Siz nämeden nägile

Örän köp adam nägile bolmakçy bolýarlar öz gününden,
durmuşyndan we köp halatda olar durmuşynyň şu hili kyn
bolmagynda özlerini dälde özgeleri aýyplaýarlar. Olaryň
bu diýýänleri esaslymy? Şu ýagdaýa baha berjek bolaýyn, öz pikirlerimi
aýydaýyn. Entek häli sözümiň başy.Sözümiň soňynyň näme bilen gutarjagyny
bolsa şu wagtdan bilmeýärin.
Diýeli siz şäherde ýaşaýaňyz. Günde ýol söküp işe gatnaýaňyz.
Awtobusa garaşýaňyz. Awtobus wagtynda gelmese işden giç galýaňyz.
Giç galmazlyk üçin taksi tutýaňyz.Taksi bolsa gymmat ýöreýär awtobusdan.
Köpräk pul sarp edýäňiz ýola. Bu bolsa nägilelgi ýüze çykarýar siz
tarapdan.Bu diňe başlangyjy bolmaly wagyrdynyň. Durmuş ýoldaşyňyz
sizden soraýar haýsy kölük bolen işe baryp gelendigiňizi. Siz takside
diýýäňiz.Ine başlanýar gykylyk. Näme üçin awtobusa münmedeiň diýip
soraýar. Ýanýoldaşyňyz sizden.Siz awtobus gelmedi wagtynda diýýäňiz.
Ol bolsa
garaşmaly ekeniň diýýär. Bu halatda öýe näme getirersiň diýýär.
Gazananyňy taksiçilere berip gutararsyň diýär. Ýanýoldaşyň
aýydýany dogry.Onuň dogry sözi aýydýanyny siz hem bilýärsiňiz.
Emma awtobusyň wagtynda gelmegini siz üpüjün edip bilmeýäňiz.
Birki-gezek awtobusça aýytmagyňyz hem mümkin. Wagtynda gatnamaýaňyz
diýip. Emma üýütgeýän zat ýok. Awtobus köplenç giç gelýär.
Birden wagtynda geläýse siz begenýäňiz. Hatda bu günki iş günüm
şowly bolmakdan başlandy hem diýýäňiz.
Aý ahyrlaýar. Alan aýlygyňyzy hasaplap ugraýaňyz nämelere sarp
edeniňizi.Taksi puly hem ýüze çykýar bu halatda. Ýene şol nägilelik
awtobusyň wagtynda gatnamaýanlygyndan. Iň soňunda sizde şeýle
bir pikir ýüze çykýar. Awtobusçy haramzada, taksiçiler bolsa
ogry.Şiz şeýle pikirde bolan wagtyňyz awtobusçy özüne
haramzada diýmeýär. Belki güýjümiň ýetdiginden halka hyzmat edýän
diýýär. Taksiçiler bolsa biz gowy iş edäýs halky barmaly ýerine
tiz ýetirýäs diýip olar hem özünden monça bolup otyrýar.
Siz bolsa olardan nägile. Emma ertir iş güni. Siz ýene ýolda.
Ýene şol wagtynda gelmeýän awtobusa garaşýaňyz. Wagtynda gelse
begenip gidýäňiz, gelmese hemmä gargynýaňyz. Şol sanda siziň
bu düşýän ýagdaýyňyza dahylly däl adamlara hem.
Emma durmuş bir bitewi zat, adamlar hem bu jemgyýetden daşlaşyp gidip
bilmeýärler. Boldygyça ýaşaberýärler. Birde sögüşýärler birde
ýaraşýarlar.
Emma siz wagtal-wagtal oýlanyp galýaňyz. Näme edende bu durmuşymy,
işimi ýeňledip bolarka?. Näme edip adamlaryň meni sylamagyny gazanyp
bilerkäm diýip. Oýlanýaňyz. tanyş-bilişleriňize,
işdeş ýoldaşlaryňyza aýdyp berýäňiz. Emma hiç kimden degerli kömek
ýok. Onsoň bir karara geläýňiz. Maşyn satyn alaýynda ýol kireýimi
tygşytlaýyn hemde ýol ugryna adam mündirip bir-iki manat gazanaýyn.
Ine indi işe gatnamak bilen alada soňlan ýaly. Begenip
işe ugraňyz.Ýola çykyp görýäňiz. Bir topar adam awtobusa,
taksa garaşyp dur.
Siziň kelläňize olaryň bu bolup duruşyndan peýdalanyp galmak gelýär.
Togtaýaňyzda maşynyňyzy adamdan doldurýaňyz we düşenlerinde
ençeme puly olardan sypyryp alýaňyz. Arzan ýada mugt olary äkitmek
meniň işim däl diiýäňiz.
Ýöne indi seret özüňe. Sen kime meňzediň.
Taksiçilere näme diýipdiň. Ogrylar diýipdiň. Näme üçin seniň
awtobusa garaşyp gyşaryp galanyň indi ýadyňa düşenok. Aýdylşyna görä
kynçylyk adamy terbiýeleýär, gözýetimini giňeldýär. Emma sende bu zat
ýok. Köpräk pul almaly. Maşynyň çykdaýjysyny ýapmaly diýip bahana
tapýaňda puly köp berenleri gowy görüp, az berenlere bolsa gargynyp
ýaşap başlaýaň
Ýene şol gürrüň ýanýoldaşyň bilen. Bu gün näçe manat düşdi ýolda.
Pylança manat. Näme üçin az aldyň. Berenleri şol. Näme indi uryp
alaýynmy olardan puly!
Ýene sen nägile. Indi ýolda duranlardan. Olar saňa ýol kireýi az
berýän ýaly
Näme üýütgedi durmuşyňda.Köp zat däl.
Näme üçin diýeniň bolmaýar.Seni sylamýan ýaly adamlar.Sen ýene
nägile olardan.
Bu mowzygy okap siz näme diýersiňiz. Maňa şu örän gyzykly.
Öz ýazan mowzuklarymyň jogabyny özüm bilýärin. Emma bu mowzuga jogap
bermekçi däl. Özüňiz oýlanyň we özüňiz tapyň.
0 лайков 19 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.