MESELE ÖZÜMIZDE...
Bir adam aýalynyň gowy eşitmeýändiginden endişe edip
başlapdyr. Beýdip gidiberse, günleriň birinde onuň ker bolup galaý-
magy gaty mümkin... Ol gulak lukmanynyň ýanyna barmagy ýüregine
düwüpdir. Aýaly bilen gürleşmekde kynçylyk çekýändigini arz edip,
onuň gulagynyň agyrdygyny ýaňzytmak isläpdir. Lukmanyň maslahatyna görä hereket etmegi ýüregine düwüpdir.
Maşgala lukmany oňa: «Eşidiş ukybyny, derejesini barlap
görmegiň köneden gelýän, däp bolup galan bir ýoly bar. Adamsy
aýalyndan kyrk ädim uzaklykda durmaly we aýaly bilen adaty äheňde
gürleşmeli. Saňa jogap berse, bu gowudygy, ýogsamam otuz ädimden
gürleşmeli. Jogap berse, oňuna, ýogsam ýigrimi ädimden gürleşmeli.
Seslense, eşidýändigi, ýogsam on ädimden gürleşmeli. Şeýdip, tä
eşidýänçä aralygy ýygjamlatmaly».
Agşamara adamsy işden öýüne dolanypdyr. Aýaly aşhanada
biş-düş bilen meşgul eken. Ol içinden maşgala lukmanynyň maslahatyny synap görmegiň tüýs wagty diýip, pikir edipdir. Ol aşhana otagyna tarap gidipdir we kyrk ädim çemesi uzaklykdan adaty ses bilen
aýalyna habar gatypdyr:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, jogap
bolmandyr.
Soňra ol otuz ädim aralyga süýşüp, ýaňky soragyny gaýtalapdyr.
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, ýene-de
jogapsyz galypdyr.
Soňra ýigrimi ädim golaýa süýşüpdir:

416
Ol on ädim aralyga süýşüpdir:

jogap bolmandyr.
Ol ahyry aşhana giripdir we aýalynyň arkasynda durup, ýaňky
soragyny gaýtalapdyr:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň?
Aýaly ýylgyryp: - Ezizim, men saňa bäşinji gezek jogap berýärin
– bu gün gowrulan towuk.
Kähalatda ähli mesele beýleki tarapdadyr öýdýäris, ýöne köplenç özümizde boluberýär. Diňe aýtmagy däl, beýlekileri diňlemegi
hem başarmaly.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.