Söýgi näme ?
“Söýgi näme?” diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn”.
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem Özüň bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal
”. “Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşlym.
Men ozal dünýäde Iň uly guşdum”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men… Ynha, Söýgi men!..”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi Guçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başga!”
Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn”.
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem Özüň bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal
”. “Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşlym.
Men ozal dünýäde Iň uly guşdum”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men… Ynha, Söýgi men!..”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi Guçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başga!”
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.