Söýgi näme?
“Söýgi näme diýip?” soradym Taldan
Ol diýdi: “ Söýgimi giderip goldan,
Örtenip miwesiz galdym men guzym
Inni miwäm ýok-da
Boýum bar uzyn”
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan,
Hoz diýdi: “Ýenilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady çürüşdi maňzym,
Ondan beýlesinem
Özün bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara Garga,
Ol diýdi: “ Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men bişirdi hazan,
Edil pamyk ýaly
Ak guşdym ozal”
“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym,
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdym”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä
(Pikirini bilmek aýyp zat dälä)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men ,men...
Ynha, Söýgi men”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza
Diýdi: “ Söýgi meniň edebim, haýam
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr
Söýgi bir başga!”
Ol diýdi: “ Söýgimi giderip goldan,
Örtenip miwesiz galdym men guzym
Inni miwäm ýok-da
Boýum bar uzyn”
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan,
Hoz diýdi: “Ýenilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady çürüşdi maňzym,
Ondan beýlesinem
Özün bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bir gara Garga,
Ol diýdi: “ Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men bişirdi hazan,
Edil pamyk ýaly
Ak guşdym ozal”
“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym,
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdym”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä
(Pikirini bilmek aýyp zat dälä)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men ,men...
Ynha, Söýgi men”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza
Diýdi: “ Söýgi meniň edebim, haýam
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr
Söýgi bir başga!”
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.