"Bir gyz çykar weli - öperdim şapba..."
Häli-şindi degişip, bälçireşip ýören ýaş tankytçy dostlarymyň biri öýümize myhmançylyga geldi. Men oňa şeýle diýdim: "Hany, ynjalyklyrak otur. Men häzir saňa heniz gyly gyrylmadyk, täp-täzeje bir goşgymy okap bereýin. Özem söýgi hakynda!" Ol: "Oka!" diýdi. Men okadym.
... Gelsene! Basymrak gelsene, totym!
Men seň ýürejigiňe belet ahbetin.
Jögüsirän bolma! Gynama munça,
Senem öpüşmegi söýýäň-ä mençe.
Posaň nämedigini bilýärmiň, onsoň?
Gel, men öwredeýin bilmeýän bolsaň.
Öwredeýin saňa, bäri gel, bäri -
Ýaşajyk okuwçy döwrümden bäri,
Hawa, hut çagalyk günlemden beýläk,
Posanyň ugrunda kän boldum heläk.
Gyzlar gelýändirler mekdepden çykyp.
Menem durandyryn gapyda bukup.
Bir gyz çykar weli - öperdim şapba.
Ýokdy öpüşmäge men ýaly ökde...
Tankytçy dostum agras ýylgyrdy-da şeýle diýdi: "Munuň ýaly suwjyk zatlar nämä gerek?" Soňra bolsa meniň öýkelemegimden çekinýän ýaly, sypaýyçylyk bilen sözüniň üstüni doldurdy: "Sen eýýäm tanalýan şahyr. Ýazýan zatlaryňy tutuş il okap ýör. Şeýle-de bolsa sen mahal-mahal şeýle goşgulary ýazaýýarsyň. Beýle diýsem, göwnüňe hiç zat getirme. Ýöne munuň ýaly suwjyk zatlary ýazmajak bol. Bu zeýilli goşgular hiç kime gerek däl!"
Beren maslahaty üçin oňa minnetdarlyk bildirdim. Çaý içdik. Nahar iýdik.
Onuň hiç kime gerek däl diýýän goşgusynyň beýik wenger şahyry Şandor Petefiniň goşgusydygyny weli aýtmadym.
Kerim GURBANNEPESOW
(Näme diýseňem tankytçy mamla. Gyz-oglanyň arasyndaky pynhanlyk, pynhanlygyna galsa ýagşy. Belli awtoritetiň ýaş wagty eden bozgakçylygam Kerim aga ýaly öz bozgakçylygyny aklamana synanyşýan adamlar üçin gerek bolaýmasa, zerurlygam, peýdasam ýok)

12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.