Haşhaşyn (powest)

Aly örän ir ýetim galdy. Oňa, oň maşgalasy: “harby alaman wagtynda, ýanyp duran öýüň harabasynyň astynda gurban boldy” diýip aýtdylar, ýöne oň özüniň öýem ýadyna düşmeýärdi, alamanam. Ol özüniň aslynyň nirdendiginem bilmeýärdi, ata-enesiniň adynam. Bäbeklikden “Alaweddin daýy” diýip atlandyrmaga endik eden adamsy, oň kakasam boldy, ejesem.
Alaweddin, Alyny Alamut galasyna getirip, hojaýynyna sözsüz, sadyk gulluk edýän hem-de oňa edil Ýaradanyň zemindäki kölegesi deý garaýan (olar ony şeýle-de atlandyrýardylar) hyzmatkärlere tabşyrdy. Alaweddin kiçijik Ala mähirlidi, oglanjyk bolsa birwagtyň özünde ondan hem-ä elheder alýardy, hemem dälireme derejesinde eý görýärdi.
“Eger-de Alaweddin daýy Biribaryň kölegesi bolsa”-diýip ol oýlanýardy:-“goý men, haçan-da ulalamsoň şol kölegäň kölegesi bolaýyn. Şondan özge zat gerekmez maňa...”.
Gala daglaň depesinde, beýikde durdy. Oňa ýalňyz, kert ýol eltýärdi, oň käbir böleginde bolsa, goşa atly diňe şoň üçin ýörite gurnalan ýerinde birek-biregiň deňesinden ötüşip biljekdi.
Alaweddin oglanjyga düşündirdi, “Alamut” sözi, ýerli şiwede “bürgüdiň sapagy” diýmegi aňladýan ekeni: şu galany guran gadymy hökümdar, eldeki bürgüdiň gonan gaýasyny ony gurmak üçin saýlap alanmyş.
Saýlaw iňňän parasatly bolup çykypdyr – galaň duran ýerini ýekeje-de duşman goşuny gabap biljek däldi. Onuň girdaba tarap üzül-kesil kertleşýän diwarlarynyň astyna diwar pytradyjy enjamlary getirmek mümkin däl. Galany zabt edip almak ýa-da gabamak mümkin dällig-ä beýle-de dursun, oňa hatda golaýlamagam müşgil.
Aly kiçeňräk, daş otagda önüp-ösdi, onuň penjireleri gaýalara hem-de ýandak basan baýyrlara bakýardy. Gaýalardyr baýyrlar hemişe görünmeýär – aşakda derýa akýar, her baharda-da, daglarda gar erände ol dolup-daşýar. Şonda suwuň üstünde ümür buludy göterilip, göwnüňe bolmasa gala bulutlaň arasynda gaýyp ýörene çalym edýär.
Aly hiç wagt diýen ýaly penjiräň aňyrsynda adamlary görmeýärdi. Ýöne käte olaryň bardygy hakda alysdaky baýryň depesinde görünýän düýeleriň hatary ýa-da asmanda gaýýan dazzarkeller ýatladýardy.
Käte, düýeler geçidiň aňyrsyndan ýitensoň dazzarkeller asmanda asmanda peýda bolýardylar, birnäçe sagatdan soň bolsa Alaweddin daýy ýüzleriň gara matadan örtükli atlylara baş bolup gala dolanýardy. Atlylar agyr ýük urlan düýeleridir eşekleri yzlaryna tirkäp alyp gelýärdiler, olaryň ýüklerinde bolsa gan yzlary bardy. Şeýdip, Aly, ilkinji mantyga laýyk netijeleri çykarmagy öwrendi. Emma, hemmeler Alaweddiniň ýagşyzadadygy bilýärdiler, onuň gylyjy diňe kapyrlar üçin gorkulydy.
Alyň otagy gaty ýokarda ýerleşýärdi, şoň üçinem penjireden çykmak mümkin däldi – derýa hol aşakda bir ýerlerde seslenýärdi, o taýa hatda seretmegem gorkunçdy. Galadan çykmak berk gadagandy, şoň üçinem ol howluda kös-söw syryp, Alaweddiniň öý-öwzar beren beýleki oglanjyklary bilen oýnap wagtyny ötürýärdi – olaram edil oňky ýaly daşdan kapasajyklarda ýaşaýardylar. Soňra oňa sowat öwredip başladylar, ýöne dürli danalyklar bilen kellesini dykyp doldurmaýardylar. Ol Gurhany we pygamberiň bitiren işleri hakda hadyslary okamagy öwrenýärdi.
Gaýalar galanyň hemme tarapyny gallaýardy, ýöne oň bir diwarynyň aşagynda dag kertleriniň arasynda gapjalan ýaşyl jülge ýatyrdy. Onuň diňe bir çetjagazy görünýärdi, ýöne, kämahal o taýdan bilbilleň saýrak owazy eşidilýärdi. Aly iň beýik minaradan jülgäni ýagşyja synlap bolýandygyny bilýärdi. Ýöne, oňa we beýleki oglanjyklara şol ýere galmak gadagandy.
Bir gezek, haçan-da Alaweddin galadan gidende, Aly minaraň gapysynyň gözegçiliksiz galandygyny görüp, agaçdan towlampaç basgançakdan ýokarylygyna dyrmaşdy. Ýokarda gözegçilik mürçeli (nokady, küňresi) bardy. Aly minaraň dişlerinden eglende, hol aşakda ýap-ýaşyllykdyr gülleriň arasyndaky ak ymaratlary gördi. O taýda, göwnüne bolmasa, miweli baglardan doly, äpet çarbaglyk bar ýalydy. Çarbagyň merkezinde güllerdir gyrymsylyk bilen gurşalan meýdança bardy. Ol ýerde hemme zadam gür gyrymsylyga gark bolandy – hatda uzakdanam, şo ýerde hökmürowan asudalykdyr serginlik duýulýardy...
Ýöne, Aly, kän zat synlamaga ýetişmedi – oň yzyndan ýokaryk galan urşujy oň şeýlebir eýmijini ýetirdi welin, ol birnäçe günläp öz otagynda ýatyşyna, galybam bilmedi.
Haçan-da Alaweddin dolanyp gelensoň, Aly oňa arz etmedi. Oňa derek ol sorady:
-Alaweddin daýy, o taýdaky ýaşyl dere näme? Ol ýerde sekilerdir tälerlerem barmy?
Alaweddin güldi.
-Garaş, Aly. Sen ulalaňsoň ol barada bilersiň. Häzir bolsa, men saňa näme jogap berenimde-de, seň kelläňde diňe bulam-bujarlyk emele geler.
Aly özüni köpden bäri azara goýýan ýene-de bir sowalyny bermek isledi:
-A nämüçin sizi “Biribaryň kölegesi” diýip atlandyrýarlar, Alaweddin daýy?
Alaweddin çynlakaý keşbe girdi. Ol jogap berdi:
-Munuň sebäbi, mende öz isleglerimdir maksatlarym ýok. Men Perwerdigäre açylmak hem-de oň erkini berjaý etmek üçin, öz ýüregimden ähli şahsy zatlary aýyrýan.
Aly penjiräň aňyrsyndaky, asman belentliginde gaýmalaýan maslykçylary ýadyna saldy. Soňam Alaweddiniň ýoldaşlarynyň gala getiren, agyr ýük urlan alaşalary hakda oýlandy.
-Ýaradanyň erkiniň nämededigini siz nädip bilersiňiz?
Alaweddin jogap berdi:
-Muňa aklyň bilen ýetip bilmersiň. Haktagalanyň erki diňe kaýyllyk arkaly aýan bolýandyr.
- “Kaýyllyk” näme?-diýip, öň beýle sözi eşitmedik Aly sorady.
-Kaýyllyk – bu öz islegleň hem maksatlaň bolmazlygyny aňladýar,-diýip Alaweddin aýtdy:-Bu edil daglardaky uzak ýola kybapdaş. Ilki sen öňüňde kiçeňräk bölejigini görýäň, şonda-da seň göwnüňe bolmasa, sen onuň nirä eltýändigini bilýän ýaly bolýaň. Soňra ýol öwrülýär-de, seni müňkürlik gemrip ugraýar. Soň ol ýene-de we ýene-de öwrülýär-de, müňkürligiň artýar. Diňe şeýle öwrümleň ençemesinden aýlanyp, nijeme geçitlerden aşyp, ýoluň hakykatda nirä barýandygyna düşünmäge başlaýaň. Ine şeýdip, kaýyllygam danalyga eltýär.
-A men şu ýoldan gidip bilerinmi?-diýip Aly sorady.
Alaweddin oň saçlaryny bulaşdyrdy.
-Bilersiň,-diýdi:-Munuň üçinem saňa hemme zatda maňa gulak asmak ýeterlik. Ýene-de biziň jemagatymyzyň kadalary bilen gadagan edilen zatlary etmezlik.
Aly düşündi – hyzmatçylar Alaweddine oň etmişi hakda eýýäm aýdypdyrlar. Ýöne, Alaweddiniň özüne käýýemezligi oglanjygyň ýüregini minnetdarlykdan doldurdy. Ol dillendi:
-Men seniň kölegäň bolup bilerinmi, Alaweddin daýy? Biribaryň kölegesiniň kölegesi?
-Eger-de muňa Ýaradanyň eradasy bolsa,-diýip Alaweddin jogap berdi:-Ýene-de birnäçe günden seň on ýaşyň dolýar. Şonda seniň kaýyllyk ýolundaky syýahatyň başlanar. Berk belle, Aly, ýol aňsad-a bolmaz.

*****

Alaweddin hakykaty aýdan ekeni. Alyň on ýaşy dolan güni, onuň durmuşy çürt-kesik üýtgedi.
Indi ir ertir, beýleki oglanjyklar bilen maşk etmäge – ony howla çykarýardylar. Ol birnäçe sagatlap, tä süňňi lagşaýança, birahat duruwda doňmaly bolýardy. Onuň aýalaryna gön kemerçe bilen agyr demir böleklerini daňýardylar-da, ellerinem uzadyp durmaga mejbur edýärdiler – eger-de eli ýadap biygtyýar sallansa, ol taýak bilen urulýardy.
Ol dürli agyr zatlary göterýärdi, syryga, kemende dyrmaşýardy, bir elinde bagdaky agajyň şahasyndan aslyşyp, tä barmaklary öz-özünden ýazylýança sallanyp durýardy – eger-de ol gereginden ir aşak gaçsa, onda ol aşagynda serlip goýlan tikenekleň üstüne gaçýardy. Ol diwaryň yşlaryna kakylan demir myhjagazlaryň üstünde durmaga mejburdy. Onuň endamyna köräp duran peltäni degrip, ony aklyňdan azaşdyryp barýan agyra döz gelmäge endik etdirýärdiler.
Bir ýyldan Aly has kuwwatlandy. Şonda ony katara – üçburç şekilli, sapy adatça bolşy ýaly tygyny dowam etdirmän, sapy keseligine, içinde ýumrugyňy gizleýän baljygynda ýerleşýän pyçaga – erk etmekde türgenleşdirip ugradylar. Haçan-da ol katary eline alanda, tygy pyçagyň sapyny gysymlaýan ýumrugynyň öňüne gezelip durýardy.
-Şeýle pyçaklary Sind ýurdunda ýasaýarlar,-diýip Alaweddin aýtdy:-Olar bilen adaty ýaragdakydan tapawutly urgy urup bolýar. Şoň üçinem olardan goranmak has çylşyrymly. Şu günden başlap şu iki tyg – seniň täze elleň. Olary öz teniň bir synasy diýip hasapla. Olarda öz ganyň akýar diýip göz öňüne getir. Şonda sen olaň kömegi bilen kesekiňkini dökmegi başararsyň...
Alä bu pyçaklar bilen köp zat etdirýärdiler. Olary mergenlik bilen agaç gurjaga zyňmagy öwredýärdiler – ýigrimi ädimden ol şoň döşüne çümdürmelidi, soňam sapyna daňlan ýüp bilen çekip yzyna almalydy. Ol pyçaklaryny daşlaň arasyndaky jaýryklara sokup, gala diwaryna dyrmaşmagy özleşdirýärdi.
Iň kyny, kindiwanja mis teňňäni bir tygdan beýleki tyga – ol ýeke saparam ýere gaçmaz ýaly oklap-gapmakdy. Ol ilki-ilkiler tyglary ýanaşyk saklardy, soňra ol bu pişä şeýlebir çylumlaşdy welin, gollary giň ýaýanda, teňňe onuň depesinde iki ýaňa gaýar ýörerdi.
Uzagyndan Aly hakykatdanam iki sind gamasynyň – adaty bir demir bölegi däl-de, öz penjelerini tebigy dowam edýän, bürgüt dyrnaklaryna kybapdaşdygyny duýmaga başlady.
Oňa gylyçlaşmagyň tilsimlerini öwredip ugradylar. Ol birnäçe ýaragly urşujylaryň sowutlarynyň açyk ýerlerine ýyldyrym çaltlygyndaky sanjymlar bilen olardan goranýardy. Ol atlyň golundaky jyzaň öňünden sowlup, eýerdäkiň but damaryny kesmegi ýa-da onuň goragsyz böwrüne aşakdan ýokaryk tyg sançmagy öwrenýärdi. Ol özüni heläklejek bolup çytraşýan sakçylaryň diri dälizini böwsüp geçip, öz pyçaklaryny sünçmeli agaç gurjagyna ýetýärdi. Şeýdibem ol diňe nahar edinmäge hem-de sežde etmäge arakesme bilen ertirden agşama çenli türgenleşýärdi.

*****

Haçan-da Alyň on alty ýaşy dolanda, ondan hatda halypalaram heder edip ugrady. Türgenleşilen ýyllar oň bedenini kuwwatly hem çeýe etdi; ol islendik bazarda tomaşa etmäge mähelle ýygnanjak emelleri görkezip bilýärdi. Ol indi öňki oglanjygy çala ýadyňa salýardy – ol ýokarky dodagynda murty taban, syrdam ýigde öwrülipdi. Onuň zenanlarda gözi äginýärdi, käteler bolsa onuň öz halypalary bilen hijem paýlaşyp bilmejek pikirleri aňyna gelýärdi. Ýöne, Alaweddin, elbetde bu üýtgeşmeleri görýärdi.
Bir sapar ol aýtdy:
-Sen ulaldyň. Özüň bilen göz öňüne getirip bolmajak ajaýyp bir zadyň bolup geçmegine taýýar bol.
-A meň bilen hut näme bolup geçer?-diýip Aly sorady:-Onsoňam göz öňüne getirip bolmajak zada nädip taýyn boljak?
Alaweddin güldi.
-Hiç zat edip,-diýdi:-Şoň üçinem men saňa aýdýan – haçan-da bu başyňa düşende, gorkma.
Eger-de Aly şeýle nesihaty bäş ýyl mundan ozal eşiden bolsa, onda ol elbetde birneme üýşenerdi, çünki her kese-de düşnükli – haçan-da saňa: “gorkma” diýýän bolsalar, diýmek öňde nähilem bolsa bir aýylgançlyk bardyr. Ýöne, gündelik süllümbaýlyk ony eýýäm birmahal gorky-ürküni unutmaga mejbur edipdi.
Özem, bu oňa wehimsizligi öwredendiklerindenem däldi.
Onuň bilen hiç hili gowulyk uzakdan bäri bolmandy, türgenleşikler bolsa agyrdy hem agyrylydy. Onsoň, şuň ýaly ýaşaýyş, ýapyşyp ýatanyňa bir degýärmi? Aly, Alaweddiniň buýsanç bilen: “öz duşmanlarynyň janyny eý görüşi dek ölümi söýýän” diýip agzaýan gahrymanlarynyň mežnuny batyrlygynyň sebäbinem özüçe çaklaýardy. Ol özünem şeýle takdyr üçin taýýarlaýandyklaryny duýýardy – sebäbi ajala aşyk bolmak, dirilikden ýönekeý bir doýmagy aňladýar ahyry, a bu bolsa oňa eýýäm tas başardyp barýar diýen ýaly.
Alaweddin bilen gürrüňdeşlikden soňky birnäçe gün adatdakysy ýaly geçdi. Aly galaň howlusynda kiçijek, demirden aýakýaýy (arbalet) atmakda türgenleşýärdi – oň zäherlenen oky uzaga gitmese-de, bu ýaragy eşigiň aşagynda gizläp bolýardy. A soň bolsa hakykatdanam göz öňüne-de getirip bolmajak zat boldy.

*****

Ir ertir oýananda Aly, nähilidir birhili nätanyş ýerdedigine düşündi. Bu ak mermerden towlam sütünli otagdy. Onuň üçegi we diwarlary nagyşly bezelendi, astynda bolsa nepis, reňkli ýygnamaşekil (mozaika) bardy.
Esasanam, diwar bezegi täsindi – göwnüňe bolmasa, onda ajaýyp näzeninleň keşpleri şekillendirilen ýalydy, şol birwagtda-da, diwarda ýekeje-de hakyky ýüzi tapmak mümkin däldi. Nagyş diňe ýaňzytmalardan doludy – bir çyzyk adaty däl uzyn göze çalym edýärdi, beýlekisi nepisje, kiçijek burna, üçünjisini ýürejik deý süýrelen gyrmyzy dodaklara, dördünjini – garaýagyz hamdaky garaja menekli ýaňagyň näzik suduryna, bäşinjini – çokul saça we şuňa meňzeşlere meňzetmek bolýardy.
Ýöne hemmesi hyýaly howaýylykdy: hakykat-da Aly öz öňünde diňe dürli reňki çyzyklarydyr tegmilleri görýärdi, eger-de kimde kim ynsan jemalyny şekillendirmäge gadaganlygy bozýanam bolsa, onda ol şu nagşy çeken nakgaş däl-de, onuň özüdi, çünki ol şo didarlaň hemmesini öz hyýalynda çekýärdi. Muňa düşünip, Aly utandy.
Diwardaky gapyny saýgaryp ol ony açjak boldy, emma ol ýapykdy. Şonda ol otagy gözden geçirdi. Çüňkde süýjüliklerdir şerbetli tagtaça durdy. Oň üstünde ýazgylyja kagyz ýatyrdy:
“Eý gözel ýigit, seň bedeniň deramatdan gaçdy. Bu halwany iý-de, şu şerbeti iç. Saňa kuwwat gaýdyp geler, onsoň sen işigiň aňyrsynda näme bardygyny bilersiň”.
Ýazgyň aşagynda goluň deregine üç sany arap harpynyň düzümi bar ekeni, olar hiç hili many aňlatmaýardy, ýöne şekilleri sekiň üstünde ýazylyp-ýaýrap ýatan näzenine çalym edýärdi. Bu zatlaň bary Aly hetden aşa tolgundyrdy. Şu güne çenli hiç kim ony “gözel ýigit” diýip atlandyrmandy.
Aly ysgynsyzlykdyr açlygy syzdy. Ol sary halwaly golçany ýanyna çekip, ony çaltlyk bilen taňkyratdy, soňam tylla çaýylan küýzedäki sowuk şerbetden içdi. Ýöne hatjagazdaky wada garamazdan, işik açylmady. Aly az salymlyk dynç almak üçin gyşardy, şol durşuna-da ymyzgandy.
Haçan-da ol oýananda onuň ýanynda, sekide, ýukajyk ýüpekden köýnekli, iki sany ýaşajyk gyz otyrdy. Mähirli gülümsiräp, olar oňa bakýardylar.
Aly tirseginde daýandy. Onuň bilen nämedir bir zat düzüw-ä däldi. Ol hiç haçan özüni şu mahalkysy ýaly täsin duýup görmändi – onuň göwresi tagaşyksyzdy, agralypdy. Ol özüne edil dag kibi mähnet bolup görünýärdi, şoň üçinem şujagaz kindiwanja otaga özüniň nädip sygýandygyna düşünmek kyndy. Ýöne, dogrusy, Aly birneme dikelen dessine, onuň göwnüne bolmasa öz bedeni edil külembikäň gabarasynda kiçelen ýaly boldy, alkymynda oturan gyzlar, eger-de isleseler ony syçan oýnan ýaly oýnabam biljekdiler.
Täsinlikler diňe onuň bedeni bilen bolup geçmeýärdi. Kellesine gelýän pikirlerem ony özleriniň çuňlugy hem umytsyzlygy bilen gorkuzýardy – pikirlenmegem, edil gijeki düýpsüz guýa sereden ýaly gorkunçdy. Pikirlenmezlik bolsa ondanam beter.
“Men öldüm” diýip Aly düşündi: “Häzirem, o dünýäň çaparlaryny görýän. Men eşitdim, olar iki bolmaly...Megerem, olar meni haýykdyryp, synagdan geçirmek üçin şunuň ýaly sypata girendirler”.
Bolanja gaýratyny jemläp, ol has golaýyndaky gyza, o dünýädäki jandarlara berilmeli sowaly berdi:
-Ynsmy sen jynsmy?
-Eý merdana Aly,-diýip jenan jogap berdi:-men ynsam däl, jynsam. Men hüýri, saňa rahatlyk hem eşret üçin ýollanan.
Aly beýleki gyza nazaryny öwürdi.
-A sen kim?
-Menem hüýr,-diýip ikinji näzenin aýtdy-da, ýylgyrdy.
Aly jenneti hüýrleň aýaklary aňyrsynda aýna deýin süýekleridir laglreň ýülükleri görünýän aýna ýaly diýip eşidipdi. Oň ýanyndaky gyzlaň welin, el-aýagy adaty ynsanyňkydy, ýöne olaň injiklerinde takyk süňküň üstünde geçýän, reňk zolaklary ýiti gyzgylt öwüsýärdi, bu-da içi görnüp duran süňke çalym edýärdi. Olaň teni aýna ýaly aňyrsy görnüp duran däldi, ýöne oňa derek olaryň geýimleriniň aňyrsy görnüp durdy. “Behişdi hüýr” diýilýän närsäň hemme düzüm bölekleri, biri-birine Alyň garaşyşyndan biraz başgaçarak sepleşýänem bolsa ýerbe-ýerdi. Ýöne, danyşmentleň sözünden ol bilýärdi – gaýyp dünýä hakda ynsan bilimi kämil däldi.
Özüniň gaýyby dünýä düşendigine, ol indi şübhelenmeýärdi. Onuň zeminde duýmagy düýbünden mümkin däl duýgularam şonuň şeýlediginiň subutnamasydy. Ony birden-ä çydap bolmaz derejede şadyýanlyk gabsap alýardy, birdenem süňňi tükeniksiz wehimden dolýardy. Gapdalyndaky gyzlar bolsa, oňa birden-ä ony tary-mar etmekçi bolýan elhenç ýyrtyjy bolup görünýärdi, birdenem onuň üçin hemmeje zada taýýar magşuklara, ýa-da birwagtda şolaň ikisine-de öwrülýärdiler. Esasy zadam olar şeýlebir owadandy welin, olaň gözelliginden özge hiç zat hakda pikir edesiňem gelmeýärdi.
Gyzlar Alyň goltugyna girdiler-de, ony sekiden turuzdylar.
-Baga gideli, jenap,-diýip olar pyşyrdaşyp, çaýkanyp duran Alyny işige garşy itdiler.
Haçan-da gapy açylanda, aňk bolmakdan ýaňa Aly duran ýerinde doňup galdy. Onuň öňünde hyýalyňa-da getirip bolmajak iň ajaýyp çarbag ýaýylyp ýatyrdy. Baglaryň şahasy miweleň agramyna egrelip durdy, şemal ajaýyp, seýrek gülleri gelesledýärdi, mermer nowajykdan akýan çeşme “şyrryldaýardy”. Nirededir bir ýapraklykda bilbiller jürküldäp, sygyrýardylar, otlukda üsti nazy-nygmatdan doly ýüpek desterhanlar ýazylgydy.
Çarbagda başga-da hüýrler garaşyp durdy – olaryň hemmesi ýigrimä golaý ekeni. Olaryň birleriniň elinde täsin saz gurallary bardy, beýlekileri bolsa ýelpweaçdyr şapalak saklaýardylar, käbirleri bolsa başbitin diýen ýaly ýalaňaç, mukama görä gyjyndyryjy raks oýnan bolýardylar. Olaň hemmesem Alä şadyýandan mylakatly seredýärdiler.
Aly ýüpek güpjekde oturdy, gaşyny çytyp, kä tagamlara, käte-de gyzlara garap, özüniň olaň haýsyny has artyk isleýändigine aň ýetirmäge çytraşdy. Onuň bu synanyşygynyň netijesi täsin boldy – haçan-da ol nygmatly saçaga seredýärkä, hüýrleri küýseýärdi. A haçan-da ol hüýrlere baksa-da, ol ajygyp ugraýardy. Bu çykgynsyzlyk birsellem dowam etdi, emma soňra ol bu iki pişänem utgaşdyryp boljakdygyna düşündi.
Aly hahahaýlap güldi welin, çeşmäň “şyrryldysy” oňa kümüşsöw ýaň bilen jogap berdi. Hüýrlerem gülüşdiler, Aly kellesinden bar zady zyňyp, öz bagtyna tarap ümzük atdy.

*****

Ertesi gün oýananda Aly, özüniň daş hüjrejiginiň tanyş üçegini gördi-de, özüniň öýündedigine düşündi. Serçemende bolup geçenleri ýadyna salyp, düýnki gün özüne näme bolandygyny serinde aýlap ugrady – hakykatmy ýa-da ony eýýäm birnäçe ýyl bäri köseýän haýasyz düýşlere çalymdaş düýşmi. Bolup geçenler çyn däl ýalydy, şoň üçinem Aly bu düýş diýip hasaplady. Ýöne, onda, nämüçin oň kellesiniň şeýle erbet agyrýandygy hem-de biçak suwsandygy düşnüksiz.
-Ýok,-diýip ol hümürdedi:-bulaň barysy hakykatdanam boldy.
-Hawa,-diýip onuň alkymynda Alaweddiniň sesi eşidildi:-Bu hakykatdanam boldy.
Aly onuň nädip otaga girendiginem görmedi. Ol sekiden tarsa turdy-da, jenabyň öňünde tagzym edip, baş egdi.
-Birmahal sen sorapdyň,-diýip Alaweddin dillendi:-meni nämüçin Biribaryň kölegesi diýip atlandyrýandyklaryny. Men saňa hemme zadyň sebäbiniň meniň kaýyllygymdadygyny düşündirdim, bu çyndanam şeýle. Meniň özümde isleg ýok, men diňe Şalaryň Şasynyň elindäki gural. Ýöne, munuň başga-da bir sebäbi bar, emma ol barada seniň kiçiligiň sebäpli men saňa aýdyp bilmedim. Meni El-Kaýýumyň (Hemmeleri saklaýjy we goraýjyň) kölegesi diýip atlandyrýanlarynyň sebäbi, ynsanlara gudraty hem syrlary görkezmek meniň ygtyýarlygymdadyr. Has takygy, şol gudratlardyr pynhanlyklaň özüni däl, çünki olar ejiz ynsan paýhasy ýeterden öte ägirt, diňe şolaryň kölegesini görkezmek meniň erkimde...
Alaweddin Alyň häzir eşitjek zatlarynyň näderejede wajypdygyna akyl ýetirmegi üçin, ara maý salyp, dymdy-da, diýdi:
-Düýn sen birje gözüň bilen uçmaha jykladyň.
-Şo jennetdimi?-diýip Aly sorady:-Men şeýledirem öýdüp pikir etdim, jenap. Hemme zat edil alym hadymlaryň hekaýatlaryndaky ýaly eken. Ýalyrak...
-A näme şolardaky ýaly däldi?-diýip Alaweddin gaşyny çytdy.
-Hüýrleň käbirinden deriň ysy gelýärdi. Saz gurallaryny çalýan ikisi ýa-da üçüsi o diýen ýaş däldi, hamlary gasyn atan. Ondan başga-da olaryň sürme-hynalary akýardy. Ýene-de behiştde siňekler bilen çybynlar köpdi, olar bizar-peteňiňi çykaryp barýardylar.
Alaweddin güldi.
-Ýaşlygymda men beýik ulamalardan sapak aldym,-diýip ol gepe başlady:-şolardan bir beýik hakykaty öwrendim, ýöne oňa dogrusy bada-bat akyl ýetirip bilmändirin. Diňe dura-bara oň manysy meň üçin aýdyňlaşypdy. Ulamalar, Biribaryň behişdi ýaradýan serişdesi ynsanlaň ajaýyplyk hem lezzet hakyndaky pikirleridir diýip aýdýardylar. Şol sebäpdenem seň görenleň kem-käsleýin kämil dälligini, seň özüň ylahy eşretiň neneňsi bolmalydygy hakyndaky garaýyşlaryň görmeksizligi bilen düşündirilýär. Çünki kerpiç nähili bolsa, ondan gurlan jaýam şol hilidir. Sen meniň näme diýýänime düşünýäňmi?
Bu ynandyryjy eşidilýärdi. Alyň özi hiç haçanam beýle sada düşünjä akyl ýetirip bilmezdi. Emma, onuň aňynda barybir müňkürlik ýylpyldap gitdi – sebäbi ony jennetiň bosagasynda garşylan şol iki hüýr çirksiz owadandy, şolar babatda-ha onuň hyýallarynyň kämil däldiigi hiç hili päsgelçilik döretmändi. Onda nämüçin...
Ol bu pikirini ahyryna çenli oýlanmaga ýetişmedi – Alaweddin edil ony eşiden ýaly boldy:
-Ondan başga-da,-diýip ol dowam etdi:-adamzadyň ajaýyplyk hakynda çaklamalaram belli bir derejede kabul ederlikli. Kämil gözellik diňe oňa görä kämil däl gözellik bilen deňeşdirmede ýüze çykýar. Şol sebäpdenem uçmahy näzeninleň käbirleri beýlekilerine garaňda birneme göze gelimsiz bolup biler. Munuň şeýle edilmeginiň sebäbi, takwa lezzet berýän hüýrleriň oňa hasam küýsegli bolmagy üçindir.
Ine munuň bilen Aly doly ylalaşýardy – şeýle pikir düýn ol üçünji näzenini saýlaýarka, onuň öz aňynda-da emele gelipdi. Ýöne, şonda-da barybir Alaweddiniň sözlerinde nämedir bir zat bolmalysy ýaly däldi. Aly kellesini elleri bilen gysdy-da, oýa batdy. Nämüçindir semiz, gara siňekler onuň hakydasyndan hiç çykmaýardy.
-Diýmek onda şo behişt-dä?-diýip ol sorady:-Ol hut şonuň ýalymy?
-Men saňa jenneti görkezip bilýän diýip aýtmandym. Men diňe onuň kölegesini görkezip bilýän.
-Kölegesi uçmahdan näme bilen tapawutlanýar?
Jogaba derek Alaweddin elini öňüne galdyryp, ony penjireden düşýän gün şöhlesine tutdy. Gabat-garşydaky diwarda onuň penjesiniň kölegesi peýda boldy.
-Seret,-diýdi:-Meň elimiň kölegesinden sen meniň barmaklarymyň bardygy, olaryňam bäş sanydygy hakynda çen edip bilersiň. Haçan-da men elimi öwrenimde, kölegäň üýtgeýşine baglylykda sen, umuman eliň nähili gurluşynyň bardygyna düşünýärsiň. Ýöne, her niçigem bolsa kölege bilen eliň arasynda tapawut bar ahyry, dogry dälmi?
Alaweddiniň barmaklary gymmatbaha ýüzükler bilen bezelendi, güneş maýda ýakutlar, äpet lagl hem-de pişmepisint zümerret ýüzünde ýyldyraýan altynda göz gamaşdyryjy lowurdaýardy.
Bu gowy jogap.
-Nämüçin jennetde hemme duýgular düýbünden başgaça? Men hemme zady adatdakymdan üýtgeşik başymdan geçirdim. Iýmitiň tagamy başga, ol jenanlaň galtaşmasy bolsa...Dogrusy, olary näme bilen deňeşdirjegimem bilemok. Ähli zat zemindäkiden üýtgeşikdi.
-Jenneti jennet edýänem şu-da,-diýip Alaweddin ýylgyrdy:-Mende asmany uçmahyň açarlary ýok. Ýöne şol açarlaň kölegesi bar. Açaryň kölegesi bilen gapyň kölegesini açyp, men saňa ebedilik bagtyň kölegesini görkezip bilýärin.
Alaweddin ruhana ynsana mahsuslykda matally hem howalaly gepleýärdi, şoň üçinem Aly ýuwaş-ýuwaş köşeşdi. Onda ýene-de ýekeje sorag galypdy, emma ol ony bermäge çekinýärdi, çünki sorag beýlebir uslyply däldi. Ýöne, bu hakda gürleşmäge başga mümkinçiligiň bolmazlygam ahmaldy, şo sebäpden Aly göwnüni bire baglady.
-Jenap, mende ýene-de bir sowal bar, iň soňkusy. Men eşitdim, takwa adama serpaý hökmünde ýylyň günleriniň sanyça hüýr-melek, hatda ondanam köpüsi bagyş edilip bilinýärmiş. Ýöne, men welin, dogrymy aýtsam, bary-ýogy üç sanysynyň hötdesinden gelmegi başardym, soň bolsa menden deramat ýitdi. Eger şeýle boljak bolsa, takwa bendä şeýle köp düşekdeş nämä gerek?!
Alaweddin hahahaýlap gülmäge başlady, tä gözüne ýaş aýlanýança-da güldi.
-Beýle müňkür bolma,-diýip ol ahyrsoňy geplemegi başardy:-Eger-de Allah saňa üç ýüz hüýr-melek ýollasa, onda ol saňa şolaryň hemmesi bilen birwagtda bolmaga ýeterlik bolar ýaly erkeklik kuwwatynam peşgeş eder.
Aly “birwagtda” bilen bagly aýdylanyna düzüwli düşünmedi (beýle zady, älhepus, göz öňüne getirmegem gorkunç), ýöne Alaweddiniň pikiri onuň aňyna ýetdi. Indi sorag galmady.
Bosagada säginen Alaweddin diýdi:
-Ýadyňda sakla, oglum. Sen düýnki bolup geçenler hakda özgeler bilen hiç haçan gepleşmeli dälsiň. Şeýle gepler seň ýüregiňi hapalar-da, sen soň hiç wagt jennetiň kölegesine girip bilmersiň.Goý bu seň ýürek syryň bolsun.
-A haçan men...Neme, indiki gezek?
-Ilkinji tabşyrygy ýerine ýetireniňden soň,-diýip Alaweddin jogap gaýtardy:-Giň ýürek bilen ýola düş. Çünki, haçan-da sen behişdiň kölegesine girmek üçin bärik dolanyp bilmeseň, onda hakyky uçmaha düşersiň. Sen indi onuň nämedigine baha kesip bilýäň. Islendik ýagdaýda-da sen utuşda bolýaň. Ýöne, bärde, Alamutda, saňa diňe serpaýyň kölegesi garaşýar. A o taýda bolsa – sylagyň özi.

*****

Ala ynanylan birinji ganhorlyk iňňän wajypdy – Alaweddin şoňa urşuň netijesiniň baglydygyny aýtdy. Elbetde, Aly üçin, behişdiň işiginiň şeýle zulmat pişeden soň açyljakdygy täsindi. Ýöne, ol eýýäm bilýärdi: ylahy sowallardan baş çykarmakda onuň akly juda ejiz gelýär. Onsoňam ol Alaweddine özüniň beren islendik soragyna onuň dessine jogap berýändigi, şolardan soňam onda hiç hili şübhe galmaýandygam ýadyndady – ýöne, dogrusy, şol jogaplar onuň aňynda aýdyňlygy artdyrmaýardy. Şol sebäpdenem ol, jenaby artykmaç soraglar bilen ýadadyp durmady. Emma ol, gahryman işi gaýyrmaga Alaweddiniň ugradýan birinji merdanasy däldi – megerem ol, şeýle pursatlarda adamyň kalbynda nämeleň gopýandygyny ýagşy bilýän bolsa gerek.
-Meň saňa öňem aýdyşym ýaly,-diýip ol söze başlady:-uçmaha eltýän ýol “kaýyllyk” diýlip atlandyrylýar. Onuň aýratynlyklary, sen onuň hakykatda nirä barýandygyny görmeýärsiň, çünki ol ynsan durmuşyny emele getirýän dag-dereleriň arasynda sap atýar. Günorta barmak üçin käte demirgazyga uzak wagtlap ýöremeli bolýar. Beýik geçide çykmak üçin bolsa jülgeden geçmek zerur. Halas bolmak üçin öldürmek zerur bolýar. Şuňa düşünmek hem-de jinnekçe gümanyň bolmazlygam – kaýyllyk ýoly bilen gitmegi aňladýar...Al.
Alaweddin Alä ýag siňen, agyr düwünçegi berdi. Aly matany açyp, iki sany katary gördi. Şekili hem agramy boýunça olar, onuň uzak ýyllaň dowamynda türgenleşen iki pyçagyna birme-bir meňzeşdi. Ýöne olaryň tygy dişelendi, özlerem nähilidir birhili ýelmeşek suwuklyga boýalandy.
-Seresap,-diýip Alaweddin duýdurdy:-Olary gynynda sakla. Hiç bir ýagdaýda-da bir ýeriňi kesdiräýme – sebäbi şondan soň seni hiç tebibem halas edip bilmez.

*****

Indi Alam Alaweddiniň beýleki hyzmatkärleri ýaly sypatdady. Ol başlykly gara ýapynjalydy, ýüzüni bolsa matadan nikap örtýärdi. Gämi ony Liwandaky Sidon şäherine getirdi, ol ýerden ol birnäçe günde, haçparaz-latynlaryň goşuny düşlän Tire bardy. Şäher diwarlarynyň ýanyndaky şertleşilen ýerde ony Alaweddiniň şägirdi bolan meslekdeşi garşylady.
Ol Alydan kän uly eken. Olam edil Ala Alamutda berlen başlykly gara ýapynjalydy, onuň ýaragy bolsa agyr, ikelli saply gylyçdy. Onuň gödeňsiz ýüzünde duýgy düşnügi ýokdy, ýöne Aly onuň her bir hereketindedir sözünde asuda aýgydy syzýardy. Meslekdeşi oňa adyny aýtmady.
-Meniň zemini ismimiň indi hiç hili ähmiýeti ýok,-diýip ol hümürdedi:-Men şu gün jennetiň saýasyna girerin. Senem muny edip bilersiň, ýöne howlukma – ilki saňa latynlylaň ýolbaşçysyny ýoklamak gerek.
Aly elheder aldy, ýöne ol syr bermedi.
-Duşmanlara biz nirede hüjüm ederis?-diýip ol sorady.
-Şäher derwezesiniň golaýynda,-diýip meslekdeşi jogap berdi:-Şo ýerde şähere girýänlerden töleg alýan ýygym toplaýjynyň hütdügi bar. Latynlylaň baştutany şu gün ýerli ýepiskopyňka (isaýy baş ruhany), günorta naharyna çagyrylypdy, şoň üçinem ol şähere gün ýaşar uçurlary dolanar. Ol elbetde, töleg tölänok, ýöne barybir, garawullar germew haçjalaryny süýşürýänçä, şol hütdügiň deňesinde saklanar. Muňa bolsa kelemeýi-şahadaty iki sapar gaýtalamaga ýeterlik wagt gidýär. Men latynlyň ýanyndaky adamlara topularyn. Başagaýlyk başlanar. Şol pille sen öz zarbaňy urarsyň. Men hakda pikir etme, hatda men tarapa seretme-de, diňe öz nyşanaň hakda oýlan...
-Biziň eşigimiz sakçylarda şübhe döretmezmi?-diýip, Aly sorady.
-Ýok. Şu ýere isaýy ýurtlardan gelýän zyýaratçylaram edil şunuň ýaly geýinýär. Biz zyýaratçylaň jübti ýaly görneris. Esasanam eger-de özümizi gödek alyp baryp, her dürli ýürekbulanjy hokgalary goparsak. Indi bolsa ine şuny iý...
Onuň elinde iki sany ýukajyk, guraksy köke peýda boldy.
-Bu näme?-diýip Aly sorady.
-Bu jennetiň açary,-diýip meslekdeşi aýtdy:-Has takygy biziň jenabymyzyň öwredişi ýaly, açaryň kölegesi. Bir çörekçe seň üçin, beýlekisi maňa. Ony iýeniňden soň seniň bedeniň toprakda galar, ruhuň bolsa birnäçe wagtlyk asmany çarbagyň hut derwezesine golaýlar. Eger-de seň teniň ölse, sen şo bada behişde düşersiň.
Şol duran ýerlerinde olaryň her haýsy öz külçesini iýdi. Onuň tagamy ajymtyk-süýjüdi, Ala jennete girmezinden öňünçäsi iýen halwasyny ýatladýan täsin ýakymly ysy bardy. Şondan soň olar ýaraglaryny barlap, ýola düşdüler.
Ünsi çekmezlik üçin Aly bilen ýarany, latynla ýolýakadaky meýhanada saçak başynda garaşmagy müwessa bildiler, o taýdan şähere eltýän ýol gowy görünýärdi. Olardan başga içerde hiç kes ýokdy.
Ýarany uly golça şerap sargady-da, ony hyzmatçy meýhana giden dessine lagym ýapjagazyna eňterdi. Şondan soň bir sagatlap diýen ýaly olar toýun badalara boşlugy guýdular, ýöne hakykat-da welin, olar ýanlary bilen getiren mytaralaryndan diňe suw içdiler. Ýarany arasynda, Alyň indi “jenneti başdangeçirmeler” diýip atlandyryp biljek zatlary hakda uslypsyz aýdymy zowladyp başlaýardy, onuň bolşundan çürt-kesik aňyp bolmaýardy – ol ýa ussatlyk bilen serhoş sergezdana öýkünýär, ýa-da hakykatdanam özüne miýesser etmäge az galan eşreti öňünden syzyp, melul bolýar.
Jennet bolsa hakykatdanam eýýäm gaty ýakynjakdady – bu babatda Alyda şek-şübhe ýokdy. Onuň duýgulary bilen ýene-de şo hüýrler bilen duşuşykdaky ýaly syrly üýtgeşmeler bolup geçdi: uly we ikiçi, haýal we çalt, endikli we endiksiz zatlar ýerlerini çalyşdy, garyşdy, manysyny ýitirdi. Özüniň häzir hüjüm etmelidigi indi ony üýşendirmeýärdi – dogrusy, beýleki zatlardan beter elheder aldyrmaýardy, sebäbi şu pille hemmeje zat şeýlebir birmeňzeş aýylganç bolupdy.
Ine-de, ýolda kirşen göterildi. Ýarany oňa hiç zat diýmedi, diňe Ala gözüni göterdi-de, sähelçe baş atdy. Olar dikeldiler; ýarany hantagta kümüş teňňäni oklady-da, şäher derwezesine tarap haýdady. Aly ýoluň beýleki tarapyna geçip, şertleşişleri ýaly biraz garaşdy, soňam onuň yzyndan ugrady.
Wagt takyk ölçenipdi – olar şäher derwezesine atlylardan birazajyk öň golaýladylar. Aly öz pidasyny bada-bat tanady. Bu kireýke sowudyň üstünden gyzyl haçly ýapynja geýnen, dolmuş kişidi. Onuň uzyn altynsöw saçlary hem-de keltejigem sakgaly bardy – edil Alaweddiniň ony suratlandyryşy ýaly. Onuň yzyna eýerýänler on adama ýakyndy; latynlylar şadyýan hem elkindiler, olaryň hüjüme garaşmaýany mese-mälimdi.
Topar ýygym ýygnaýjyň hütdüginiň deňesinde togtady; sakçylar haçjalary ýoldan süýşürdiler, şol müddetem Alyň ýarany ýapynjaň astyndan gyljyny sogrup, atly juwanamerkleriň (pälwanlaryň) biriniň ädigine urdy. Zarba şeýlebir güýçlidi welin, ol aýagy üzeňňi bilen bilelikde çapyp taşlady. Betbagt çirkin gygyrdy; onuň oturan aty çarpaýa galdy-da, ony ýola zyňdy. Atlylar Alyň ýaranyny gabadylar, olaryň gylyjy oň ömür tanapyny üzmänkä ol ýene-de birin-ä öldürmäge, iki sanysynam maýyp etmäge ýetişdi.
Ýoluň beýleki tarapynda duran Aly, latynlylaň öňbaşçysynyň ýeke galandygy gördi – ol ürken atyny saklap, söweşiň gidişini synlaýardy. Garra meňzemek üçin ýagyrnysyny büküp Aly, howlukman onuň deňesinden geçmäge ýöneldi. Haçan-da atla bary-ýogy iki ädim galanda (latynlylar şo mahal onuň ýaranynyň tepbedini okaýardylar), Aly ýapynjaň aşagyndan iki kataram aldy-da, haçparazlylaň serdaryna topulyp, onuň goragsyz böwrüne – sowudynyň teňňeleriniň sepleşýän ýerine sokdy.
Latynlylar heniz öz jenaplaryna ölüm urgusynyň urlandygyna düşünibem ýetişmänkäler, Aly eýýäm ýoluň gyrasynda ösýän çitçitiň gyrymsylygynda ýitip gitdi. Oň içinde gizlenip, ol şäher diwaryna ýanaşyk duran agaç mynajathana garşy gybyrdyklap ugrady. Ol özüne Alamutda öwredilişi ýaly ýöräp barýardy – iki bükülip, jygba-jyglykdan daşraga tesmäge gyssanýan gartaşan adamyň ýöreýşi dek agsaklap. Eger-de hüjümden öň iýlen uçmahy külçe bolmadyk bolsady, ol megerem aýagaldygyna ylgap gaçyp giderdi. Emma häzir welin, onuň göwnüne esasy zat özüňi keýtik garry kimin duýmak ýaly bolup durdy, çünki eger-de onuň özi hakykatdanam muňa ynansa, onda özgelerem ynanyp, ony öz gününe goýjakdylar.
Ol agaçdan mynajathana baryp, onuň hapa basgançagyndan galmaga başlady. Diňe şonda ýeňsesinden: “Ine ol! Ine ganhor!” diýen gykylyklar eşidildi.
Ybadathana girensoň Aly özüniňkiň gutarandygyna düşündi. Ikinji çykalga ýokdy, penjireler bolsa öte beýikdedi. Ýeke-täk seždeçi binaň astynda, çokunyşhanaň öňünde ýüzin düşüp ýatyrdy – bu-da edil öldürilen haçparazyňky ýaly çypar saçly, ýaş zyýaratçydy. Aly göz ýetirdi – ol isaýy sema zikrinde ýatyr, şonuň dowamynda arwah-jynlar kapyrlara, olaryň köňlüniň asmany äleme göterilýändigini ynandyrýarlar. Zyýaratçy arkasyndan gelen sese üns bermedi. Şonda Alyň kellesine, şol jadyly külçesiz hiç wagt gelmejekdigi anyk, ýene-de bir pikir geldi. Ol öz ýapynjasyny çykardy-da, usully hereket bilen, gynlary içligine daňylan agyr katarlaryny hiç ýere degirmezlige çalşyp, ony ýatanyň üstüne ýapdy. Eger-de zyýaratçy nämedir bir zady aňşyranam bolsa, ol hiç hili yşarat etmedi.
Şondan soň Alyň diňe ylgap çokunyşhanaň arkasyna geçmäge we garaňky burçda gizlenmäge wagty galdy – dessine-de yzarlaýjylar ybadathana kürsäp girdiler.
-Bu ol!-diýip kimdir biri gygyrdy.
-Ony bärde öldürmäň,-diýip başga ses ýaňlandy:-ybadathanany gan dökmek bilen haramlamaň!
-Men günäkär däl!-diýip, ahyry serine gelen zyýaratçy gygyryp ugrady:-Men bärde irdenden bäri sežde edýän! Size menden näme gerek...
-Ine biziň jenabymyzyň ganyna boýalan pyçak!-diýip kimdir biriniň ýogyn sesi arlady.
Şondan soň garpyşygyň sesi, urgulardyr gykylyklar eşidildi.
Ondan soňra galmagal köçä geçdi. Aly hiç zat hakda pikirlenmezlige dyrjaşyp, yzyny üzmän kelemesini çöwürýärdi, çünki kazasy islendik pursat dolup biljekdi. Ýöne, birsalymdan gapyň aňyrsyndaky gopgun peseldi – çokunyşhanaň arkasyna göz aýlamak hiç kimiň kellesine gelmedi.
Aly garaşyp gijä ýetdi.
Haçan-da ol çokunyşhanaň yzyndan çykanda mynajathanaň işigi gulply eken. Oturgyjy diwara ýakyn süýşürip, Aly oň üstüne ýene-de birini goýdy, soň ýene birini, olaň üstüne özi dyrmaşybam, penjirä ýetdi. Ýere bökenden soň ol şäher diwaryndan terse ylgady. Ertesi gün ol ýalňyz atlyny talady, onuň atyny, puluny hem ýaragyny aldy – ýöne janyna degmedi.
Latyn serkerdesiniň öldürilmegi Mukaddes topragy gozgalaňa saldy, şo sebäpdenem Aly tötän saklawa pete-pet gelmezlik üçin, gijeleri ýol aşýardy. Gündiz ýatýardy. Öldürilen birje gezegem oň düýşüne girmedi, ýöne özüniň ölüme iteren zyýaratçysy welin, birnäçe sapar girdi. Nämüçindir şoňa haýpy gelýärdi, emma Aly bilýärdi, öz ölüminde onuň özi günäkärdi. “Kapyrlyk latynlylaň başyna ýeter,”-diýip ol oýlanýardy:-“eger-de şumat bolmasa-da, haçanam bolsa soň bir wagt, ýöne muň şeýle boljagy ikuçsyz...”.
Bir hepdeden soň ol Sidona ýetdi. O taýdan Alamuta çenli ýol alys bolsa-da, howpsuzdy.

***

Aly öz edermenligi üçin özüne serpaý garaşýandygyny aňýardy. Şeýle hem boldy. Ol jennetde özüne gelip, jadyly şerbeti içensoň, çarbaglyga çykanda oňa diýseň ýaşajyk hüýr garaşýan ekeni – oň ýaşy bolsa on üçdür. Aly onuň bilen söhbet etmäge synanyşdy, emma ol geplemsek däl ekeni, üstesine-de Pund ülkesinden getirilen gullar deýin sözleri tagaşyksyz ýoýup gürleýär.

Dowamy bar

Wiktor PELEWIN

2 лайков 163 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.