Goşgy

Duýgulam şem bolup ýanyp gutarar, 
Nokady goýulman galar şygrymam. 
Ýene başym sallap ýola düşerin 
Ýadan aýaklarmyň äden ugruna. 

Tanap deý ýodalar äkider meni, 
Mährem gujagynda gizlär dereler. 
Hiç kim eşitmejek pyşyrdy bolup, 
Derdimi asmana aýdyp bererin. 

Şonda ýagyş ýagar, bulutlar üýşer, 
Şemal oýnar bulam-bujar saçlarym. 
Ak çägä ýaplanyp uklap galamda, 
Hydyr ata bolup girersiň düýşe. 

Alaçsyz men – duýgularma däl eýe, 
Kän kösenýän gelip bilmän aýgyda. 
Şygyr edip ýazyp ýörün täleýim, 
Gala gurýan öz daşyma gaýgydan. 

Aral deý çekilip, gutarar duýgym, 
Şygrym soňlap bilmän kösenerin men. 
Ýene başym sallap ýola düşerin, 
Derdimi paýlaşyp köçeler bilen. 

Aşyr HANOW.
1 лайков 132 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Humayun
Автор 31 янв 2022, 10:31
Цитата: Bagul_Atayeva
Şu şahyryň goşgular toplumy barmyka?

Kitaby bar. Kitaphana saýtynda.