Aýralyk goşgusy.

Gel

Armana öwrüldi, arzuwly bagtym,
Diýeñde: " men indi seni söýemok ".
Ganly göz ýaşlarym döretdi derýa,
Derýa dolup daşýar, rehmiñ inen ýok.

Bilmen, günäm näme aýtsana eý ýar?
Jogapsyz soraglar, dilýär kalbymy.
" Sensiz niçe dünýe bolsa bary dar ",
Diýen wadalarñyñ, kaýda ýalkymy?

Neçün terk edenñe, tapmadym sebäp,
Aýt, söýgiñ gum bolup, äkitdimi ýel?
Ýoklugyñ derdinden, ejizlän ýürek,
- Heniz urup durka, gyssan gülüm gel.

Şirnazar Taganow
1 лайков 113 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.