň başynda aýbaşy bermeli. Merhumyň daşyna öwülýäde demir gözenek tutmaly. Jynaza sowýan kethudadan sorap gördüm. Çykdaýjy barada. Ol “bir toý berenden hem köp çykdaýjy edilýär” diýdi.
-Özüme gezek gelende men ol dünýäniň bardygyna ynanmaýan. Ol dünýäde ýaşalýar diýilýän sözede ynanmaýan. Şol sebäpli ölüni ol dünýäde goraglamak üçin edilýän çykdaýjylary hem goldamaýan. Meniň düşünjäm boýunça ölüni tiz ýatdan çykarmaly. Ölä eden çykdaýjyňy dirilere etseň gowy bolardy diýýärin. Emma her kimiň öz işi. Pullaryňyzy biderek zaýalanyňyz galar. Ölüni näçe arbaplasaňyzda ol gaýdyp gelmez. Şu wagta çenli bir öli hem gaýdyp gelenak. Eden çykdaýjylaryňyz bolsa aldagçy mollalaryň kisesine düşer. Olar bolsa ölüden jemlän pullaryna maşyn alarlarlar, şikarnyý jaý salarlarlar.
Dünýäde ullakan üýütgemeler bolup dur. Uly ýurtlardaky bolup geçýän üýütgemeler biziň ýurdymyzyň halkyna hem öz täsirini ýetirýär. Haçanda biz bu ýurtlardan maşyn alanymyzda, tehnoligiýa alanymyzda, derman alanymyzda bu zatlary biz özümize peýdaly zatlar diýip hasaplaýarys. Emma olardan almajak bolýan zatlarymyz hem az däl. Ine, şu almajak bolýan zatlarymyz üçin hem olar bilen aramyzda gapma-garşylyk döreýär. Mysal üçin, biz olaryň maşynlaryny münmekçi emma olaryň däp-dessurlaryny özümiz üçin zyýanly hasaplaplaýarys. Ýöne bu ýagdaýdan bir sorag gelip çykýar. Ýaramaz däp-dessur hemme zada öz zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sanda ykdysadyýete hem. Ykdysadyýet ösenmi diýmek däp-dessur ýerinde. Diýmek, bu ýerde ýalňyşýan biz. Meniň näme diýmekçi bolýanyma dogry düşünensiňiz diýip tama edýärin.