KIMKÄ?


Kimkä?

Pikir edýän durmuş hakda,
Ejizlänmem duýamok kä,
Öňde-soňda şu maňlaýa,
Täleýi ýazylan kimkä?

Kimkä meň ömürlik höwrüm,
Durmuş ýoly öwrüm-öwrüm,
Söýüp-söýüläýjek döwrüm,
Söýgüm bolup geljek kimkä?

Görksüz kalbym syrçalajak,
Ýalňyzlygmy parçalajak,
Dünýäm içre gunçalajak,
Gül açjak bagbanym kimkä?

Duýgyň diňe ot däldigni,
Ýa bir ýalan zat däldigni,
Dünýäň ajy öt däldigni,
Subut edip söýjek kimkä?

Duýmasa ýürek ýazarmy?
Ýazyp ýeňlenýär, ýalanmy?
Wah, meň söýgüden ýananmy,
Kemlik bilmän söýjek kimkä?!

Ogulnur ATAÝEWA.
7 лайков 309 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
matematik
13 июн 2022, 23:33
Kimkä?
Hiayress
13 июн 2022, 23:39
"Ejizlänmem duýamok kä,"

Harp ýalňyş barmy ýada men düşünemok. :(

"Gül açjak bagbanym kimkä?"

Bagban gül açýamy ýada bagbanyň elinde güller açýar?!

Gynansagam ýaman ejizje goşgy eken. Şahyr (iki sözüň başyny çatanam şahyr boldy) ýaşdyr, görjegi öňdedir diýip umyt edýän.
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:42
Çyn söýgi bar diýse biri,
Meniň yşanasym gelýär.
Hemem bar güýjümi jemläp,
Söýgä düşünesim gelýär.

Kyrk ýylda bir kitap berip,
Atajan Tagan eline,
Şindem kalba dyzaýarmyň,
Öwrülip Serwi geline.

Duýgy berip ýaş ýürege,
Gussa bolup syrapmydyň,
Bagtyň suratyny çeken,
Şahyr Kakamyratmydyň?!

Ýollaryň soňy heýhatly,
Ha güýçli, ha kuwwatly,
Ýüregi Seýitmyratly,
Del goşgular senmiň söýgi?!

Ýar ala gözi aldajy,
Eý ýeriň serwi agajy,
Nobatgulyň bir alajy,
Selbi bolup gelgin söýgi.

Ykbal içiňden burmasyn,
Naçar ýüregiň urnasy,
Gülşiriniň “Ak durnasy”,
Sendiň, sendiň, sendiň söýgi!

Soragym bar, jogaby ýok,
Çawuş çakýar, Melekbibi,
Bilmeýärin meň gaşyma,
Näme bolup geldiň söýgi?

Ogulnur Ataýewa
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:44
KAKA

Bu günki gelen gudalar,
Şolardylar, şolardylar,
Oýlanmandym eger-eger,
Saňa agyr degdi kaka.

Gursagma düşüpdir dözüm
Tanamadym özüm –özüm,
“Ýaşlar habarlymyş” sözi,
Belent başyň egdi kaka.

Gepiň köpünden azy şu,
Meniň iň uly ýazygym,
Sen bagyşla öz gyzyňy,
Gyzyň şony söýdi kaka.

...Maňa diýmedik sözleriň,
Gözleriňden çogdy kaka,

Ogulnur Ataýewa
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:45
Ýazma diýmäň ýazaýmasa alaç ýok, Täleýinden gaçan ýokdur elenmäň. Günbe-günden jana ýaksa goşgusy, “Kämilleşýär balam” diýip begenmäň.

Ahyr goşgujyklar goşga döner-de,
Il içinde şahyr adyn alarlar,
Goşgy ýazylmasa ýanýandyr olar,
Olar goşgy ýazsa, ýanyp ýazarlar.

Ogulnur Ataýewa
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:51
Eje, eje, aý eje!
Sen meň üçin ýekeje...

Eje, eje, aý eje,
Maňa gyzym diý eje,
Bir mähriňden ganaýyn,
Şu ullakan dünýäde,
Meňem kimdir birine,
Gerekligmi aňaýyn,
Daýananym hemişe,
Uýluk bilen uýanym,
Bolmanda seň ýanyňda,
Zenanlygmy duýaýyn,
Başga hiç zat gerek däl,
Haýyş saňa diňeje,
Maňa gyzym diý eje.

Eje, eje, aý eje,
Maňa çagam diý eje,
Ýöne hasaba alma,
Ýygyrt atan ýüzümi,
Maňa çagam diýeňde,
Men çynlakaý özümi,
Duýup bilýän eýeli.
Seň-ä saçlaň agyny,
Meňem ýaşan ýaşymy,
Nämä gerek sanamak,
Sygmasam-da gujagňa,
Sypala-da başymy,
Eje, eje, aý eje,
Maňa çagam diý eje.

Eje, eje, aý eje,
Maňa tokar diý eje,
Aljyrasam durmuşda,
Gyssanaryn ýanyňa,
Adamlar öl dilinden,
Ot berýärler donuňa,
Ýene olar nämäni,
Ýelmeseler gomuma,
Hatda özüm bilmezden,
Bar diýjegim “waý eje”,
Sen şonda-da arkaýyn,
Mertdir balam çeker diý,
Eje maňa tokar diý.

Eje, eje, aý eje,
Maňa bir zat diý eje,
Darykýan hem gysylýan,
Şu durmuşdan basylýan,
Buýrulan soň asmandan
Nalamaryn ykbaldan,
Arasyny ýitirýän,
Küpür bilen şüküriň,
Bolmasam-da geleňsiz,
Düşünemok ahmal men,
Meniň akylym çatardan,
Durmuş juda geň eje,
Eje, eje, aý eje,
Maňa bir zat diý eje.

Ogulnur Ataýewa
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:52
Rigel
"Kimkä? Nirdekä? Şu wagt näme edýärkä?" diýip alada edýän diňe men däl ekenimdeý

Diňe sen däl :)
Telwas
Автор 13 июн 2022, 23:54
Men şeýle duýgy küýseýän,
Ýalan gatylmadyk bolsun,
Täleýime taý edilip,
Özgä çatylmadyk bolsun.

Uzagynda gögerenok,
Gelin kömelegiň höwri,
Men seň üçin ýaşamana,
Kaýyl ahyr galan ömri.

Ýekelik gysýar egnimi,
Halys ýazylasym gelýär.
Hem her säher seniň üçin,
Meniň bezenesim gelýär.

Durmuş ýoly kötelsiz däl,
Duýgudan güýç alýar zenan,
Armany aýralyk bolan,
Otda ýanyp, otda sowar.

Meň gözleýän duýgularma,
Ýalan gatylmadyk bolsun,
Täleýime taý edilip,
Özgä çatylmadyk bolsun.

Ogulnur Ataýewa
Massimus
14 июн 2022, 00:01
Nirvana,
Gursagma düşüpdir dözüm
Tanamadym özüm –özüm,
“Ýaşlar habarlymyş” sözi,
Belent başyň egdi kaka.


Öz döredijiligiňmi? Örän çeper ýazylan, duýguçyllar goşgy ýazsa gowy çykýar özi, olar okyjylaram duýgulandyryp bilýär. Başdaky goşgyňdan-a şular has gowy çykypdyr...
Hiayress
14 июн 2022, 00:01
Rigel,
Başga gyzjagazlar bilen söýüşip ýörendir, oçer ýetse, saňada geler. :))
Maksat
14 июн 2022, 07:13
Berekella brawo
Aksary
14 июн 2022, 08:03
Dünýäm içre gunçalajak,

Ýokarky setirden aşak düşende"gül açjak"dan soñ otur düşürlen bolsa many taýdan dogry bolarmdymyka diýýän
Aksary
14 июн 2022, 08:05
Ýöne kämillige golaýlan gyz