3 ýaşly Wunderkind

Özbegistan Respublikasynyň Fergana oblastynyň 3 ýaşlyja ýaşaýjysy - wunderkind Afifa atly gyzjagaz globus boýunça islendik ýurdy, paýtagty görkezip hem aýdyp bilýär. Gyzjagazyň ejesi - Mahliýo Kuşakowa: "Gyzym geplemäge başlanandan, onuň ýatkeşliginiň örän ýokarydygyna göz ýetirdim" diýip gürrüň berýär. Ol gürrüň berlen islendik ertekini ertesi gün ejesine ýatdan tutuşlygyna yzygiderlikde gürrüň edip aýdyp bilýär. Bir gezek gyzjagazyň enesi oňa dünýä döwletleriniň atlaryny we paýtagtlaryny gürrüň berýär welin, gyzjagaz şol bir yzygiderlikde ýatdan aýdyp berýär. Soňra enesi ýurtlaryň ýerleşişini globus boýunça düşündirýär. Indi Afifa hiç bir kynçylyksyz islendik ýurdy görkezmegi we atlandyrmagy başarýar.
Habarçylar onuň bilen gyzyklanyp, ýurtlary we yklymlary başly-barat sorap başlaýarlar. Gyzjagaz birjigem ýalňyşman, soralan ýurtlary we yklymlary globusdan tapyp berýär. Bu gyzjagazyň umumylykda dünýä kartasyndan 183 döwleti ýalňyşman görkezendigi barada habar berilýär
4 лайков 210 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
11 авг 2022, 20:39
Men kartadan gozumi yumup islendik dowleti tapyadym...
#B.S
11 авг 2022, 20:40
Manbasi yokmi malumotni? :)
Aýnur
Автор 11 авг 2022, 20:46
Khanture
Manbasi yokmi malumotni? :)

Mugallymlar gazetini okap otyrkam gözüme düşdi, şondan alnan
#B.S
11 авг 2022, 20:49
Mona Songz,
Hmm mlds
Aýnur
Автор 11 авг 2022, 20:52
Şular ýaly ýatkeşligiň 1/2 bolaýsa )) kitap
#B.S
11 авг 2022, 20:59
Mona Songz,
Owredeymi yatkeshligi? :)
Aýnur
Автор 11 авг 2022, 21:07
Khanture
Mona Songz,
Owredeymi yatkeshligi? :)

Öwredip göýberseňä kem bolmazdy)
Ýatkeşligiň esasy enesi okamak we gaýtalamakdygyna gözüm ýetdi. Näçe gaýtalap köp okasaň şonçada ýatkeşligiň ösýän eken
#B.S
11 авг 2022, 21:12
Mona Songz,
Eýle dàlow ol :) ýatlajak bolsaň ilki bilen öwrenmeli dàl prosta ýatlamaly! Ýatlanyňam peýdasy ýok öwrenmeseň. Menden lýuboý wagt plan ýurdyň paýtagtyny sorasalar ýatkeşligim sebapli aydaryn no yone... owrenmedigim sebapli o yurt nire o paytagt nire hic zat bilmerin...
Aýnur
Автор 11 авг 2022, 21:13
Khanture,
Esasy zat ýatlamak dälde düşünmekdä gysgaça)
Başga üýtgeşigräk usyly ýokmy? Meselem: plan plan iýmeli ýatkeşligiňi 50% göterýär diýen ýaly)))
#B.S
11 авг 2022, 21:14
Mona Songz,
Kişmiş, hoz, maņyz, şokolad :))) iýmeli!
Dowsypat
11 авг 2022, 21:18
Birwagtlar özbeklerde "Indigo" gepleşigi görkezilýärdi.Şuňa meňzeş zehinli çagalar çykýardy.
Izma
11 авг 2022, 21:20
Mona Songz,
Ozaldan zehinli bolup dogulmaly.
Aýnur
Автор 11 авг 2022, 22:26
iKONic
Mona Songz,
Ozaldan zehinli bolup dogulmaly.

Zehinimemä erbet däl welin ýöne bu dereje zehinlilik, geniýlilik 1000 adamda bir diýýärler
Yusup
11 авг 2022, 23:54
Ozbegistanda biri ogluna Messi diyip goydy. Komiljon ogly Messi