Durmuşy goşgy.
Goşgy bir gyzyñ başdan geçirmelerini, gürrüñ bermegi esasynda döredi.
Ganly ýaş akdyran, durmuşy waka...
Şahyr däl men, ýöne kalpda odum bar,
Dertlileriñ derdine em, gözlämsoñ.
Beýik däl men, ýöne ruhum tug kimin,
" Çözülmez " - diýilen, düwni çözlämsoñ.
Halkym derdin sözlär, ýeñletmek üçin,
Diñleýärin, bar ünsümi jem kylyp.
Niýetim, arzuwym hem baş maksadym,
Ýaşamak, armany kalplardan ýolup.
Ýazmak agyr düşýär, herne bolsa - da,
Ýazmaklygym zerur, durmuşy setir.
Belki, dogrulykdan heder edýänleñ,
Gursagyna, az kem şuglasyn elter.
Bir ýaş juwan, sözläp ajy günlerin,
Didelerme ganly göz ýaş getirdi.
Gaýgydan, gussadan garalan kalbyn,
Neneñ, azap çekenligin ýetirdi.
Söýen eken, yşgyñ ýolundan ýöräp,
Talyplyk bagtyna ýeten oglany.
Söýgüsi gün - günden has-da berkänsoñ,
Tapdym diýen, " bagtym üçin doglany ".
Gyzyñ barlygyna öwrülen oglan,
Assa ýuwaş asyl ýüzün tanadan.
Seretse daşyndan sada görünen,
Aslynda şeýtany dogan tutunan.
Iki ýyllap " söýýän " - sözüni diýip,
Oglan, ýalan wada berýän ekeni.
Her aýda, utanman gyzdan pul sorap,
Namartlarça, golun serýän ekeni.
Juwan gyz ýaryny söýeni üçin,
Isleglerne, hemişe kaýyl bolan.
Her gije, her gündiz şirin sözlerne,
Intizar eýleýip, ol maýyl bolan.
Emma ýalanlaryñ sany köpelip,
Ol gyzyñ bir güni gahary gelen.
Oglan bu pursatda, peýdasyn oýlap,
Gaty gören bolup, ýaryn terk eden.
Yzynda ganly ýaş döküp gözel gyz,
Ähli arzuwlaryn serinden kowan.
Oglan bolsa özge baý gyza duşup,
Ýene - de nebsiniñ işleri çüwen.
Şirnazar erkekdir, diýme hemmege,
Gyz oýnan erkekler, haýwança - da ýok.
Bir gün adam bolar, diýseñ ýalñyşýañ,
Adamlar, hiç haçan adam oýnanok.
Şirnazar Taganow
Ganly ýaş akdyran, durmuşy waka...
Şahyr däl men, ýöne kalpda odum bar,
Dertlileriñ derdine em, gözlämsoñ.
Beýik däl men, ýöne ruhum tug kimin,
" Çözülmez " - diýilen, düwni çözlämsoñ.
Halkym derdin sözlär, ýeñletmek üçin,
Diñleýärin, bar ünsümi jem kylyp.
Niýetim, arzuwym hem baş maksadym,
Ýaşamak, armany kalplardan ýolup.
Ýazmak agyr düşýär, herne bolsa - da,
Ýazmaklygym zerur, durmuşy setir.
Belki, dogrulykdan heder edýänleñ,
Gursagyna, az kem şuglasyn elter.
Bir ýaş juwan, sözläp ajy günlerin,
Didelerme ganly göz ýaş getirdi.
Gaýgydan, gussadan garalan kalbyn,
Neneñ, azap çekenligin ýetirdi.
Söýen eken, yşgyñ ýolundan ýöräp,
Talyplyk bagtyna ýeten oglany.
Söýgüsi gün - günden has-da berkänsoñ,
Tapdym diýen, " bagtym üçin doglany ".
Gyzyñ barlygyna öwrülen oglan,
Assa ýuwaş asyl ýüzün tanadan.
Seretse daşyndan sada görünen,
Aslynda şeýtany dogan tutunan.
Iki ýyllap " söýýän " - sözüni diýip,
Oglan, ýalan wada berýän ekeni.
Her aýda, utanman gyzdan pul sorap,
Namartlarça, golun serýän ekeni.
Juwan gyz ýaryny söýeni üçin,
Isleglerne, hemişe kaýyl bolan.
Her gije, her gündiz şirin sözlerne,
Intizar eýleýip, ol maýyl bolan.
Emma ýalanlaryñ sany köpelip,
Ol gyzyñ bir güni gahary gelen.
Oglan bu pursatda, peýdasyn oýlap,
Gaty gören bolup, ýaryn terk eden.
Yzynda ganly ýaş döküp gözel gyz,
Ähli arzuwlaryn serinden kowan.
Oglan bolsa özge baý gyza duşup,
Ýene - de nebsiniñ işleri çüwen.
Şirnazar erkekdir, diýme hemmege,
Gyz oýnan erkekler, haýwança - da ýok.
Bir gün adam bolar, diýseñ ýalñyşýañ,
Adamlar, hiç haçan adam oýnanok.
Şirnazar Taganow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.