Sen diňe synla...

Sen diňe synla...
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänimi, göwnümiňem synyşyn,
Ody öçürilmän galan çäýnek deý
Gaýnap-gaýnap, bar hasratyň dymyşyn...

Sen diňe synla...
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy...

Sen diňe synla...
Ýoly syryp barýan täsin ýalňyzy
Hem bu ýyllaň gazap bilen garradyp,
Güller ýaly soldurşyny ter gyzy...

Sen diňe synla...
Saňa ýat adamy, perişan haly...
Urunsa-da yraň-dyraň ugrugyp,
Sen diňe synla
Meň sensizem ýaşaýanmy, gülýänmi...


Ogulnur ATAÝEWA
4 лайков 218 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:39
Obadaş gyzymyzyň "Göwnümiň göwni" atly kitaby çykypdyr. Höwri, howry kän bolsun.
Telwas
15 май 2022, 13:40
Pegas,
Şeýle bolsun. Pdf görnüşi bar bolsa ugradaý.
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:41
Nirvana
Pegas,
Şeýle bolsun. Pdf görnüşi bar bolsa ugradaý.

Garaş, soraýyn hany.
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:51
Nirvana, bar eken. Özüne hem şu gün alýar eken. Ugradaryn diýdi maňa. Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)
- Dani
15 май 2022, 13:52
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:55
- Dani
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw

Hawa, altyndan.
- Dani
15 май 2022, 13:56
Pegas
- Dani
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw

Hawa, altyndan.



(Ýykyl dünýe,bas meni) atuw
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:56
- Dani
Pegas
- Dani
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw

Hawa, altyndan.



(Ýykyl dünýe,bas meni) atuw

Omyn.
- Dani
15 май 2022, 13:58
Pegas
- Dani
Pegas
- Dani
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw

Hawa, altyndan.



(Ýykyl dünýe,bas meni) atuw

Omyn.


Аминь-dir belki? aynekli
Pegas
Автор 15 май 2022, 13:59
- Dani
Pegas
- Dani
Pegas
- Dani
Menem saňa ugratmak hakda pikir edip görerin)


Pikir edip görerin??? Näme ol kitap altyndamy? pikirleneriň ýaly..... atuw

Hawa, altyndan.



(Ýykyl dünýe,bas meni) atuw

Omyn.


Аминь-dir belki? aynekli

Hawa, belki "ämin"-dir. Men "omyn" diýýän.
Esma
15 май 2022, 14:48
Ogulnura höwri köp bolsun diýýän. Höwes bilen okarys.
Esma
15 май 2022, 14:48
Sözi duýmak– ussatlygyň birinji şerti. Şol bolmasa–edebiýatam ýok.

(Kerim Gurbannepesow)