Söýgi näme?
«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».
«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»
«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».
«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».
«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»
«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»
«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»
Kerim Gurbannepesow
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».
«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»
«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».
«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».
«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»
«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»
«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»
Kerim Gurbannepesow
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.