“Neresse çaga deý aldandy duýgym...”

Kän mähire çoýdum, köp serdim Güne,
Ezilen ýüregmi guradybilmän.
Arryjak bir seg deý kösendim gezdim,
Ejizlän ýerimde gurda bildirmän.

Neresse çaga deý aldandy duýgym.
Haýran, indi söýüldimmi, söýdümmi?!
Düýn bir şemal ýaglyk deýin galgatdy
Meniň dagdan agramlydyr öýdenmi.

Kalbyň ynjar eken döwülip ynam
Hem ýakynlaň senden ýüzün öwürse,
Bildim günbatarda gowulyk ýogun,
Gün dogan wagtynda dodak çöwürseň.

Ýogsa artyk ýükem däldim illere,
Özüm çekip ýörerdim öz derdimi,
Ýa gam-gubur köp çökensoň göwnüme,
Aral deýin awundyrdym kendimi.

Wepaly dostum deý sadyk duýgular
Ga:ldylar göwnümiň sakçysy ýaly.
Çyg çeken ýüregim doly arzuwdan,
Garrap giden gyzyň bukjasy ýaly...


Merdan BAÝADOW
5 лайков 182 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Massimus
15 май 2022, 11:17
gowy goşgy, awtora üstünlik
- Dani
15 май 2022, 11:33
Massimus,
@Pegas agzaň her goşguly blogyna "gowy goşgy, awtora üstünlik" diýip kopýalap ýörsiň atuw başga teswir tapmadyk ýaly
Maksat
15 май 2022, 13:08
Salam, @Pegas agza erbet goşgy ýazanok onsaň gowa gowy diýmeli.
Menem diňe berekella şahyr aga diýýän.
- Dani
15 май 2022, 13:51
Bayker
Salam, @Pegas agza erbet goşgy ýazanok onsaň gowa gowy diýmeli.
Menem diňe berekella şahyr aga diýýän.

Поздравляю и желаю удачи в своих чтениях shlyapa
Aksary
15 май 2022, 19:20
Bu awtor gowy yazyan eken