Ýalan
ÝALAN
"Eger-de bir adamy ölümden alyp galjagyñy bilseñ, ýalan sözlemäge idin berilýär".
(Dini taglymatdan)
Goşgy ýazdym:
Ýöne ýykdym kadany:
Dürs pikirler dömdi,
gitdim tersime.
Ylahydan gelýän ýowuz namany
Eýledim men döwre görä terjime!
Bolgar deý "Hawa" diýip başym ýaýkadym,
Sygan deý welilik satdym geljekden.
Men pitne pikirim dünýä ýaýmadym
Çekinip beýhuda janym bermekden.
Şonda-da "yrga" diýp urdular meni,
Çekip görüp pikirimi her ýana:
Ilki biçip - nesil öndür - diýdiler,
Ilki janym alyp - diýdiler - ýaşa!
Çyn ýazyp bolmaýar ýalan döwletde!
Çyn ýaşap bolmaýar!
Emma ýaşadym!
Nädeýin men, garyp göwnüm, göwün etme!
Gypjyn-gypjyn bolup halys ýadadym!
Ýalançy çyn!
Ýalan ýazsam neýlesin,
Ýalan döwrüň jadylanan şahyry:
Ýalan sözläp özüm halas eýledim,
Menem adam ahyry!..
Nobatguly REJEBOW.
"Eger-de bir adamy ölümden alyp galjagyñy bilseñ, ýalan sözlemäge idin berilýär".
(Dini taglymatdan)
Goşgy ýazdym:
Ýöne ýykdym kadany:
Dürs pikirler dömdi,
gitdim tersime.
Ylahydan gelýän ýowuz namany
Eýledim men döwre görä terjime!
Bolgar deý "Hawa" diýip başym ýaýkadym,
Sygan deý welilik satdym geljekden.
Men pitne pikirim dünýä ýaýmadym
Çekinip beýhuda janym bermekden.
Şonda-da "yrga" diýp urdular meni,
Çekip görüp pikirimi her ýana:
Ilki biçip - nesil öndür - diýdiler,
Ilki janym alyp - diýdiler - ýaşa!
Çyn ýazyp bolmaýar ýalan döwletde!
Çyn ýaşap bolmaýar!
Emma ýaşadym!
Nädeýin men, garyp göwnüm, göwün etme!
Gypjyn-gypjyn bolup halys ýadadym!
Ýalançy çyn!
Ýalan ýazsam neýlesin,
Ýalan döwrüň jadylanan şahyry:
Ýalan sözläp özüm halas eýledim,
Menem adam ahyry!..
Nobatguly REJEBOW.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.