Zordan gezip ýörün azmajak bolup
Taksa mündük. Ýene bir är-äýäl mündi iki ýaşly çagasy bilen. Ýene bir adam mündi
sürüjiniň gapdalyna. Kyrk ýaşyndan geçen adam. Gök gözleri oýnap dur. Sürüjini tanaýan
bolsa gerek.Täksiçi oňa pylan aga diýdi. Ol maşyna münen dessine gyssandy.
-Inim sür.
-Tizräk oba baraly. Bu gün obada jynaza bar. Onsoň ölene gynanç bildirdi.
-Biçäre ýaş gitdi.
Men başga ýerli.Bu adamlary tanamaýan. Öňde otyran adam ýol boýuna gürrüň tapdy.
Maşynlary öwüp başlady. Bu maşyn ondan gowy diýdi. Ol maşyn bu maşyndan kemis diýdi.
Özünde maşyn ýokdugyny aýytdy. Men hem gürrüňe goşulmaly boldum. Öz pikirimi aýytdym.
Emma ol meniň pikirimi goldamady. Ýogsa men öňdebaryjy pikiri aýdypdym.
Ol morta sözledi.
-Sen yza galak ekeniň diýdi maňa.
Men gaýtawul bermedim. Gaýtawul bermezlik meniň ullakan endigim. Köp ýerde hiç zat
jogap bermezden gidip galýan. Beýle edýänimiň özüne garaşyk sebäpleri bar. Şolardan biri
bu mende kejeleşip gep düşündirmäne wagt ýok.
Onsoňam utjak zadym näme?. Gepde ýeňene bir zatlar berip duranoklar. Özüňizden mysal
alaýyň. Gepde ýeňdi diýip orta çykardylarmy sizi, wezipe berdilermi, işe aldylarmy?
Ýok bolsa gerek.Onsoň näme boş ýere arrygyňy gynap otyryp. Goý, her
kim öz pikirinde galsyn. Maňlaýy daşa degýänçä. Şeýle etseň dogry bolar.Bu meniň
soňky döwürde gelen netijäm. Ilki döwürlerlerde öz mamladygymy subut etmäne ymtylýardym.
Indi bolsa ýok.Emma size şeýle ediň diýmeýärin. Öz saýlap alan ýoluňyzdan gidiň.
Birden öňde otyran bu adam taksiçi ýigide şu ýerde dur diýdi. Özüniň şu ýerde
galýandygyny aýytdy. Ýol gyrada ak jaý bardy. Ýöl tölegi sürüjiniň eline sugşurdy-da
şeýle diýdi oňa.
-Asma almasam boljak däl.
Taksiden düşdüde görünip duran akak jaýa tizlik bilen ýöräp gitdi.
Biz hem ýola düşdük.
Men sürüjiden soradym.
-Bu ýerde şypahana barmy?
Meniň bu soragym hemmeäni ýylgyrtdy. Hatda çagasynyň bezzatlygyna haý-küş edip otyran
gelin hem ýylgyrdy. Äri bolsa gapdala ýylgyrdy. Ýylgyranyny gizleýän ýaly.
Taksiçi hem ýylgyrdy emma onuň ýylgyryşy ajydy. Meniň soragym oňa ýokmady öýüdýän.
Sözümi hiç kim eşitmesin diýýän ýaly assajykdan soragyma jogap berdi.
-Ýok bu ýer şypahana däl. Bu arak dukan. Ol häzir şu ýerde
arakdan doýär.Onsoň entäp oba barar.
Geplemek gezegi geliniň ärine geldi.
-Onuň asma aljak diýýäni bu arak içjek diýýäni. Düşündiňmi!.
Indi düşündim. Ol adam alkaş eken. Häzir arakdan doýar yzyndanam jynaza barar.
Eşiden sözüm meni haýran galdyrdy durdy. Kellämiň içinde şu sorag-jogap ýylp
edip ýandy. Çyra ýaly.
-Hiý, musulmana gelişýän zatmy şeýle ýaramaz häsiýetli bolmak?
Bu sorag däl.
Bu pikirimi keserdip hem goýamak siziň öňüňizde. Bu sözi
men özüme aýydýan. Birden men hem şeýle etsem nähili bolar. Aňsatlyk bilen aşak
düşsem. Pes häsiýetlere eýe bolsam. Özümiň şu adam ýaly bolmajagyma ynam, wada
barmy mende? Ýok. Men hem zordan gezip ýören adam. Özüme haý-küş edip.
Beýle etmek bolanok diýip.
Siz nähili. Barmy aragy hemme zatdan ýokary goýup ýörenler? Ýa başga ýaramaz häsiýetlere
eýe bolanlar. Özi şeýle bolup yzyndanam pukara adamlara at dakyp ýörenler, akyl beren
bolup aslynda adamlary kemsidýänler?
Hoş wagtyňyz!

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.