Meniñ gelnim (Kerim Gurbannepesow)

Meniň bir gelnim bar.
Şeýle bir gelin –
Beýle ajap gelin dünýäde ýokdur,
Şeýle bir naharlar bişirýär welin,
Kekre-de oň ýanda tagamlyrakdyr.
Aş bişirse – şerebedir şerebe.
Çapady bişirse – duran bir daşdyr.
Emma özi weli şeýle görmegeý.
Özümem ýaş weli,
Gelnimem ýaşdyr.
Unaş bişirende – belkesi hamyr,
Palaw bişirende – deň-ýary kesmek.
Çörek bişirende ýüzi gül-güldür,
Deň-ýarysy küldür,
Deň-ýary kesek.
Çişlik bişirende – deň ýary kömür,
Börek bişirende – öt ýaly ajy.
Emma ýüregi bar duran bir göwher,
Dilleri bar weli,
baldanam süýji.
Mundan öňki ömrüm biderek eken,
Indi üç ýyl bäri tukat günüm ýok,
Gaýgy, gussa hasrat diýilýän zatlaň
Adyn eşitsem-de, özün bilemok.
Seýle bir bälçik ol,
bir söz diýdigi
Adam bary burlup,
Şol güler ýatar.
Üç ýyl bäri garnym gyzyl aç weli,
Şonda-da gaharym gelenok beter.
Ýeri, nädip oňa gaharym gelsin,
Ýüzüne gyňralyp bakan mahalym,
Bir bälçigin aýdyp goýberýär welin,
Şo bada güm bolup gidýär gaharym.
Onsoňam, diňe bir bälçikligi däl,
Dökülýär elinden şeýle bir dürler –
Çeken keşdesini gören adamlar
Başyn ýaýkap,
ýaýkap,
ýaýkap giderler.
Alçaklyk, bälçiklik, eli çeperlik
Gyzlar üçin juda gerekdir welin,
Jan eneler, käte gyzlaryňyza
Nahar bisirmänem öwredeweriň.
6 лайков 196 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
- Dani
15 май 2022, 14:47
Goşgy-da gelniň otrisatel taraplary agzap geçilenini halamadym
Esma
15 май 2022, 15:02
Çeper edebiýatyň dili beýleki edebiýatlaryň dilinden özüniň obrazlylygy bilen tapawutlanýar.Şol obrazlylyk arkaly bolsa çeper eseriň dili aýratyn täsirli bolýar: duýgyny oýarýar, şatlandyrýar, gamlandyrýar.Şeýle etmek üçin bolsa, çeper eseriň diliniň düşnükliligi, sadalygy juda zerur.

(Kerim Gurbannepesow)
Esma
15 май 2022, 15:20
Durmuşy öwrenmek talanty suwarýar, onuň köküni çuňlaşdyrýar, şahalaryny berkleşdirýär, tutuş kaddyny dogumlandyrýar. Durmuşdan üzňe talant näçe güýçli bolsa-da, kem-kemden guramak bilen bolýar.

(Kerim Gurbannepesow)
Babahanowa_g
15 май 2022, 19:19
Kerim Gurbannepesow turkmen edebiyatynda in uly yz galsyran sahyrlaryn biri
?????
Hiayress
15 май 2022, 22:05
Babahanowa_g,
Şahyryň aýagy uly boldumyka beýle?! :D
Babahanowa_g
15 май 2022, 22:50
Hiayress,
???
Ayjahan
29 май 2022, 19:08
Gelni nahar kän bişirip bilýän däldir-dä! ?