,,Eý ALLAJAN indi şetdaly eýmen ýöne..." (Bolan waka)

Bu waka Türkiýä işe giden bir daşary ýurtly raýatyň internetde ýazan gürrüňlerinden we durmuşda bolan. Ol şeýle gürrüň berýär:,,Türkiýäniň Siriýa bilen araçägine ýakyn ýerde Gaziantep şäherinde 5 ýaşlar töweregi bir gyzjagaza gözüm düşdi. Gam-gussa batyp, göz ýaş dökýän enäniň gujagyndaky bu gyzjagazyň bir eli we bir aýagy ýok eken. Gyzjagaz öz dilinde nämelerdir birzatlar diýip ynjyklyk edip, biynjalyk bolýardy, ejesiniň bolsa gözünden düwme-düwme ýaş saklananokdy. Ýüregi ezilip aglaýan enäniň we ýarymjan bolup ýatan çagajygyň gözlerinde giden bir aýylganç ýatlamaly dünýä bardy göýä. Men eneli-gyzyň ýanyna baryp gyzjagaza süýjülik berdim. Türkçe minnetdarlyk bildiren bu ýüregi dertli enä göwünlik berdim, soň ýerliksiz bolsa-da saklanyp bilmän gyzynyň nädip bu ýagdaýa düşündigini ejesinden soradym. Enäniň hopugyp aýdyp beren wakasyndan lerzana geldim.
Aýtmagyna görä gyzjagaz öňler juda şadyýanja, şoh eken. Olaryň ýaşaýan obasy weýrana bolupdyr. Şol weýranalykdan soň aman galan (weýranalykda aman galanlar bilen diýdi welin heläk bolanlar aman galanlardan kän) deň-duşlary bilen agşama çenli oýnaýan eken. Günlerden bir gün oýnap ýörüşlerine weýran bolan howlylaryň birine giripdirler. Gyzjagazyň howlydaky bitin galan ýeke-täk şetdaly agajyndaky gyzaryp oturan birje şetdaly miwesine gözi düşüpdir. Ony aljak bolup agajyň düýbüne ýakynlaşandan güýçli partlama ýüz beripdir. Ýagny, gyzjagaz şol şetdalyny aljak diýip partlaman galan snarýady basan eken. Ejesi:,,Janyny saklap galdylar welin..." diýip damagy dolup saklandy, çagasynyň kellejigini sypalap sözüni dowam etdi:,,Ýöne her gün dileg edýär, ýalbarýar.
,,ALLAJAN, indi şetdaly iýmen ýöne haýyş aýajygym bilen eljagazymy gaýtaryp ber, ýalbarýan" diýip azar çekmelerine ýüregim çydanok" diýdi. Entek gürrüňini dowam etdirýärdi, ýöne men enäniň galan gürrüňlerini eşidip bilmedim, gözümdäki ýaşlarymy saklap bilmedim. Onuň bu aýdan zatlaryndan soň Watanymyzdaky miwelerini göterip bilmän şahalary ýere degip duran şetdaly agaçlaryndan miweleri çagajyklarymyzyň arkaýyn we asudalykda hezil edip iýýänleri göz öňüme geldi. Satyn alynaýanda-da ýurdumyzda şetdalynyň bahasynyň näçedigini hä bilemok welin, olardaky ýaly janyň bahasyna deň däldiginä bilýän. Watanymy küýsedim. Asuda, parahat ýurdumyz bar ALLAJANA ŞÜKÜR!!!" diýip gürrüň beriji sözüni jemleýär. Öz Watanymyzdaky asuda säherlerimiziň soňy gelmäwersin...
4 лайков 253 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Brock
23 сен 2022, 12:40
Bir itiň içýän süýdini garybyň çagasy içip bilmeýän ýurdynda maňa akyl satmaň
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 13:08
Brock,
Eger hemmesi siziň pikir edişiňiz ýaly bolsa, baý bolsaňyz welin, ýöne şol enäniň ýerinde ýa gyzjagazyň ýerinde bolsaňyz näderdiňiz? Onda-da ,,Aý munuň zyýany ýok, hemme zada elim ýetýärä bir itiň içen süýdüni içp bilýänä elim-aýagym ýoklugynyň ýa çagamyň eliniň-aýagynyň ýoklugynyň zyýany ýok" diýermidiňiz?
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 13:16
Brock,
Ýa her gün snarýady basaýmaýyn, üstüme bomba düşäýmesin diýip ýaşasaňyzam siz üçin hiçmi? Hiç bir ýerde hemme zat hemme taraplaýyn bolýan däldir. öňem bir ýerde ýazypdym belki okanam bolmagyňyz mümkin. Bir kemi bolmak dünýäň kanuny ,,Ber kemi dolmadyk dünýä" diýilmeginiň asyl sebäbem şol. Onsoňam bu zatlar wagtlaýynça zatlar ,,Güneşiňem iň ýagtysy iň güýçli ýagyşdan soň çykýar"!
Brock
23 сен 2022, 14:27
Ulal entäk, goçak gyz bolaňda bar zada düşünersiň.
Alfonse
23 сен 2022, 15:50
Indi o gyzjagaz we enesi nireden gelipdir, Siriýadanmy? Siriýada bomba partlapdyrmy??
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 18:55
Narcissus,
Türkiýanyň Siriý bn araçägine golaý ýerde Gazieantep şäherinde diýip ýazylana.
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 18:57
Brock,
Ulalsam näme elim-aýagym ýok bolsa-da hiç diýer öýdýäňizmi? Muny haýsy akyly we ruhy sagdyn bolan adam isleýär?
Alfonse
23 сен 2022, 19:11
Mylayymzada,
Gazientepde nädip bomba partlapdyr düşünmedim.
Brock
23 сен 2022, 20:38
Narcissus,
Toslama bu
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 22:34
Gürrüň Gazientepde bolan. Bombanyň nirede partlany we olaryň niredendigi barada hiç zat ýazylmadyk.Narcissus,
Mylaýymzada
Автор 23 сен 2022, 22:37
Brock,
Öz aýdan zadyň nädogrydygy subut edilensoň başgalaryň hakykat gürrüňine ýalňyş ýa ýalan diýmek nägogrmyka diýýän. Kimiň hak, kimiň nähaklygy saýt agzalarynyň siziň we meniň teswirlerimize goýan like we dislike-lerinden mälim!!!