Mydar edýän ýürek bilen

Mydar edýän ýürek bilen
Müň ýamaly.
Aglasyň gelende aglap bilmeseň
Iň ýamany.

Aýaň, yşka duşmadygy
Synlap öň ýanany.
Aşyk ýöne ýere gysmaz
Galamy.

Undup bolýa ähli derdem,
Unutma ýok,
Dert salany.
Bar zat ýazgydyňa görä,
Pozup bilmersiň
Sen ony...

Noldan başlap ýene nola
Getirýän yşkyň jemini.
Bu bir durmuş kadasy
Görüp gelen ýok
Soňuny...

Çaklaýşymdan juda ýeser,
Gör, ony.
Mydama söýüp ýaşadym,
A sen meni?

Ogulnur ATAÝEWA.
5 лайков 171 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
Автор 15 май 2022, 14:29
[b] Alçajykdym ulygyzdym,
Jahyldy daýzamyň ogly.
Men, ynha öýmüze geldim,
Sen nirde, daýzamyň ogly?

Bu şeýle bolupdy telmem,
Partygmy alyp elimden.
Saýlap keşimiň öňünden
Çykardyň daýzamyň ogly.

Suw çekerdik çelek-çelek
Aňardym... bolşuň janserek.
Gum ýüzüne goşa ýürek
Çekerdiň, daýzamyň ogly.

Sen azajyk öwünjeňdiň,
Menem saňa göwünjeňdim.
Eýdip-beýdip göwünjigmi
Tapardyň,daýzamyň ogly.

Garaşdym netimden gaýtman,
Aýdaýmaly zadam aýtman,
Aýdylmasyz zady gaýtam
Otardyň, daýzamyň ogly.

...Edilensoň hülli-hülli,
Düşünýänsiň şindi-şindi,
Içi senli günler indi
Gutardy, daýzamyň ogly.

Ogulnur ATAÝEWA./b]
- Dani
15 май 2022, 14:31
Esma
[b] Alçajykdym ulygyzdym,
Jahyldy daýzamyň ogly.
Men, ynha öýmüze geldim,
Sen nirde, daýzamyň ogly?

Bu şeýle bolupdy telmem,
Partygmy alyp elimden.
Saýlap keşimiň öňünden
Çykardyň daýzamyň ogly.

Suw çekerdik çelek-çelek
Aňardym... bolşuň janserek.
Gum ýüzüne goşa ýürek
Çekerdiň, daýzamyň ogly.

Sen azajyk öwünjeňdiň,
Menem saňa göwünjeňdim.
Eýdip-beýdip göwünjigmi
Tapardyň,daýzamyň ogly.

Garaşdym netimden gaýtman,
Aýdaýmaly zadam aýtman,
Aýdylmasyz zady gaýtam
Otardyň, daýzamyň ogly.

...Edilensoň hülli-hülli,
Düşünýänsiň şindi-şindi,
Içi senli günler indi
Gutardy, daýzamyň ogly.

Ogulnur ATAÝEWA./b]



şulaňy hem bir mowzyk edip açsaň bolmadymy?
Esma
Автор 15 май 2022, 14:32
Bu goşgynam tema edip açyp bilmedim. Näme üçinkä, bilýäňizmi?
- Dani
15 май 2022, 14:33
Esma
Bu goşgynam tema edip açyp bilmedim. Näme üçinkä, bilýäňizmi?

Sen-de dereje ýoklygy sebäpli güniň dowamynda sanalgyja mozwyk açyp bilýäň, LIMIDIŇ dolanlygy sebäpli hem açyp bilen dälsiň onda
Esma
Автор 15 май 2022, 14:37
- Dani,
Zyýany ýok-la. Düşündireniňe sag bol.
- Dani
15 май 2022, 14:47
Esma
- Dani,
Zyýany ýok-la. Düşündireniňe sag bol.

düşündirenim üçin 10 manat alýan (şutka) swist
Aksary
15 май 2022, 23:27
Ogulnur döredijiligine hormat goýduryp bilýän zenan.awtoryñ ömri uzak bolsun.okadanyñyza Tañryýalkasyn.

Ýogsa_da, @Esma çildim öýtýän.
Esma
Автор 15 май 2022, 23:43
Aksary,
Köp sag boluň Aksary.
Ogulnuryň goşgularyndan "Ejem eken" "Garaşdym" "Garaş maňa bararyn" "Sen diňe synla" "Kaka" şu goýanlarymam, iň oňat görüp okaýanlarym. Gowy göremsoň ýatdan bilýänlerimem bar.