Adam ömüri nämä sarp bolmaly
Adam ömüri gaty gysga. Bu ömür örän tiz geçýär. Hiç zat bolman ömüri
ahyrlanyňda 80-90-a barmagyň mümkin. Ýogsa awaria düşüp, keselbent bolup,
durmuşda degerli hiç zat etmän ölüp ýörenler hem az däl.
Indi şujagaz gysga ömüri nähili geçirmeli, bu ömüri nämä sarp etmeli diýilýän
sorag aňy-huşy ýerinde bolan adamyň öňünde keserip diýýär.
Dogrydanam, ömüriňi nämä sarp etjegiňiz barada oýlanyp gördüňmi?
Ýöne ömüri belli bir zada sarp etmek maksadyny goýan bolsaň, bu maksady
kimden göçürip aldyň? Ýada göçürip almadyňmy? Eger göçürip almadyk bolsaň
onda sende şeýle ukyp, talant bar, şeýle dälmi?. Ýagny sen öz kelläň bilen
öz ýoluňy tapan adam we bu ýola öz ömrüni sarp edýän adam.
Ýöne hemmeler diýen ýaly hemişe başga birinden hemme zady göçürip ýöreýär.
Ýa men ýalňyşýanmy şeýle diýmek bilen!
Mysal üçin aýdymçylar birhili meňzeş aýdymlary aýydaýralr, kinoçylar
manysy biri-birine ýakyn kinolary döredýärler, birmeňzeş jaýlar gurulýar,
birmeňzeş wadalar berilýär. Meniň bu mysalyma näme diýip jogap berýäň.
Başga birinden göçüreniň öz gezeginde başga birinden göçürýär.Şeýdip
hemmeler biri-birinden göçürip şol bir umumy zada ömrüni sarp edýärler.
Ýöne sen eneden özbaşdak doguldyň. Şuny bir bilýäňmi özi. Bu nämäni aňladyp
biler. Bu barada oýlanyp gördüňmi? Haýsydyr bir pursat özüňe
men hemme däl diýdiňmi?
Ine, häzirki döwrümiziň esasy maksady we bu maksada biziň ömrümiziň uly
bölegi sarp edilýär.
-Köpräk pul tapmaly!
Köpräk pul tapmalymy ýada puldan hem wajyp zat barmy seniň üçin we ömrüňi şol
wajyp diýip oýlan zadyňa ömrüňi sarp etmekçimi?
Bu maksady sen özüň oýlap tapdyňmy?
Emma sen nähili edip hemmäniň ömrüni sarp etjek zadyndan bir özüň saýlanyp
çykyp bildiň.
Sen hem öz gezegiňde pul hemme zatdan wajyp diýseň näme bolar?
Diýmek, bu ömüriňi sarp etjek zadyň başga biriniň özi üçin oýlap tapan zady.Ýagny
pulyň hemme zatdan wajypdygy seniň oýlap tapan zadyň däl. Pula beýle ýokary
ady kimiň berendiginiň özi mälim däl!
Şeýle dälmi? Ýada men ýene ýalňyşýanmy? Meniň pikirimçe bolsa ýagdaý şeýle.
Sen bu dünýä gelip öz ýoluňy özüň tapmadyň.Bu ýoly gözlemdiň.
Aňsatja başga biriniň durmuşyny, ömrüni özüňe
kopiýa etdiň. Ýagny hemmeler pul diýip ylgaýar men hem pul diýip ylgabereýin
diýdiňde şöl azara galyp ýörsüň öz pikiriňi özüňe dogrylap hamala pul hemme zatdan
ýokary diýip. Aslynda bolsa her kim üçin bir zat ýokary. Atam-enem diýip ylgap
ýören bar, ýurdym-watanym diýip ezizläp ýörenler bar, söýgüli gyzym diýip
aglap ýörenlerem bar. Sen bolsa bir taraplaýyn ylgadyň.
Şu hili eden bolsaň sen indi öz ömrüň gadyryny bilýändirin öýüdýäňmi? Gysgaça
aýdylanda sen öz ömrüni öz eliň bilen oýnatga öwürmediňmi?. Dogrysy,sen bu dünýä
gelmedik adam ýaly dälmi.Bu dünýä üçin ähmiýetiň barmy?
Bu hili etmäne seni hiç kim mejburlamady. Bu diňe zähmet
çekmezden aňsat ýaşaýyş serişdelerine eýe boljak bolmagyň netijesi dälmi?.
Indi bolsa sözümi bu ugurdan dowam edeýin.
Adam öz ömrüni nämä sarp etmelidigi barada köp ýazylan. Emma bu ýazylanlaryň
birinide men saňa teklip etmäýän. Çünki her kim öz ömrüniň eýesi. Öz ömrüňi nämä
sarp etjegiňi özüň oýlanyp tap!.Tapmasaň hem ygtyýaryň. Seniň ömrüň manysy
hiç kimi gyzyklandyryp duranok. Şol sanda meni hem.
Men diňe bu aýydanlaryma goşmaça edip bereýin. Eger siz öz ýoluňyzy özüňiz
tapmasaňyz, ömrümi şu zatlara sarp edýin diýip maksat etmeseňiz tizara
siziň ýaly durmuşda ygyp ýörenleriň kime gerekdigini aýydaýyn. Öz durmuş ýoluny
özi tapmadygyň ýoly bu hyzmatkärlik. Olaryň güni ýallaklap gününi görmek.
Şu hili adamlary ýagny hyzmatkärleri gözläp ýörenler az däl.
Özäm mugt hyzmatkärleri. Galany özüňize bagly. Men güýjümiň ýetdiginden
durmuşa düşündigimi aýdyp berdim.
Hoş wagtyňyz!

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.