Jüýjeli palaw. tymsal

Bir adam aýalynyň öňküsi ýaly gowy eşitmeýändiginiň sebäbi nämedenkä diýen pikir bilen lukmana jaň edýärmiş. Ol lukmandan «Eşidiş apparaty alaýsak nähili bolarka?» diýip sorajakmyş. Üstesine, ol bu ýagdaýy aýalyna nädip düşündirjegini hem bilenokmyş. Onsoň, lukman oňa maslahat beripdir:

– Sen bilýäňmi, näme et. Aýalyňdan kyrk metr daşrakda durup, adaty sesiň bilen bir zatlar aýt. Eger eşitmese, aýalyňa tarap on metr süýş-de, ýene bir zatlar aýdyp gör. Eger ýene eşitmese, tä aýdýanyňy eşidýänçä on metrden golaýyna süýşüp baryber.

Agşamara aýaly aşhanada nahar bişirip durka, ýaňky adam lukmanyň maslahatyna eýerip, kyrk metr aradaşlykdan:

– Ejesi, bugün näme nahar bişirýäň? – diýip sorapdyr.

Aýalyndan ses-seda çykmansoň, ol otuz metr aralyga baryp:

– Ejesi, bugün näme nahar bişirýäň? – diýipdir.

Ýene jogap bolmansoň, ol ýigrimi metr aralyga baryp:

– Ejesi, bugün näme nahar bişirýäň? – diýipdir.

Aýaly ýene öňküsi ýaly barmysyňam diýmän, biş-düş bilen güýmenip ýörmüş. Halys bolmajagyny bilensoň, ol aýalynyň alkymyna baryp, şol bir soragy ýene gaýtalapdyr.

– Ejesi, bugün näme nahar bişirýäň?

Şonda aýaly şeýle diýipdir:

– Kakasy, eýýäm bäşinji gezek aýdýaryn-da saňa. Jüýjeli palaw bişirýärin. Jüýjeli palaw.

Eýsem, hemme zadyň sebäpkäri başga biri bolman hem biler ahyry. Käte käbir zatlaryň sebäbini özümizden gözlemegi hem unutmaly däldiris
6 лайков 164 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
19 июн 2022, 21:53
"– Kakasy, eýýäm bäşinji gezek aýdýaryn-da saňa. Jüýjeli palaw bişirýärin. Jüýjeli palaw."

Beh, dört gezek soranda, nädip bäş gezek jogap berip ýetişdikä?! Birinde iki gaýtaladymyka ýada ilki soramanka bir sapar aýtdymyka?! :)
Öwreniji
Автор 19 июн 2022, 21:56
Hiayress
"– Kakasy, eýýäm bäşinji gezek aýdýaryn-da saňa. Jüýjeli palaw bişirýärin. Jüýjeli palaw."

Beh, dört gezek soranda, nädip bäş gezek jogap berip ýetişdikä?! Birinde iki gaýtaladymyka ýada ilki soramanka bir sapar aýtdymyka?! :)

Bir gezegini içinden aýdan bolmaly ??
Obaly
19 июн 2022, 22:23
Bah.. gyzykly ekenay. ..:)
Obaly
19 июн 2022, 22:33
Hayran galaýmaly
Kerbaba
20 июн 2022, 01:02
Ханы математики хасап эделин: 40-да 1нжи гезек.30-да 2 нжи гезек. 20де3 нжи гезек.10да 4 нжи гезек. Янына барыбам 5 нжи гезек.. Хасап догры далмай??
Maksat
20 июн 2022, 05:13
kwadrat kelle,
Hasap dogry eken :)
Öwreniji
Автор 20 июн 2022, 08:20
Ýazgyda dört gezek eken