Durmuşy goşgy.

Söýenç bol

" Mert ýigit "- adyny alaýyn diýseñ,
Zalyma dert, ejizlere söýenç bol,
Ebedi bu atda galaýyn diýseñ,
Ýamanlyk köklerin, ýer ýüzünden ýol.

Ilki ynsan bolup soñ ýagşylyk kyl,
Gaharñy semretmän horlatmakny bil,
Syrdaşyñ mert bolsa salma ara gyl,
Zerury dörese uzat dostluk gol.

Geçmişdäki hatañ gynasa bu gün,
Sogaplarñy artdyr şat kylyp göwün,
Çözülmez diýmegin daş gatan düwün,
Her zadyñ ýoluny tapmaklykny bil.

Kalbyñdan öçürme dogrulyk şemin,
Köýdürmez alowlat, hiç goýman kemin,
Goç ýigit kalp ýarañ tapansoñ emin,
Melhemin hem tapyp, sagaltmaly bil.

Şirnazar, oýlagyn halkyñ bagtyny,
Köp sözläp almagyn gymmat wagtyny,
Döretmekni başar haklyk tagtyny,
Soñ dogryny oturt, eltme egri gol.

Şirnazar Taganow
0 лайков 102 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.