Horoşaja adam

Öz ýaşaýan ýerimden gaýydýan awtobusdan düşüp indiki gitmeli ýerime äkidýän
awtobusy gözläp başladym. Şol awtobusyň gelmeli duralgasyny tapan wagtymda
bu ýerde şol awtobusa münmeli adamlar hümmer bolup garaşyp durdylar. Hemme bar.
Garrylar, aýallar, ýaş ýigitler çagalar. Kimden bolsada birinden anyklamalydym.
Bu gelmeli awtobus meni barmaly ýerime äkidýämi ýada ýok. Hemmelerden bölünip
duran horaşaja adama gözüm düşdi. Gepleşmek üçin amatly adam şu ýaly? Beýleki
adamlaryň öz derdi özüne ýetik. Ilki bolup awtobusa münjek bolup gyssanyp
duran adamlar.Olardan bir zat soramana çekindim. Onsoňam olar meniň
ýüzüme seretmek islemeýän adamlar.
Bu aýydýan halatyma siz hem düşüp görensiňiz!
Bu horaşaja adam olardan parh berýär. Ýüzi açyk. Söz gatsaň sözüňe hä diýjek adam.
Men oňa salam berip şu awtobusyň meni gerekli ýerime taşlap biljekdigini soradym.
Ol hawa diýdi.Men hem şol tarapa barýan diýdi. Şu wagt awtobus hem ýetip geldi.
Içindäki adamlar düşüp başlady. Münmeli adamlar bolsa hümer bolyp dykyldylar.
Käbirleri bolsa düşmeli adamlara ýol bermän gyssanyp münüp başladylar.
Men bolsa horaşaja adam bilen yzda.
Düşýänler gygyryşdylar. Ýol beriň. Biz düşeli.
Ýol beren ýol berdi. Ýol bermedikler bolsa münüp durdylar. Uly bir üýütgän zat
bolmady.Bir semiz ýaş ýigit hümmeriň içinden ýylan ýaly sogrylyp ol hem mündi
aýallara goşylyp. Elbetde, göwresini göterip duryp bilen däldirädä. Çagaly
aýallara düşüne bolar. Olaryň ýanyndaky çagalary gyssaýarlar enesini. Müneli ene!
Iň soňunda ikimiz mündük horaşja adam bilen. Edil meniň ýanymda boş ýer bar eken.
Meniň bu jaýa gözüm düşeni şol öňde otyran iki çagaly aýal meni yza tesdi.
Ol ýeriň eýesi bar diýip gygyrdy ol. Meniň ullakan bir tamam hem ýokdy. Otyrmak.
Onýança bu boş ýeriň eýei ýetip geldi. Şu aýalyň iň uly gyzy eken.
Entek okuwçy bolsa gerekuly ýaşly. Ýyljyraklap eýeledi ýeri. Aýalyň bu boluşy meni
itekledi ondan.
Oňa ýakyn durasym gelmedi. Süýüşdim bir gapdala.
Onýança horaşaja adamyň sesi geldi.
Heý, sen bäri gel! Görsem ýylgyryp dur. Özäm boş ýeri görkezýär. Barmaly boldum
ýogsa men otyrmasamda bolýar. Näme edeýin.
Boş ýere özümi taşladym. Göwräm aram tapyp
başlady. Ýadaw ekenim. Irkilip alsamda boljak.
Awtobus hyň-hyň edip ýol alyp başlady. Ýolda şakyr-şakyr etdi. Gapysy tark edip
açylyp-ýapyldy. Adamlar mündiler- düşdiler.
Ýarym sagatdan horaşaja adam maňa:
-Seniň düşmeli ýeriň diýdi.
Düşdim. Hut barmaly ýerim üçin pyýada biraz ýöremeli.Ýolda awtobusda
başdan geçirenlerim göz öňüne gelip başlady. Özüme:
-Şunça köp adam dogry geldi. Gepleşenim salamlaşanym birje adam. Ýagny horoşaja.
galanlary ýüzi gyp-gyzyl adamlar. Edil gassaplaryňky ýaly.Ýüzünde mylakat ýok
adamlar.
Ýadyma islenen.ru saýty ýadyma düşdi we onuň agzalary.
Bu saýtyň adamlary hem şu awtobusa münen adamlara meňzese gerek diýdim men özüme.
Onsoň özümi köşeşdirmeli boldum we saýtdan gowy
adamlary gözledim.Birdenem horoşaja adam göz öňüne ýylgyryp geldi. Ýüregim biraz
ynjaldy. Diýmek saýtda hem iň bolmanda bir adam meniň bilen duýgydaş bolmaly.
Horoşaja adamlar hemme ýerde bar. Olar köp däl. Ýöne maňa ýeterlik.
Şu adamlar hem meni köp ýerde goldaýarlar. Bu horoşaja adamlar meni ýüzi gyzyl
adamlardan goraýarlar. Ýüzi gyzyl adamlar bolsa meniň bilen uzak durmaýarlar.
Olaryň içki dünýäsi hem daşky dünýäsi hem meniň bilen ugurdaş däl.
Häzirlikçe hoş sag boluň!
2 лайков 159 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
19 авг 2023, 12:56
Dürli-dümen harakterli adamlaryň bolmagy bilen dünýä gyzykly dälmi nä?Hemme adamlar android robotlar ýaly bir meňzeş bolanda,ýaşaýyşyň gyzygam bolmazdy.
Massimus
19 авг 2023, 15:26
Meniň bu jaýa gözüm düşeni şol öňde otyran iki çagaly aýal meni yza tesdi.
Ol ýeriň eýesi bar diýip gygyrdy ol. Meniň ullakan bir tamam hem ýokdy.
@Kelleagyry dost, giň bol. Horaşaja adam, gassap ýüzlüler, awtobusda näme bolanyna doly düşünmedim, biriniň ýerine oturjak bolupsyňmy, ýöne oturmak tamaňam ýok ekenmi, horaşa ýer alyp goýsa oňa baryp oturypsyňmy, ýaşululara ýer beräýmeli ekeniňdä. Saňa ýer alan horaşajany gowy adam edip görkezipsiň, ýer bermediklerem gassap ýüzlüler edipsiň, munyňa birhiliräk bolupdyr. Ýöne dilimize täze söz alyp geleniňe begendim. Ikiýüzli sözi modadan galyp barýardy, oň ýerine gassap ýüzlüler sözüni ulanarys indi
Massimus
19 авг 2023, 15:31
Gassap ýüzli ýarym,
Bolma beýle zalym,
Sensiň ahy zarym,
Zarym, intizarym.

Şuňa meňzeşräk aýdymam bardy bir döwür
OrazMuhammet Aşyrow
19 авг 2023, 20:35
Kelleagyryk,
Umuman men şeýle oýlanma hekaýa ýazyp bilýäniňe begenýärin gardaş. Saňa motiwatsiýa berýänlerem biz ýagny gassap ýüzli adamlardygyny hem belläp geçesim gelýär. Puşkiniň şeýleräk sözi bar bolmaly, "Gynaň şahyry, gynansyn şahyr" diýen ýalyrak ýagny ýazyjy näçe kynçylyk görse şonça tagamly eser ýazmagy mümkin. Eger puşkin bagtly ýaşap hiç zat ýazmadyk bolsa ony hiçkim tanamazdy. Şonuň ýaly menem saňa kösenip ýaşa diýjek däl welin goý saňa motiw berýän biz awtobusa goýun ýaly bolup münýänler bolaly ýöne sen gowy eser döret. Diýjek bolýan zadymy düşündirip bilendirin diýip umyt edýän...