ELÝAGLYK SATÝAN GYZJAGAZ
Bir gün telewizorda bir flme tomaşa edip otyrdym. Filmde
alty ýaşlaryny ýaňy dolduran gyzjagaz köçede aýlanyp, goltugynda
göterip ýören kagyz elýaglyklaryny satýardy.
Birdenkä gyzjagaz aglap duran bir zenanyň gabadynda saklandy. Oňa dykgat bilen üns berdi. Zenan maşgala başyny galdyryp,
gözýaşa ezilen ýüzi bilen seredende, gyzjagazyň oňa bir elýaglygy uzadyp durandygyny gördi. Gyzjagazyň ýüzündäki mähirli
ýylgyryşyň çuň ýürekden çykýandygyny duýmak kyn däldi. Gyzjagaz şadyýan ýylgyryş bilen ol zenanyň ýanyndan uzaklaşdy. Hatda
zenan maşgala oňa elýaglygyň bahasyny töläbem ýetişmedi. Birnäçe
ädim uzaklaşanyndan soňra, gyzjagaz yzyna garady-da, şol mähirli
ýylgyryşy bilen zenan maşgala elini galgadyp, ýene-de ýoluny dowam
etdi. Bu çaga ýylgyryşy zenanyň kalbyna giňlik salypdy.
Aglap duran zenan öňki pikirlerine dolandy. Soňra el telefonyny
çykaryp, şeýle mazmunly hat ýollady: «Meni bagyşla, sen bu babatda
mamla!».
Bu sms-habar şäheriň restoranlarynyň birinde gaýgyly oturan
adamsyna baryp ýetdi. Hatyň mazmunyny okanda, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Hyzmatçyny çagyryp, begenjine bäş teňňelik çaý hakyna
derek elli teňňe töledi.
Hyzmatçy beýle rysgala garaşmaýardy. Ýönekeý çaý üçin uly
hasap tölenmegine guş bolup uçdy we restorandan çykyp, ýanýodanyň
gyrasynda süýji-halwa satýan garry enäniň ýanyna bardy. Ondan iki
teňňelik halwa satyn aldy we bahasyna derek ýigrimi teňňe töläp, galan on sekiz teňňäni sadaka hökmünde berdi.
Garry enäniň bu pullara gözi doňup galdy. Ol muňa örän begendi. Begençden ýaňa ýüregi owsun atýardy. Ol halwa-süýji ýazylan düşegini ýygnap, bazara bardy we satyjydan bir bölek et satyn
aldy. Garry ene öýüne dolanyp, nahar-şor taýýarlamaga başlady. Uly
şöýünç bilen basym dolanyp gelmeli agtyjagyna garaşýardy. Agtyjagy onuň üçin dünýädäki iň eziz zatdy.
Birnäçe wagtdan soň gapy açyldy we agtyjagy bosagadan ätledi.
Onuň ýüzüniň begenji-şatlygy öýüň içini nura doldurýana meňzeýärdi.
Bu hälki elýaglyk satýan gyzjagazdy.
Bu günki nahar-şorly bereketli tagamyň we wakanyň dowamyndaky ähli begençleriň şol gyzjagazyň başdaky ýekeje ýylgyryşyndan
ugur alandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Il arasynda «Dost-doganyň
ýüzüne ýylgyryp bakmak hem sadakadyr» diýilýär. Birje ýylgyryş
birnäçe adamyň ruhy dünýäsine ýagtylyk çaýyp bilýärkä, ony
gysganmagyň hiç hili hajaty ýok.
Biziň her birimizde şu çaganyňky ýaly arassa ýylgyryş bar, ýöne
biz şony özgelere bagyş edip bilýärismi?
Gaýgyly adamyň ýüzüne ýürekden çykýan ýylgyryş bilen bakyp
gördüňizmi?
Ýakymly sözleri süýji ýylgyryşlar bilen utgaşdyryp, ulanyp
gördüňizmi?
Şeýdeniňizde, ykbal size çekýän zähmetiňiziň gaýtargysyny
esse-esse edip özüňize dolar.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.