"Köýnek"
Arzuwlar sadady, sadady göwün,
Çaga ýüreginde gam barmy eýsem.
Ol günlere kalbyn beripdir ömür,
Söýgi kemelmezmi tonnalap söýseň.
Ne bir ýasamalyk ne bir ýalan söz,
Unudylan ýurt deý uzakdy juda.
Biz üçin ajapdy gyş ýaz tomus güýz,
Hemme güni bagta besläpdi Hudaý.
Oýun oýnap üstlerimiz kirlese,
Mährem eje ýene ýuwar köýnegiň.
Köp zada ýetmezdi akyl bolmasa,
Şonda-da bilýärdik nämedigini,
Jandan söýmegiň.
Ýyllar ýekeledi elleri bilen,
Çaga ýüregmiziň duýgularyny.
Köpler ýalanlady sözleri bilen,
Şol tämiz dünýäniň dogrularyny.
Oýun oýnap şol kirleýän köýnegem,
Öňkülerden tämiz hem-de arassa.
Ýöne çagalygmyz çenäp barmagyn,
Bize diýýär wah neresse, neresse.
Belki munuň ýaly bolmazdam gerek,
Çaga duýgylarny ýürek duýsady.
Käşgä şol çaň basan göwüne derek,
Egindäki köýnek kirlän bolsady.
✏ Tirkiş Sapbyýew
Çaga ýüreginde gam barmy eýsem.
Ol günlere kalbyn beripdir ömür,
Söýgi kemelmezmi tonnalap söýseň.
Ne bir ýasamalyk ne bir ýalan söz,
Unudylan ýurt deý uzakdy juda.
Biz üçin ajapdy gyş ýaz tomus güýz,
Hemme güni bagta besläpdi Hudaý.
Oýun oýnap üstlerimiz kirlese,
Mährem eje ýene ýuwar köýnegiň.
Köp zada ýetmezdi akyl bolmasa,
Şonda-da bilýärdik nämedigini,
Jandan söýmegiň.
Ýyllar ýekeledi elleri bilen,
Çaga ýüregmiziň duýgularyny.
Köpler ýalanlady sözleri bilen,
Şol tämiz dünýäniň dogrularyny.
Oýun oýnap şol kirleýän köýnegem,
Öňkülerden tämiz hem-de arassa.
Ýöne çagalygmyz çenäp barmagyn,
Bize diýýär wah neresse, neresse.
Belki munuň ýaly bolmazdam gerek,
Çaga duýgylarny ýürek duýsady.
Käşgä şol çaň basan göwüne derek,
Egindäki köýnek kirlän bolsady.
✏ Tirkiş Sapbyýew
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.