Aýralyk goşgusy.

Aýtsana neçün?

Göremde gözleñde mähire zarlyk,
Söýdüm, bu zarlygy ýok etmek üçin.
Seniñ hem söýeniñ çyndy - la ahyr,
Bu gün terk edýärsiñ, aýtsana neçün?

Duýgularym senlidigin bilýädiñ,
Özge gözellere asla bakmadym.
Kalbymda döränsoñ yşk uçgunlary,
Hemişe aýawly, gorap sakladym.

Emma berkdir diýen ynam köşgümiz,
Neçün ýoklugyñda pytraýar bu gün?
Baky bagta uzamaly ýolumyz,
Gysgalyp, armanda çökdürýär göwün.

Bilmen, bu hasrata neçün duçar men,
Islegim dünýäñe bagt eçilmekdi.
Arman, bu isleglem indi azaplap,
Senli arzuwlarym, gam tarap çekdi.

Aýtgyn, ýakynlaryñ ýa garşy bolup,
Menli bagt saparña, böwet boldymy?
Ýa özge söýgüniñ güýji zor gelip,
Kalbyñda gunçalan, gülüm ýoldumy?

Şirnazar Taganow
1 лайков 128 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.