Bu zatlaň bary...


Bu zatlaň barysy kalbymy dilýär:
Nirede galdyň sen ejemiň öýi?
Hany geçen günler tozana çümen,
Kaýda sen, eý, öýsüz-öwzarsyz daýy?

Hany şäher kän zatlary berjekdi,
Berdi soňsuz gözýaş, gussaly şygyr.
Eger arzuwlarym paşmaýan bolsa,
Bir alaçsyz naçar bolanlygymdyr.

Awtobusda aglap goşgy ýazýaryn,
Meň näme ýazýanym kimiň nä işi?
Diýseň ullakandyr öýden adamlam -
Golaý barsam, sada obaly:ň düýşi.

Asmana meňzeýän arzuwlam bardy,
Ýöne ony kim bilýär?
Köçe. Oba. Tozan. Sypaýy köpek.
Bu zatlaryň bary kalbymy dilýär...

Suraý BABANYÝAZOWA.
1 лайков 154 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
yusupahmet12
03 авг 2022, 03:28
Suray Babanyyazowanyñ oran ozune cekiji shygyryet alemi bar. Onuñ heniz yashlygyna garamazdan dorefyan goshgylarynyñ okyjyny magnit dek ozune gonukdirishi akylyñy heyjana salyar. Shahyr gyzyñ tapmaca shekilli shygyr setirleriniñ arasynda busup yatan cuñ manyly we aylawly mazmuny oz ustunde okyjyny kän-kän oylanmaga alyp baryar. Onuñ belli ,, Kitapcy com" saydynda goyyan goshgylar toparynyñ ahmiyeti azy yaran shahyrlaryñ shygyrlaryndan kem däldir. Oñurak turkmen tele kanallarynyñ birinde Marydaky edebiyat birleshmesiniñ gidishini gorkezdiler. Arman, bashyragyny gecirip goyberipdirin. Shol edebiyat birleshmesinde internet ÿaÿlasynda adygan, gornukli shahyrlar Gyzylgul Annagylyjowa, Sapa Hommadow dagylar ajap goshgylary bilen cykysh etdiler. Sholaryñ arasynda Suray Babanyÿazowa-da ozuniñ gozel shygry bilen cykysh etdi. Men Babanyÿazowany, agramly goshgylaryna esaslanyp, yashy durugushan zenan machgala hasaplayardym. Emma,telewizorda onuñ janly shekilini gorup, sheyle yash gyzyñ sheyle gunt guyulan yaly, agras goshgylar doredishine hayran galdym.
Yetireniñize sag boluñ.