Atama
ATAMA
Ak garadan köpem bolsa başynda,
Doga dogumyndan don geýendi ol.
Ýakynlary diýselerem: «Ir gitdi»
Ömür saly sekiz on geýendi oň.
Nesilleri dowam etdi yzyny,
Mellekleri galmady hiç takrab-a.
Bar bolanda ýer sürerdi mähriban,
Mizan ornun berip ýörkä akraba.
Täze goşgy ýazsam, nirde bolsa-da,
Tapyp, derrew gögererdim gaşynda.
Ýagşylygna görä ömür berilse,
Mydam bolmalydy elli bäşinde.
Eger gije suw tutulsa mellege,
Çirim etmän geçirerdi gijäni.
Ykbal neçüýn maňa rowa gördükä —
Şu ýaşdan soň atasyzlyk bijäni?!
Sülgün BAZAROWA.
"Garagum" žurnaly, 2021-nji ýylyň 12-nji sany.
Ak garadan köpem bolsa başynda,
Doga dogumyndan don geýendi ol.
Ýakynlary diýselerem: «Ir gitdi»
Ömür saly sekiz on geýendi oň.
Nesilleri dowam etdi yzyny,
Mellekleri galmady hiç takrab-a.
Bar bolanda ýer sürerdi mähriban,
Mizan ornun berip ýörkä akraba.
Täze goşgy ýazsam, nirde bolsa-da,
Tapyp, derrew gögererdim gaşynda.
Ýagşylygna görä ömür berilse,
Mydam bolmalydy elli bäşinde.
Eger gije suw tutulsa mellege,
Çirim etmän geçirerdi gijäni.
Ykbal neçüýn maňa rowa gördükä —
Şu ýaşdan soň atasyzlyk bijäni?!
Sülgün BAZAROWA.
"Garagum" žurnaly, 2021-nji ýylyň 12-nji sany.
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.