Aýralyk goşgusy.

Gelip dur.

Ýüregime gara bulut ornaşyp,
Gursagymy, ýagşy bilen ezip dur.
Garalan bagtyma, sebäpkär dildar,
Heniz, dem alýarkam, käte gelip dur.

Gaýrat, güýç terk etdi, ruhumy bu gün,
Indi, ömür üçin many azaldy.
Saña berilmeli, diýen mährimem,
Wysal bolman, arman töründe galdy.

Dideleñden, akmalydy bagt ýaşy,
Meniñ bilen ömür ýoluñ baglañda.
Seret, bu göz ýaşlar maña gelendir,
Parhy ganly, gidip kalbym daglañda.

Niýetlermiz, sada emma ajapdy,
Çagalarmyz bilen, bagtly döwrandy.
Neýleýän, ähtimiz ortada galyp,
Maña gussa berip, tüssesiz ýandy.

" Ýok, ýandy diýmegin, ähtdir - wepamyz,
Heniz senlik söýgim, gursagymdadyr "
- Diýip, şat etmeseñ garyp halymy,
Iñ bolmanda, käte - käte gelip dur.

Şirnazar Taganow
2 лайков 286 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.