Käte şu rahatlyk birahat edýär, Gözlän wagtym ýitirmedik zadymy.

24 ýaş.
Gyşdan soň bahar bar, baharyň soňy,
Bary bir gün, ýaşap geçýär kebelek.
Men welin bir günem ýaşamok heniz,
Ýaşym bolsa ýigrim dört ýyl tegelek.

Durmuş meňki, ömür meňki bolsa-da,
Şunça ýylyň bir güni hem meňki däl.
Satyn alan goşgy kitabym ýaly,
Kitap meňki; bir goşgusam meňki däl.

Dem almaklyk ýaşadyk däl sebäbi,
Düşünmeseň ýaşaýyşyň maňzyna.
Juda rahat, ýaşap ýörin keýpine,
Ruhdan düşmän, düşüp dünýäň yzyna.

Käte şu rahatlyk birahat edýär,
Gözlän wagtym ýitirmedik zadymy.
Hem bilemok, gözläp ýörün nämäni:
Yşk, many, pikir…ýa “adam” adyny?

Ýetir meni! Meni, ýary Ýaradan!
Gözleýänme, ýardam goluň uzat-da!
Gözleýänmi ömür boýy tapmasam,
Diýmek menden bir ömürlik uzakda.

Musa Ýusup. 05.09.2016
13 лайков 348 просмотров
46комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 22 май 2022, 23:24
Bu gün mende-de awtoryňky ýaly duýgy ýüze çykdy. Gündiz oturup köp pikirlendim. Bu ýaşyma çenli näme etdim, näme başardym diýip, gynansak-da buýsanarlyk zat etmändigme göz ýetirdim. Otagym doly kitapdan, depderden. Olaryň ýekeje sahypasynda-da meň ýazan ýazgym ýok. Näme ýazan bolsam telefonymda. Bu telefonam bir gün meni terk etse, ýazanlarymdan aýrylanyma ahmyr edip ýaşamaly bolaryn.
Şu durmuşdan menem bir zat gözleýän. 1 asyryň 4-den bir bölegini, ýagny, tegelek 24 ýaşy dolduranam bolsam, gözlegim tamamlanmady. Ölmezimden öň bir ýoluň başyny tutup, şol ýolda adym we familýamyň galmagyny isleýän. Adamlara nepim degmegini isleýän. Elmydama ýagşylykda ýatlanmak isleýän.
Ýaşamak üçin ýaşaman, öňümde bir maksat goýup şol maksada ýetip arzuwlarymyň, maksatlarymyň netijesiniň lezzetini duýmak isleýän.
Telwas
Автор 22 май 2022, 23:28
Uzak pikirlenmeden soň, hemişeki ýaly internetden başdan geçirýän duýgyma görä goşgy gözleşdirip başladym. Şu Google bolmasa men kim bilen dertleşerdimkäm, meň dadyma kim ýetişerdikä?! Google ýaly çalt ýetişen bolasy ýok-la. Garaz gezip ýörkäm bu goşgyny tapdym. Duýgularymyň, pikirlerimiň terjimesi eken bu goşgy. Şoň üçin paýlaşaýdym…
Hiayress
22 май 2022, 23:38
Kitaplar näme üçin okalýarka diýip sorag berip gördüňmi?! Özünde durmuşymyza peýdaly informasiýany saklaýar. Özem dagynlyk halda her kitapda bir parça. Indi internet tory döredi we ähli kitaplardaky informasiýalary öz ýadyna geçirdi. Özem rejeli görnüşde. Indi geljekde ösüş diňe internet tory bilen çäklenermi ýada täze durmuşymyza peýdaly informasiýa saklaýan zözboluşly bir zat dörärmi?! Meň pikirimçe dörer, diňe bir döremegem dälde, täze durmuşymyza peýdaly informasiýany oýlap tapýan zat ýada zatlar dörär. Mysal üçin: akylly kompýuterler ýada Siri ýaly wirtual intellektler.
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:03
Oglanlar, size yaşyny duyduryar
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:11
Nairobi
Oglanlar, size yaşyny duyduryar

Oglanlar duýdurmasyzdan bilýändir-le ýaşymy.
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:12
Hiayress,
Dörär, dörär. Özüme berilýän sorag kän…
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:13
Nirvana,
bulary depip otlamaly itelemeseň gyza gurlejek zat dälle
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:30
Nairobi,
Gowuda şol. Zat diýseler nätjek?!
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:33
Nirvana,
seň bagtyňy açjak bolup azara galyan-la Hiayressi yerledik inni gezek seňki soň Belki
Hiayress
23 май 2022, 00:40
Nairobi,
Meni nirä ýerlediňiz ?
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:42
Nairobi,
Meni kime berjek bolýaň bu saýtdan? Barmy maňa taý? :)
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:44
Hiayress,
Boş otaglaň birine ýerländirler-dä. :))
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:44
Hiayress,
Serdar jana
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:45
Nirvana,
ozuň gowy bilyäň :)
Hiayress
23 май 2022, 00:45
Nirvana,
Allah, Allah...
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:46
Nairobi,
Aýdaýsana näz etmän. Bileňokmy meň hiç zat bilmeýändigimi?! :)
Hiayress
23 май 2022, 00:47
Nairobi,
Haýt sypatyň başyňy iýsin, senden derekli gepä eşitmejegimi bilýädimle. Ýene-de "Umyt diri, hemişelik gidemok" diýşi ýaly gyldan inçe tama badyda...
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:47
Nirvana,
bir döwur senden gabanansyrap yörenim
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:48
Hiayress
Nirvana,
Allah, Allah...

Gaharlandyňmy, ýylgyrdyňmy belli bolanok-da jora. Smaýlik ulanaý maňa ýazaňda. Şu wagt her söz urgy bolup degäýjek ýaly…
Hiayress
23 май 2022, 00:49
Nirvana,
Bolýahh...
Telwas
Автор 23 май 2022, 00:49
Nairobi,
Şoňa berjek bolýaňmy meni?
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:49
Hiayress,
way gül yaly oglan barywer şoňa kesäňden guwanyp yör holha
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:50
Nirvana,
hä bolanokmy?
Hiayress
23 май 2022, 00:50
Nairobi,
Indi näme üçin gabanoňok?! Ýa eliň degenokmy?!
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:50
Hiayress
Nairobi,
Indi näme üçin gabanoňok?! Ýa eliň degenokmy?!

Şertnamany bozdum
Hiayress
23 май 2022, 00:51
Nairobi,
Men gowusy gidip suraty göreýinle :))
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:52
Hiayress,
gözuň degäymesin oňa
Hiayress
23 май 2022, 00:55
Nairobi,
Öň nä günlük bilen baglanyşyldy ol şertnamalar. :((
Hiayress
23 май 2022, 00:56
Nairobi,
Aşa abartmasana kizzz
Leyli Amanowa
23 май 2022, 00:58
Hiayress,
Taryhy uzak