Durmuşy goşgy.
Durmuş...
Zamanañ ahyry geldimi bilmen,
Mollalar aýatdan, gybada geçýär.
Gündiz molla bolup, törde oturan,
Gije ýeke galyp, meý - şerap içýär.
Aýtgyn goja dünýe bu ne ahwaldyr?
Düýnki nikalylar köçede entär.
Döwletli birini tapan mahaly,
Jübti işde wagty, öýüne eltýär.
Gözüm göreninde bulandy ýürek,
" Nas " - atly awyny atanda çaga.
Birsalym agzynda saklap bolansoñ,
Ýakymsyz närsesin, syçratdy baga.
" Adalat ýok " - diýme, döretjek bolgun,
Onuñ üçin kalp törüñe mertlik ek.
Belki ukudasyñ, oýanmak gerek,
Her işde, her ýerde, ýaşap arslan dek.
Şirnazar Taganow
Комментариев нет