Goşgy
Meňki bol
Gün bolup ýoluňa şöhle saçaýyn,
Bagyňa ýakymly yslar seçeýin,
Durmuş kynçylygyn bile geçeýin,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Ýyldyz bilen bezäýin men gijäňi,
Men bereýin saňa bagt bijäňi,
Söýgüm üçin gurban etjek bu jany,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Suwsanyňda ýagyş bolup ýagaýyn,
Saýa bolup çynar başym egeýin,
Seniň üçin bagt çemenin bogaýyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Deň çekişip durmuş şatlyk gussasyn,
Aýaklaryň meň ýanyma gyssasyn,
Döredeli söýgiň ölmez kyssasyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Saçyň sypap geçen ýeller bolaýyn,
Ýykylsaň galdyrjak eller bolaýyn,
Seni taryp eden diller bolaýyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Söýgi bilen göwünleri çaglaly,
Aglamaly bolsak bile aglaly,
Bagtymyzy bir ömürlik baglaly,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Düýşlerime Girsene
Gözlerim ýoluňda goýduň söýen ýar,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Seni küýsäp ýürek bolmyş bikarar,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Utanyp söýgümi bilmedim aýdyp,
Sen menden kineler edersiň öýdüp,
Ýumsam gözlerimi hyýala gaýdyp,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Men seni söýýärin ýüregim berip,
Garaşýan ýoluňa gujagym gerip,
Bilmesemde seniň gül keşbiň görüp,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Gülüm söýýän seni mejnun mysaly,
Eýeledi keşbiň arzuw hyýaly,
Syratyňy görüp ezizlär ýaly,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Bilýärin sen meni söýersiň bir gün,
Ýar galmasyn kalpda kine ýa düwün,
Her dem jemalyňy küýseýär göwün ,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Ýyldyzlar nur saçan gijeler ýaly,
Köňül keşbiň görüp dynjalar ýaly,
Süleýmanyň kalby ynjalar ýaly,
Hiç bolmanda düýşerime girsene.
Süleýman Tekäýew
Gün bolup ýoluňa şöhle saçaýyn,
Bagyňa ýakymly yslar seçeýin,
Durmuş kynçylygyn bile geçeýin,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Ýyldyz bilen bezäýin men gijäňi,
Men bereýin saňa bagt bijäňi,
Söýgüm üçin gurban etjek bu jany,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Suwsanyňda ýagyş bolup ýagaýyn,
Saýa bolup çynar başym egeýin,
Seniň üçin bagt çemenin bogaýyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Deň çekişip durmuş şatlyk gussasyn,
Aýaklaryň meň ýanyma gyssasyn,
Döredeli söýgiň ölmez kyssasyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Saçyň sypap geçen ýeller bolaýyn,
Ýykylsaň galdyrjak eller bolaýyn,
Seni taryp eden diller bolaýyn,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Söýgi bilen göwünleri çaglaly,
Aglamaly bolsak bile aglaly,
Bagtymyzy bir ömürlik baglaly,
Ezizim bir ömür meňki bolup gal.
Düýşlerime Girsene
Gözlerim ýoluňda goýduň söýen ýar,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Seni küýsäp ýürek bolmyş bikarar,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Utanyp söýgümi bilmedim aýdyp,
Sen menden kineler edersiň öýdüp,
Ýumsam gözlerimi hyýala gaýdyp,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Men seni söýýärin ýüregim berip,
Garaşýan ýoluňa gujagym gerip,
Bilmesemde seniň gül keşbiň görüp,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Gülüm söýýän seni mejnun mysaly,
Eýeledi keşbiň arzuw hyýaly,
Syratyňy görüp ezizlär ýaly,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Bilýärin sen meni söýersiň bir gün,
Ýar galmasyn kalpda kine ýa düwün,
Her dem jemalyňy küýseýär göwün ,
Hiç bolmanda düýşlerime girsene.
Ýyldyzlar nur saçan gijeler ýaly,
Köňül keşbiň görüp dynjalar ýaly,
Süleýmanyň kalby ynjalar ýaly,
Hiç bolmanda düýşerime girsene.
Süleýman Tekäýew
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.